Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
05.07.2024

HALKLARY BIRLEŞDIRÝÄN GYMMATLYKLAR

 

Magtymguly atamyzyň: «Ýagşa dost köp, ýaman bolsaň, ýok gardaş» diýşi ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürip, halklaryň arasynda dostluk köprülerini gurýar. Dostanalyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän Diýarymyzyň iri halkara guramalary bilen gatnaşyklary-da barha işjeň häsiýete eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň abraýly halkara düzümleriň çäklerinde geçirilýän ýokary derejedäki duşuşyklara, şol sanda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň mejlislerine yzygiderli gatnaşmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. 

Biziň ýurdumyzy Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletler bilen dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Hoşniýetli erk-isleg, taryhda emele gelen medeni, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy bu gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin ygtybarly binýat bolup çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiziň ŞHG-ä agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň geçen ýyl sanly ulgam arkaly geçirilen 23-nji mejlisinde eden çykyşynda bu barada: «Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklar Türkmenistan üçin halkara hyzmatdaşlyk strategiýasynyň möhüm bölegi bolup durýar. Bu guramanyň agzalary, oňa synçy hökmünde gatnaşýan ýurtlar Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşlary, goňşulary we dostlarydyr. Şoňa görä-de, bu gurama bilen gatnaşyklary ösdürmäge biz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek diýip düşünýäris» diýip belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şol çykyşynda kiberhowpsuzlyk we biohowpsuzlyk ulgamynda syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy ýola goýmak, täze yklymara we sebit üstaşyr ulag geçelgelerini döretmäge, bar bolanlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen logistika işiň amatly usulyny emele getirmek; energiýa serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek boýunça bilelikdäki taslamalary meýilleşdirmek arkaly yzygiderli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk üçin şertleri döretmek, ýokary tehnologiýalar ulgamynda netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin binýady döretmek, howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak, ekologiýa babatda bilelikdäki işleri utgaşdyrmak bilen baglanyşykly öňe süren teklipleri oňa gatnaşyjylar tarapyndan uly seslenmä we goldawa eýe boldy. Munuň özi ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýynyň barha artýandygynyň buýsançly görkezijisidir. 

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlar bolan Hindistan, Eýran, Gazagystan, Hytaý, Gyrgyzystan, Pakistan, Russiýa Federasiýasy, Täjigistan, Özbegistan bilen ykdysady, maýa goýum, ulag, energetika we beýleki ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlykda Garaşsyzlyk ýyllary içinden toplanan oňyn tejribeler ösüşiň täze gözýetimlerini açýar. Bu babatda goňşy Gazagystan bilen giň gerimli gatnaşyklarymyza hem uly orun degişlidir. Iki dostlukly halklaryň taryhyň gatlaryna siňip gidýän gatnaşyklaryna nazar aýlanyňda, umumy gymmatlyga öwrülen mirasymyzyň bardygyna göz ýetirse bolýar. Bu babatda Magtymguly Pyragy, Abaý Kunanbaýew ýaly söz sungatynyň ägirtlerine iki halk tarapyndan goýulýan çuňňur hormat aýratyn bellärliklidir. 

Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsinde türkmen halkynyň ruhy dünýäsi, durmuşy aýdyň beýanyny tapýar. Ol setirler islendik halkyň wekiliniň-de kalbyna aralaşyp, durmuş ýolgörkezijisine öwrülýär. Akyldaryň çuň manyly şygryýeti dünýä halklarynyň ýüreginden barha giň orun alýar. Dostlukly gazak halkynyň Pyragynyň dünýäsine seýranynyň gözbaşlary bolsa asyrlaryň aňyrsyna alyp gidýär.

