Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň şanly wakalary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramynyň toýlanylýan günlerinde taryhy wakalara beslendi. 2023-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Arkadagly Serdarymyzyň maksatnamalaýyn çykyşlarynda ýurdumyzyň ösüşli taryhynyň esasy sepgitleri, ata Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýäde dabaralandyrmak ugrunda öňde durýan wezipeler aýdyň kesgitlenildi. Mejlisiň barşynda çykyş eden ýaşuly nesliň wekilleri ähli ildeşlerimiziň ýürek arzuwyny beýan etdiler. Ildeşlerimiziň erk-islegini nazara alyp, Türkmenistanyň Mejlisi hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesini — «Altyn Aý» altyn nyşanyny gowşurmak bilen, Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady dakmak hakynda karar kabul etdi. Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyňyz gutly bolsun, hormatly Arkadagly Serdarymyz!
Kerimguly GELDIÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,
Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin»
medalynyň eýesi.