Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgesini ilerletmäge, durmuş-ykdysady döredijilige itergi berýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynda kesgitlenen, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramakda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda uly işler alnyp barylýar. Sporty we köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty işjeňleşdirmek hem-de wagyz etmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Eziz Diýarymyzda bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi, sagdyn durmuş ýörelgesiniň giňden wagyz edilmegi, her bir raýatyň beden, ruhy taýdan kämilleşmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göreldesine eýerip, ýurdumyzda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan adamlaryň, aýratyn-da, ýaşlaryň sany barha artýar.
Milli kanunçylygymyzyň umumadamzat we milli gymmatlyklarynyň sazlaşykly utgaşmagy arkaly döwrebaplaşdyrylmagy hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilmegi bagtyýar raýatlarymyzyň bähbidinden ugur alýar. Häzirki wagtda bedenterbiýe we sport ulgamynda giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar, bu ugurda milli kanunçylygymyzy döwrebaplaşdyrmakda we kämilleşdirmekde öňdebaryjy ýörelgeler yzygiderli ornaşdyrylýar. Munuň şeýledigini «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän ýylymyzyň 13-nji iýulynda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň altynjy maslahatynda kabul edilen «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda», «Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary hem tassyklaýar. Kabul edilen hukuk namalarynyň bedenterbiýäniň we sportuň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmaga, raýatlarymyzyň bedenterbiýe, sport bilen yzygiderli meşgullanmaga bolan isleglerini kanagatlandyrmaga, olaryň saglygynyň berkidilmegine gönükdirilendigi has-da guwandyryjydyr.
Ata Watanymyzda bina edilen döwrebap sport desgalaryndan netijeli peýdalanyp, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan ýaşlarymyzyň sanynyň artmagynyň netijesinde ata Watanymyzyň sport abraýy halkara derejesinde belende galýar. Döredilen mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmagy başarýan türkmen türgenleri halkara bäsleşiklerde baýrakly orunlara mynasyp bolup, mukaddes ýaşyl Tugumyzy al-asmana galdyrýarlar.
Türkmenistan adam hukuklary we azatlyklary boýunça esasy halkara resminamalara goşulmak bilen, şol resminamalaryň kadalaryny milli kanunçylyga işjeň ornaşdyrýar we şol kadalary ýerine ýetirmekde ygrarly bolmagynda galýar. Munuň şeýledigini kabul edilen Kanunlar hem tassyklaýar. Bedenterbiýe we köpçülikleýin sport bilen meşgullanmak, sagdyn durmuş ýörelgeleri häzirki döwürde tutuş jemgyýetimizi gurşap alyp, ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda giň gerime eýe bolýar. Şoňa laýyklykda, eziz Diýarymyzda ýokary netijeli sporty ösdürmek, halkara derejeli ussat türgenleri taýýarlamak hem-de olaryň abraýly sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmeklerini gazanmak ugrunda geçirilýän toplumlaýyn işler öz netijesini berýär. Ata Watanymyzda milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmäge, sport bilen meşgullanmaga döredip beren mümkinçilikleri we şertleri, şeýle hem adamlaryň saglygy ugrunda edýän aladalary üçin Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys.
Nepes ROZYÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim,
medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky
komitetiniň agzasy.