Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
05.07.2024

DURMUŞ SYÝASATYNYŇ BAŞ MAKSADY

 

Maşgalanyň we eneligiň goldanylmagy, sagdyn nesliň kemala getirilmegi hem-de zenanlaryň hukuklarynyň goralmagy jemgyýetiň ösüş derejesiniň möhüm görkezijilerini kesgitleýär. Hormatly Prezidentimiziň bu babatdaky alyp barýan döwlet syýasaty ýurdumyzda her maşgalanyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagyny üpjün edýär. 

Hormatly Prezidentimiz milli döwletliligimiziň berkarar bolmagynda maşgala gymmatlyklarynyň sarpalanylmagyna aýratyn üns berýär. Hut şu maksatlardan ugur alnyp, Garaşsyz we hemişelik Bitarap döwletimiziň geljegi bolan bagtyýar nesillerimizi ynsanperwer, milletimiziň ruhy-ahlak ýörelgelerine ygrarly, zähmetsöýer ýaşlar edip ýetişdirýändikleri üçin eziz enelerimize aýratyn hormat goýup, sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen birnäçe eneler her ýyl Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolýarlar. 

Şeýlelikde, şu ýylyň özünde Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna ýurdumyzyň dürli künjeklerinden köp çagaly zenanlar hödürlenip, olaryň hersine Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksiniň talaplary esasynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan döwlet kömek pullaryny hasaplamak üçin binýatlyk ululygyň 10 esse möçberinde birwagtlaýyn pul baýragy berildi. Häzirki wagtda çaga seretmek boýunça döwlet kömek pulunyň möçberi her bir çaga üçin, onuň üç ýaşy dolýança, döwlet kömek pullarynyň hasaplanylmagy üçin bellenilen binýatlyk ululygyň 75 göterimi möçberinde bellenilýär. 

Şu ýylyň 24-nji fewralynda ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna kömege mätäç çagalara lukmançylyk hyzmatlarynyň berlendigi we olaryň ýagty geljege bolan umytlaryny pugtalandyrmaga bolan goşandy üçin güwänamanyň gowşurylmagy Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen bu merkeziň alyp barýan işine halkara derejede berlen ýokary baha boldy. 

Türkmenistanyň Maşgala kodeksine girizilýän üýtgetmeler we goşmaçalar döwletiň we onuň degişli edaralarynyň maşgala bitewüliginiň saklanmagyny hem-de çaganyň sagdyn we howpsuz gurşawda ösmegi ugrunda mynasyp şertleri üpjün edýän guramaçylyk-hukuk, durmuş-ykdysady çäreleri amal etmegiň hukuk esasy bolup hyzmat edýär. Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 3-nji maddasynda: «Maşgalany, eneligi, atalygy we çagalygy goramagyň döwlet kepillikleriniň bellenilmegi, maşgalanyň ykdysady taýdan özbaşdaklygynyň we onuň ähli agzalarynyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagy üçin şertleriň döredilmegi Türkmenistanyň maşgala kanunçylygynyň maksady bolup durýar» diýlip bellenilmegi, ýurdumyzda maşgala gatnaşyklarynyň kanun arkaly kepillendirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu kada maşgalada är-aýal, nika, emläk gatnaşyklarynyň kadalaşdyrylyşyny, çaganyň terbiýelenilişini, durmuş goraglylygyny, zerur ýaşaýyş şertlerini göz öňünde tutýar. 

Maşgala abadançylygyny saklamak, sagdyn nesli kemala getirmek bilen bagly jogapkärçilik maşgalada är-aýalyň ýa-da ene-atanyň borçlaryny ýüze çykarýar. Şol sanda milli kanunçylygymyzda, ýagny Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 88-nji maddasynda: «Ata-enäniň öz çagasyny terbiýelemäge, onuň indiwiduallygyny, ýaşyny we jynsyny nazara almak bilen, oňa hossarlyk etmäge, onuň saglygy, beden, psihiki, ruhy we ahlak taýdan ösüşi barada alada etmäge, zähmete taýýarlamaga, ony kanunlara, taryhy we milli däp-dessurlara sarpa goýmaklyga uýgunlaşdyrmaga hukugy bardyr we borçludyrlar» diýlip kesgitlenilmegi ata-enäniň öz çagalarynyň kadaly ösmegi üçin onuň saglygyny goramak, bilim bermek, akyl we beden ukyplaryny ösdürmek bilen bagly borçlaryny belleýär. Her bir ata-ene çagasyna öňden ýörelgä öwrülen milli gymmatlyklary çelgi edinip, perzendiniň jemgyýetçilik ýaşaýşyna ýaramly, ukyply şahsyýet bolup ýetişmegi bilen bagly jogapkärli wezipäni ýerine ýetirýär. 

Ýeri gelende bellesek, tomus paslynyň güneşli günlerinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde hereket edýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde ýaş türkmenistanlylaryň sapaly dynç almaklary we beýik zamanamyza mynasyp terbiýelenmekleri, sagdyn ulalmaklary üçin ähli şertler döredilendir. Munuň özi çagalygyň iň arzyly arzuwlarynyň hasyl bolýan mekanynda maşgala institutlarynyň döwlet bilen gatnaşyklarynyň has berkemegine mümkinçilik berýän şertlerdir. 

Berkarar döwletimizde her bir maşgalanyň bagtly, agzybir, bolelin, erkana durmuşda ýaşamagy ugrunda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda edilýän işleriň her biri ýaş nesillerimiziň geljegine, maşgalalaryň abadançylygyna, eziz Diýarymyzyň ösüşiň täze belentliklerine ýetmegine gönükdirilýär. 

 

Merjen BORJAKOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty 

baradaky komitetiniň hünärmeni.