Akyldar şahyryň dünýä halklarynyň kalbyndaky ornuna bagyşlanyp geçirilýän ylmy maslahatlar, çäreler, dabaralar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda yzygiderli häsiýete eýe bolýar. Ýakynda Türkmenistanyň Mejlisinde hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Halklary birleşdirýän taryhy we medeni gymmatlyklar» atly sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýörite maslahat geçirildi. Parlamentara hyzmatdaşlygyny dabaralandyrmak, parlamentler derejesinde dostlukly döwletara gatnaşyklarymyzy goldamak, halklarymyzy ýakynlaşdyrýan taryhy, medeni gymmatlyklarymyzyň ähmiýetini bellemek hem-de özara tejribe alyşmak maksady bilen geçirilen maslahata dünýäniň dürli sebitlerinden parlamentlere wekilçilik edýän, halkara meselelerde, parlament işinde uly tejribesi bolan ylym, bilim, medeniýet babatda ugurdaş komitetleriň ýolbaşçylary, BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň — ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, ÝUNESKO-nyň Almatadaky Sebitleýin edarasynyň direktory hem-de Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary gatnaşdy. 

Bu günki gün akyldar şahyrymyzyň pelsepewi pikirleri türkmen edebiýatynyň şöhratyny, watançylyk ruhuny belende galdyryp, diňe milli däl, eýsem, dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrüldi. Häzirki döwürde şahyryň asyrlar geçse-de, gymmatyny ýitirmeýän goşgulary Garaşsyzlygyň, hemişelik Bitaraplygyň halk bitewüliginiň, parahatçylygyň, agzybirligiň joşgunly senasy bolup ýaňlanýar. Ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň adynyň, döredijiliginiň hukuk goragyny üpjün etmek bilen bagly milli kanunçylyk yzygiderli kämilleşdirilýär. Şu ýylda «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi hem bu işleriň aýdyň görkezijisidir. Ýurdumyzyň kanunçylyk tejribesinde ilkinji gezek kabul edilen bu hukuknama Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden we toplan ruhy-maddy gymmatlyklaryny, durmuş gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän ýörelgeleri barada ylmy taýdan esaslandyrylan pähim-paýhasly pikirlerinden ugur alnyp taýýarlanyldy. 

Magtymguly Pyragy öz döredijiliginde halk güýjüniň agzybirlikdedigini, Watanyň güýjüniň bitewülikdedigini, ynam hem dostluga ýugrulan goňşuçylyk gatnaşyklaryň ylalaşyga, asudalyga eltýänligini nygtaýar. Bu bolsa türkmeniň milli diplomatiýasy üçin mizemez hakykatdyr, aýdyň ýörelgedir. Ýakynda geçirilen ýörite maslahatda hem sebitiň we dünýäniň halklaryny birleşdirýän medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmekde taryhy şahsyýetlerimiziň, şahyrlarymyzyň we akyldarlarymyzyň ömrüni we edebi mirasyny öwrenmekde, toplamakda, geljekki nesillere ýetirmekde hem-de dünýä ýaýmakda parlamentleriň öňünde durýan wezipeler barada gürrüň edildi. Bu babatda Azerbaýjan Respublikasy, Eýran Yslam Respublikasy, Gazagystan Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Täjigistan Respublikasy, Türkiýe, Özbegistan Respublikasy bilen medeni-ynsanperwerlik ugurdaky gatnaşyklar hakda anyk mysallaryň üsti bilen durlup geçildi. 

Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň wekili maslahatda eden çykyşynda iki dostlukly ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwerlik ugurdaky gatnaşyklaryň parlament derejesinde goldanylýandygyny belläp geçdi. Birek-birekde Medeniýet günleriniň yzygiderli geçirilýändigini, Magtymguly Pyragy, Abaý Kunanbaýew ýaly söz ussatlarynyň baý döredijiliginiň türkmen, gazak halklary tarapyndan yzygiderli öwrenilýändigini guwanmak bilen nygtady. Maslahatda edilen çykyşlaryň ählisinde gözel paýtagtymyzdaky «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň halklaryň arasyndaky medeni köprüleri pugtalandyrmagyň nusgasyna öwrülendigi aýratyn bellenip geçildi. 

Dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň gerimini barha giňeldýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! 

 

Bahar SEÝIDOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet 

we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy.