Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Halka daýanyp, halkyň hatyrasyna beýik işleri durmuşa geçirýän Türkmenistanyň Halk Maslahaty jemgyýet bilen döwletiň arasyndaky köpri bolup, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda barha berkidilýän milli döwletlilik ýörelgelerimizi dünýäde dabaralandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, biziň ählimiziň iň beýik maksadymyz jandan eziz görýän Watanymyzy beýik geljege tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr. Şoňa görä-de, mukaddes Watanymyzyň şanyna şan goşýan möhüm başlangyçlary wagyz etmek, halkymyzy belent maksatlara ruhlandyrmak jemgyýetçilik guramalarynyňdyr syýasy partiýalaryň wekilleriniň hem esasy borjudyr.
Golaýda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň kabul eden Kararyna laýyklykda, halkymyzyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaranyň — Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini şu ýylyň 24-nji sentýabrynda çagyrmak bellenildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda uly ruhubelentlikde geçiriljek döwletli maslahatda il-ýurt bähbitli meseleler ilatyň ähli gatlaklarynyň wekillerini giňden çekmek arkaly ara alnyp maslahatlaşylar, ýetilen sepgitlere ser salnyp, öňde durýan möhüm wezipeler kesgitleniler. Şanly ýylda geçiriljek umumymilli forum dana Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletlilik taglymatynyň gün-günden rowaçlanýandygynyň, türkmen döwletiniň kuwwatlanyp, dünýäde abraýly ornuny has-da pugtalandyrýandygynyň nyşanyna öwrüler.
Häzirki wagtda degişli guramaçylyk topary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmäge guramaçylykly taýýarlyk görýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary tarapyndan teklip edilýän jemgyýetçilik wekillerini hödürlemegiň Tertibine laýyklykda, Halk Maslahatynyň düzümine welaýatlar, Aşgabat şäheri boýunça jemgyýetçilik wekilleriniň sanawlary düzülýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwany Mejlis bilen bilelikde ýurdumyzyň syýasy partiýalary, jemgyýetçilik guramalary hem bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä taýýarlyk görmek boýunça işlere işjeň gatnaşýarlar.
Türkmen jemgyýetiniň agzybirligini, jebisligini berkidip, milli demokratiýany ösdürmekde gazanylýan üstünlikler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli başlangyçlary, beýik işleri bilen berk baglanyşyklydyr. Milli Liderimiziň halk häkimiýetliligini pugtalandyrmakdaky tagallalary Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň we mukaddes Garaşsyzlygynyň esaslaryny barha berkidýär.
2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» halk bähbitli belent maksatlaryny durmuşa geçirmek bilen bagly halk maslahatlarynyň, Mejlisiň agzalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň öňünde durýan wezipeleri kesgitledi. Mälim bolşy ýaly, bu resminama «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» ugur alnyp işlenip düzüldi. Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň işjeň agzalary hem «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlary boýunça Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň we geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny» ýerine ýetirmäge uly höwes bilen gatnaşýarlar. Olar hormatly Prezidentimiziň goldawlary netijesinde iri taslamalaryň ençemesine, şol sanda halkara, sebit ähmiýetli möhüm taslamalaryň amala aşyrylmagyna goşant goşmaga çalyşýarlar.
Ýeri gelende bellesek, şu ýyl meýilnama laýyklykda, Halk Maslahatynyň kanun çykaryjylyk başlangyjyna bolan hukugy esasynda kanunçylygy kämilleşdirmek işleri guramaçylykly dowam etdirilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe süren başlangyçlaryny, tabşyryklaryny hem-de kabul eden çözgütlerini kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça çäreler görülýär. Kanun çykaryjylyk işiniň nazary we amaly meseleleri boýunça alymlaryň, hünärmenleriň, bilermenleriň Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary bilen duşuşyklary guralýar. Halk Maslahatynyň geçen mejlisinde kabul edilen çözgütleriň, berlen tabşyryklaryň, döwlet Baştutanymyzyň 2024-nji ýylda ýurdumyzy ösdürmegiň esasy ugurlaryna degişli kabul eden Kararlarynyň, tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, ýurdumyzy ösdürmegiň orta we uzak möhletli maksatnamalarynyň belent maksatlary, ileri tutulýan ugurlary barada maslahatlar geçirilýär.
Türkmen telekeçileri öňdebaryjy tehnologiýalary, sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, amatly işewürlik gurşawyny döretmek, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegini ösdürmek ýaly möhüm wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmek ugrunda döwletimiziň alyp barýan syýasatyndan ruhlanyp, döredijilikli zähmet çekýärler. «Täze döwrüň ykdysady ösüş nusgasy, bu ilkinji nobatda, işewürlik gurşawyny döretmek, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak bilen, hususy maýa goýumlarynyň köpelmegindedir. Biz geljekde hukuk ulgamynyň işewürlik üçin özüne çekijiligini üpjün etmeli» diýýän Gahryman Arkadagymyz telekeçiligiň döwlet tarapyndan goldanylmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Hususyýetçilerimiz «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgelere eýerip, hususy pudagy we hyzmatlar ulgamyny ösdürmek, importyň ornuny tutýan önümçiligi, eksport ugurly senagaty goldamak, gurluşyk işlerini döwrebap alyp barmak, şäherleri ösdürmek boýunça strategik özgertmelere işjeň gatnaşýarlar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň jemgyýetimizde täze syýasy, hukuk garaýyşlary we medeniýeti kemala getirmek, milli döwletlilik ýörelgelerimizi ösdürmek, halkymyzy umumymilli maksatlaryň töwereginde jebisleşdirmek, agzybirligimizi pugtalandyrmak babatda möhüm işleri alyp barmalydygymyz hakynda beren tabşyryklaryndan ugur alyp, geljekde-de yhlasly işlejekdigimize, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek döwletli maslahata taýýarlykly barjakdygymyza ynandyrýarys.
Saparmyrat OWGANOW,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň
Merkezi geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.