Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
26.07.2024

HALK MASLAHATY — JEBISLIGIŇ GÖZBAŞY

 

Berkarar döwletiň täze eý ýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly beýik maksatlara ugrukdyrylan döwlet maksatnamalaryň, uzak möhletli strategik maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi ugrunda möhüm sepgitleri özünde jemleýär. 

Şu ýylyň 12-nji iýulynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde berlen hasabatlarda ýarym ýylyň dowamynda ýurdumyzyň makroykdysady görkezijileriniň, Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň girdejiler we çykdajylar böleginiň üstünlikli berjaý edilendigi beýan edildi. Bu görkezijiler türkmen halkynyň ýagty geljegi ugrunda «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatlar esasynda durmuşa geçirilýän işleriň üstünliklere beslenýändigini alamatlandyrýar. 

2024-nji ýylyň alty aýynyň jemine bagyşlanyp geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde berkarar döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň jemleriniň jemleniljekdigi, öňde duran möhüm wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygy barada aýtdy. Bu gymmatly sözler nobatdaky umumymilli forumyň ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm orna eýe boljakdygyny aňladýar. 

2024-nji ýylyň 20-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna gol çekdi. Karara laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Kararyň mazmunynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanyna Türkmenistanyň Mejlisi bilen bilelikde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek we ony geçirmek bilen bagly işlerde welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň halk maslahatlaryna guramaçylyk-usulyýet taýdan ýardam bermek we bu işleri utgaşdyrmak baradaky wezipeler kesgitlenildi. 

Şeýle hem welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary tarapyndan teklip edilýän jemgyýetçilik wekillerini hödürlemegiň Tertibine laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça jemgyýetçilik wekilleriniň sanawyny 2024-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanyna bermek bellenildi. 

Döwlet gurluşynyň türkmen nusgasynda döwletli tutumlary, il-ýurt bähbitli başlangyçlary ara alyp maslahatlaşmak üçin geňeş geçirmek, maslahat guramak milli däp-dessurlarymyzyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Şeýle umumymilli forumyň mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň toýlanýan günlerinde geçirilmeginiň aýratyn ähmiýeti bardyr. Şeýle taryhy seneleri şöhratlandyrmakda ilatyň ähli gatlaklarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda, öz teklipleri we ýürek buýsançlary bilen çykyş etmeklerinde geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine aýratyn orun degişlidir. Bu wekilçilikli forumda agzybirlikde sala salmak, geňeşmek arkaly çözgütleriň kabul edilmegi döwletimiziň, halkymyzyň ykbaly bilen bagly meseleleriň ählihalk goldawy bilen kabul edilýändigini alamatlandyrýar. Mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň toýlanylýan günlerinde, ýagny 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatyna zähmet sowgatlary bilen barylýar. Şonuň üçin milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda Prezident Maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri amal etmek ugrunda işler alnyp barylýar. Gallaçy daýhanlarymyzyň şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etmekleri pudaklaýyn zähmet ýeňişleriniň we ilatyň rysgal-berekediniň bolçulygyny alamatlandyrýar. Ak bugdaýyň bol hasyly halkymyzyň saçagynyň naz-nygmatlarynyň serweri hasaplanýan çöregiň ýokary hilli görnüşlerini üpjün etmegiň kepilidir. 

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan dünýäde iki gezek ykrar edilen Bitarap Türkmenistan öz içerki ösüşini üpjün etmek bilen bir hatarda, sebitde we dünýäde parahatçylygy, abadançylygy hem-de durnukly ösüşi gazanmak barada başlangyçlary öňe sürýär. Halk häkimiýetiniň wekilçilikli edarasy bolup çykyş edýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýetilen sepgitlere baha bermek bilen bir hatarda, ýurdumyzyň halkara abraýyny belende götermek ugrunda alnyp barylýan işlere hem salgylanylar. Türkmenistanyň parahatçylyk dörediji başlangyçlary Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda dünýä jemgyýetçiliginiň goldawy bilen kabul edilýär. Muňa ýurdumyzyň başlangyjy bilen kabul edilen kararnamalary mysal getirmek bolar. 

Ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli döwletli tutumlarynda uly rowaçlyklary arzuw edýäris. 

 

Kerimguly GELDIÝEW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzas