Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
01.09.2023

HALKYŇ ABADANÇYLYGYNY NAZARLAÝAN MAKSATALAR

Milli Liderimiziň başlangyçlary bilen hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda asyrlaryň synagyndan geçen asylly, milli däplerimize eýerilip geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilýän çözgütler ýurdumyzyň ykdysadyýetini pudaklaýyn diwersifikasiýalaşdyrmak, ykdysady ösüşiň köpugurlylygyny gazanmak babatynda düýpli öňegidişlikler bilen birlikde, halk häkimiýetiniň ýörelgelerini hem häzirki zaman röwüşde kämilleşdirýär. 

Şunda asyrlaryň dowamynda milletimiziň ykbalyna, keşbine siňen milli gymmatlyklarymyzyň täze döwrüň ruhunda dowam etdirilmegine ähmiýet berilýär. Çünki millilik milletimiziň mertebesi, döwletlilik, ynsanperwerlik bolsa baş ýörelgämiz hasaplanylýar. Türkmen döwletliliginiň gözbaşynda halkyň ynsanperwerligi, döwletiň we raýatlaryň agzybirligi, olaryň özara täsiri hem-de hyzmatdaşlyk hereketleri durýar. Hukuk döwletiniň, şeýle hem raýat jemgyýetiniň esasy görkezijileriniň biri halkyň häkimiýeti, ýagny raýatlaryň döwletiň, jemgyýetiň durmuşyny dolandyrmaga giňden gatnaşmagynyň üpjün edilmegi bolup durýar. Munuň özi halkyň bähbitlerini şöhlelendirmek bilen, döwletiň we jemgyýetiň durmuşynda iň wajyp meseleleriň ýüze çykarylyp, olaryň çözgüdiniň tapylýan, täze ösüşlere ýetmekde kararlaryň kabul edilýän möhüm gurluşyny emele getirýär. Kabul edilýän şeýle çözgütleriň özeninde bolsa, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçiliginiň, döwrebaplygynyň hem-de her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen ýörelgeler aýdyň şöhlelenýär. Bu bolsa her bir adamyny öz ornunda döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Ata Watanymyzda dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürilip, halkymyzyň ynanyşmak, parahatçylyk söýüjilik ýol-ýörelgeleri rowaçlyklara beslenýär. 

Dünýäde Durnukly ösüş maksatlarynyň gazanylmagynyň ilerleýän döwründe ýurdumyzda milli ykdysadyýetiň kuwwatlanmagyna, tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylmagyna, ekologiýa abadançylygynyň deňagramly saklanmagyna ähmiýet berilýär. Şol bir wagtyň özünde, ýurtda azyk bolçulygynyň pugtalandyrylmagyna we ýerli önümçilikleriň hasabyna senagatyň çig mal serişdeleri bilen üpjün edilmegine önjeýli goşant goşulýar. Şunda döwletimiziň durmuş syýasatynyň depginli ösüşini üpjün edýän ulgamlarynda oňyn görkezijileri gazanmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Halkymyzyň sagdyn iýmitlenmegini gazanmak, durmuş taýdan üpjünçiligini gowulandyrmak, ilaty iş orunlary bilen üpjün etmek çygyrlarynyň esasy meseleleriniň çözülmeginde möhüm wezipeler ýerine ýetirilýär. Şeýle toplumlaýyn düzüm birlikleriniň depginli ösdürilmegi, Durnukly ösüşiň wajyp maksatlaryny amala aşyrmak ugrundaky meýilleriň öňegidişlikli ilerlemegine täsirini ýetirýär. 

Alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň ilkinjileriniň hatarynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzda ilatymyzyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we olary netijeli bejermek ugrunda meýilnamalaýyn çäreler giň gerim alýar. Ýurdumyzda keselleriň öňüni almagyň, anyklamagyň we bejermegiň dünýä tejribesinde ulanylýan täze innowasion usullary milli lukmançylygymyza ornaşdyrylýar. Ilatymyz elýeter hem-de ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün edilýär. Weteranlaryň we maýyplaryň, ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalaryň durmuş taýdan goraglylygy kepillendirilýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna näsag çagalara berilýän ynsanperwer kömekler giň gerim alýar. Keselleriň öňüni almak, maýyplygy azaltmak hem-de raýatlaryň ömür dowamlylygyny uzaltmak boýunça netijeli çäreler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň umumy ösüşi bilen bir hatarda, ýerli derman senagatynyň we lukmançylyk enjamlarynyň önümçiliginiň ösdürilmegi bilen bagly meseleler hem ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýar. Içerki bazarymyzy ýerli lukmançylyk önümleri bilen üpjün etmek bilen birlikde, onuň daşary ýurtlara eksporty hem artdyrylýar. 

Berkarar döwletimizde ynsanperwer syýasatyň maksatlaryny şöhlelendirýän raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini, durmuş goraglylygyny we iş üpjünçiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, her ýyl zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleriniň ýokarlandyrylmagy, döwlet býujetiniň çykdajylarynyň esasy böleginiň durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirilmegi döwlet syýasatynyň esasy ugruny düzýär. Şunda durmuş ähmiýetli harytlaryň we hyzmatlaryň bahalaryny hem-de nyrhlaryny düzgünleşdirýän adalatly nyrh syýasaty alnyp barylýar. Durmuş hyzmatlarynyň gerimi has-da giňeldilýär. Täze önümçilikleri ýola goýmak, iş orunlaryny döretmek, ilatyň iş üpjünçiligi ulgamyny kämilleşdirmek maksatnamalaýyn işlerimiziň özenini düzýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durnukly ösüşiň bähbidini ilerledýän toplumlaýyn çäreler ýurdumyzda ilatyň abadan ýaşaýşyny üpjün edýär. 

Halkyň we barha rowaçlanýan milli ykdysadyýetimiziň bähbidine il-ýurt, umumadamzat ähmiýetli çäreleri durmuşa geçirýän Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik başlangyçlary üstünliklere beslensin. 

 

Gurbanmyrat AŞYROW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.