Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
27.07.2024

DÖWLETLILIK ÝÖRELGÄMIZ

 

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwlet dolandyryşyny demokratiýalaşdyrmak, durnukly ösüşi üpjün edýän durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrmak babatda netijeli işler alnyp barylýar. 

Şu ýylyň 12-nji iýulynda bolan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini guramaçylykly geçirmek hakynda aýdanlary Diýarymyzda milli demokratiýanyň döwrebap röwüşde amala aşyrylýandygynyň güwäsidir. Onuň esasy maksady türkmen halkynyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge ilatymyzyň ygtyýarly wekilleriniň gatnaşmagyny üpjün etmekdir. 

Türkmenistanyň Halk Maslahaty 2023-nji ýylyň ýanwarynda döredildi we ol halkyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaradyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda ýurdumyzyň ähli sebitleriniň jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen Halk Maslahaty döwletimiziň berkararlyk binýadyny we kanunçylyk-hukuk esaslaryny berkitmekde, döwlet dolandyrylyşyny kämilleşdirmekde taryhy ähmiýete eýe boldy. Milli ýörelgelere esaslanýan we hakyky halk demokratiýasyna daýanyp, watandaşlarymyzyň işjeň gatnaşmagynda amala aşyrylan konstitusion özgertmeleriň netijesinde Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi» diýip belleýär. Onuň işi demokratiýa, aýanlyk, adalatlylyk, kanunyň hökmürowanlygy, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmak, adamyň we raýatyň kanunyň öňündäki deňligi, adamyň hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýmak ýaly ýörelgelere eýerýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda şu ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna gol çekdi. Bu Kararda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabat şäheriniň Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi. 

Konstitusiýamyzyň 3-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň özygtyýarlylygy halk tarapyndan amala aşyrylýar, halk bolsa döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydyr. Halkymyz öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýar. 

Asyrlaryň synagyndan geçen milli däplerimize eýermek bilen, geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň kabul edýän çözgütleri örän ähmiýetlidir. 

Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik ýörelgelerinde jemgyýet we şahsyýet gatnaşyklary hukuk esasynda guralýar. Kanuna esaslanýan gatnaşyklar hemmeleriň jogapkärçiligine we kanunyň talaplaryny berjaý etmegi borç edinendiklerine daýanýar. Türkmenistan döwleti gurýar, döredýär, kämilleşýär. Gurujylyk, döredijilik onuň baş ýörelgesi bolup durýar. Häzirki zaman türkmen jemgyýeti her bir adama bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk hökmünde garaýar. Halk häkimiýetiniň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan demokratik däpleri döwlet gurluşynyň sazlaşygyny kesgitlemek bilen, biziň ýurdumyzyň durnukly ösüşine milli özboluşlylygy berýär. 

Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri ygtyýarly jemgyýetçilik wekilleri bilen ählihalk ýygnaklaryny geçirip, olaryň iň wajyp syýasy-ykdysady, harby meseleleri çözmek baradaky paýhasly maslahatlaryna ýokary baha beripdirler. Halkyň wekilleriniň pikir alyşmagynyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik syýasy ösüşe oňyn täsir edýändigine bolsa ylmy-nazary garaýyşlar hem-de taryhy tejribe şaýatlyk edýär. 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde, üstünlikli geçirilmegine gönükdirilen resminamanyň kabul edilmegi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Milli Liderimiziň tagallalary netijesinde amala aşyrylýan özgertmeleriň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagy boýunça oňyn işleriň alnyp barylýandygyny aýdyň şöhlelendirýär. 

Kanunlarymyzyň döwrebap kämilleşmegine ýol-ýörelge görkezýän, ata Watanymyzy gülledip, halkymyzy agzybirlikde, ak ýollar bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barýan hormatly Prezidentimize hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine alkyşlarymyz çäksizdir! 

 

Serdar DURDYÝEW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary 

bilen işlemek baradaky komitetiniň agzasy.