Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Ösüşlere beslenýän ajaýyp zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary we ýadawsyz aladalary bilen ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, okamagy, dynç almagy, Watana, il-güne peýdaly, ruhy hem beden taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmegi üçin ägirt uly işler amala aşyrylýar. Muny hormatly Prezidentimiziň: «Çagalaryň bagtyýarlygy Watanymyzyň buýsanjydyr. Biziň amala aşyrýan her bir işimiz, belent tutumlarymyz köňüllerimiziň guwanjy bolan şadyýan çagalarymyzyň bagtly geljegine gönükdirilendir» diýen sözleri hem aýdyň tassyklaýar.
Bagtyýar ýaş nesillerimizi pederlerimiziň asylly ýol-ýörelgeleri, edep-terbiýe kadalary esasynda terbiýeläp ýetişdirmek hem häzirki wagtda döwlet derejesinde esasy üns berilýän ugurlaryň biridir. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplaryndan ugur almak, şolara salgylanmak çaga terbiýesi bilen iş salyşýan her bir adam üçin möhümdir.
Çagalaryň we ýetginjekleriň gatnaşmaklarynda edep-terbiýä gönükdirilen wagyz-ündew çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi-de zamanamyzyň ajaýyp hem-de öz oňyn netijelerini berýän asylly däbidir. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher zehinlerinden dörän gymmatly kitaplarynyň esasynda edepliligiň, halallygyň, arassa ahlaklylygyň türkmen halkymyzyň asyrlar boýy esasy ýörelgeleri bolup gelýändigi, zyýanly endiklerden daşda durup, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegiň her bir çaganyň, ýetginjegiň borjudygy hakyndaky gürrüňlere wagyz-nesihat çärelerinde aýratyn ähmiýet berilýär.
Ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagyny, hünärli adamlar bolup ýetişmegini gazanmak ýurdumyzyň milli kanunçylyk namalarynda hem öz beýanyny tapýar. «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny we beýleki kadalaşdyryjy resminamalary munuň subutnamasy hökmünde görkezmek bolar. Olar eziz Diýarymyzda hemmetaraplaýyn kämil, sagdyn nesli terbiýeläp ýetişdirmekde uly tutumlaryň durmuşa geçirilýändiginiň güwäsidir.
Bilşimiz ýaly, häzir çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Ýurdumyzyň ajaýyp Gökdere jülgesindäki, Hazaryň türkmen kenarynyň jähegine öwrülen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky, welaýatlarymyzdaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde döredilen şert-mümkinçilikleri göreniňde-de, ýaş nesiller hakynda döwletimiz tarapyndan edilýän aladanyň dünýä nusgalykdygyna göz ýetirýärsiň. Şol ýerlerde dynç alyp, wagtlaryny şadyýan hem peýdaly geçirýän çagalaryň şatlykly, gülki sesleri bolsa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp mukamy bolup ýaňlanýar.
Perman SAPAROW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň durmuş syýasaty
baradaky komitetiniň baş hünärmen