Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
03.08.2024

NESILLER BARADAKY ALADA

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew batly ösüşleriň röwşen ýolundan öňe barýan eziz Diýarymyzda çagalar baradaky alada döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan bu işler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň geljegi hasaplanýan çagalar bilen baglanyşykly kanunçylygy kämilleşdirmek, kanunlaryň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryň gyşarnyksyz berjaý edilmegini gazanmak boýunça alnyp barylýan işler ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün edýär. 

Esasy Kanunymyzda Türkmenistanyň demokratik, hukuk we dünýewi döwletdigi aýdylýar. Ýurdumyzda kanunyň hökmürowanlygy, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň adam diýlip ykrar edilen binýatlaýyn ýörelgä esaslanyp, raýat jemgyýetiniň kemala getirilmegi esasy gymmatlyklar hökmünde kesgitlenendir. Ýurdumyzda çagalaryň hukuk goragyny üpjün etmek ugrundaky kanunçylygy kämilleşdirmäge we olary halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmäge aýratyn üns berilýär. 

Türkmenistanyň Konstitusiýanyň 40-njy maddasynda: «Ata-eneler ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar çagalaryny terbiýelemäge, olaryň saglygy, ösüşi, okuwy barada alada etmäge, olary zähmete taýýarlamaga, kanunlara, taryhy we milli däp-dessurlara hormat goýmak medeniýetini olaryň aňyna ornaşdyrmaga hukuklydyrlar we borçludyrlar» diýip berkidilendir. 

Esasy Kanunymyzda göz öňünde tutulan çaganyň hukuklarynyň we borçlarynyň jemi özüniň gelip çykyşy boýunça konstitusion, durmuş wezipesi boýunça esasy bolup durýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda döwletimizde her bir adamyň bilim almaga hukugy we çaganyň umumy hukuk ýagdaýynyň mazmunyny düzýän beýleki hukuklary görkezilendir. 

Döwrüň talabyna laýyklykda yzygideri kämilleşdirilýän milli kanunçylygymyzda çagalygy we eneligi goramak meselelerine uly üns berilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan gözbaş alýan Türkmenistanyň Zähmet kodeksi, Maşgala kodeksi, Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksi, «Ýaşlaryň zähmet çekmäge bolan hukugynyň kepillendirmesi hakynda», «Bilim hakynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» , «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda», «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda», «Hossarlyk we howandarlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň we olara esaslanýan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň hereket etmegi ýurduň geljegi hasaplanýan ýaş nesiller baradaky aladanyň döwlet syýasatynda möhüm orny eýeleýändigini subut edýär. 

Çagalara döredilen ajaýyp mümkinçilikler we şertler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize mähriban halkymyzyň, hususan-da ýaş nesilleriň alkyşlary egsilmezdir. 

 

Nepes ROZYÝEW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty

baradaky komitetiniň agzasy.