Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
25.07.2024

ABADAN GELJEGIŇ AK ÝOLY

 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyllary ýokary zähmet ýeňişleri, şanly wakalary bilen şöhratlanýar. Bu hakykaty üstümizdäki -“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzyň guwançly sepgitleri, taryhy wakalary hem aýdyň subut edýär. Ajap eýýamymyzyň her bir gününde milli ykdysadyýetimizde gazanylýan ýokary görkezijiler mähriban Watanymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzda-da ösüş-özgerişli ýolumyza itergi berýär.

 “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer taglymatdan ugur alnyp durmuşa geçirilýän il-gün bähbitli işler bolsa, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň düýpli ýokarlanmagyna guwançly täsirini ýetirýär. Ýurdumyzda öňde baryjy tehnologiýaly ýokary öndürijilikli önümçilik kärhanalaryň gurluşygy giň gerime eýe bolýar. Şeýle bähbitli tagallalar medeni-durmuş maksatly binalardyr desgalaryň gurlup, ulanylmaga berilmegi bilen utgaşýar. Döwrebap ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, şäherçeleriň ulanylmaga berilmeginde bitirilen we alnyp barylýan giň möçberli işler guwanjyňy goşalandyryp, ýokary ruhubelentligi döredýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň çar künjeginde ulanylmaga berilýän ýaşaýyş jaý toplumlarynyň şu günüň talaplaryna laýyk gelýän ýokary hilli ýaşaýyş jaýlarynyň eýelerinde hoşallyk duýgusyny döredýär. Begendirýän ýerem, ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlaryny türkmen telekeçileriniň gurmagy başarýandyklarydyr. Ýene bir nygtamaly zat bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli beýik başlangyçlaryndan göz başly tutumly işleriň barha rowaçlanýandygydyr. 

Ajap eýýamymyzda türkmen halkynyň abadan geljege tarap aýdyň ýoly üstünliklere beslenýär. Muňa Türkmenistan döwletimiziň, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzyň ýeňişli gadamlary şaýatlyk edýär.

 

 Süleýman NURYMOW. 

Mary şäher ýaşaýyş jaý ulanyş müdirliginiň 

4-nji öý bölüminiň başlygy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.