Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
01.08.2024

DÖWLETLI GEŇEŞE TOÝ RUHY BILEN

 

Döwlet ähmiýetli işleri, il-ýurt bähbitli meseleleri halk köpçüligi, ýaşulular bilen ara alyp maslahatlaşmak — türkmen halkynyň asyrlar boýy dowam edip gelýän asylly däbi. Şöhratly ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge halk köpçüliginiň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekde, jemgyýetiň agzybirligini berkitmekde, milli demokratiýany ösdürmek ugrundaky tagallalary üstünlikli durmuşa geçirmekde halkymyzyň bähbitlerini goraýan ýokary wekilçilikli edaranyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň orny örän uludyr. 

Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini täze taryhy zamanamyzyň belent ruhuna beslemek ugrundaky işlere giňden badalga berildi. Hut şu maksat bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary hem-de welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bolup Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek, şeýle-de ýurdumyzy hemmetaraplaýyn gülledip ösdürmek, halkyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak bilen bagly teklipleri toplamak işlerine girişildi. Her gezek däp bolşy ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň ähli ulgamlarynyň we pudaklarynyň işini kämilleşdirmeklige gönükdirilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň sebitlerini gyradeň ösdürmek, şeýle-de milli kanunçylygymyzy ösdürmek we ony halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda kämilleşdirmek bilen bagly möhüm meselelere seredilip, oňyn çözgütler kabul edilýär. 

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramyny mynasyp garşylamaklyga taýýarlyk görülýän şu günki günlerde Watanymyzyň ösüşlerini has-da berkitmek, halk häkimiýetiniň kämil ulgamyny berkarar etmek we milli döwletlilik ýörelgelerimize esaslanýan ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik gurluşyny pugtalandyrmak babatynda alnyp barylýan işler biziň her birimizi buýsandyrýar. Ýaş nesillerimizde ata Watanymyza, halkymyza, milli däp-dessurlarymyza, Garaşsyzlygymyza, hemişelik Bitaraplygymyza bolan söýgini has-da pugtalandyrýar. Çünki Türkmenistan Watanymyz bu gün syýasy, ykdysady we medeni ösüşleri bilen dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taryhy taglymatynyň iş ýüzünde amala aşyrylýandygynyň aýdyň güwäsidir. 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini ýokary derejede geçirmek babatda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beren anyk tabşyryklaryndan ugur alyp, biz bu döwletli geňeşiň toý ruhuna beslenmegine saldamly goşant goşjakdygymyza ynandyrýarys. Biziň netijeli iş alyp barmagymyz ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli, dünýä nusgalyk tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin! 

 

Amangeldi HEZZIÝEW, 

welaýat häkimliginiň baş hünärmeni, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty