Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy hökmünde konstitusion hukuga eýe bolan Türkmenistanyň Halk Maslahaty Garaşsyzlyk eýýamynda döwletliligi halkyň isleglerine laýyklykda has-da pugtalandyrmagyň, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny yzygiderli ösdürmegiň esasy ulgamlarynyň biri boldy. Geçen döwürde döwlet, jemgyýetçilik durmuşyny milli garaýyşlara, döwrebap ösüş ýagdaýlaryna, jemgyýetiň mümkinçiliklerine, döwrüň ýüze çykarýan şertlerine görä kämilleşdirmekde uly tejribe toplandy. Bu gün Garaşsyzlygyň arka atylan 33 ýyly halkyň durmuşynda-da, sebit we halkara derejede-de türkmen döwletiniň taryhy ornunyň aýratynlyklaryny kesgitlän, dünýä ýaýan döredijilikli döwür boldy diýip aýtmaga doly esas bar
Garaşsyz Türkmenistanda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri jemgyýetçilik aňynyň ösüşine milli nazaryýetden çemeleşip, täze döwür baradaky oňyn garaýyşlary kemala getirmekden ybaratdyr. Munuň özi häzirki zamanyň ählumumy ösüş hereketinde örän derwaýys bolan möhüm ugurlaryň biridir.
Dünýäniň ösen medeniýeti, öňdebaryjy ykdysady, ýaşaýyş şertleri baradaky garaýyşlara milli nukdaýnazardan çemeleşmegiň zerurlygy diňe bir döwlet, jemgyýetçilik durmuşyny kadaly, durnukly dowam etdirmek bilen çäklenmän, eýsem, durmuş-ykdysady, ylmy-tehnologik ösüş bilen bagly meseleleri netijeli çözmegiň, bu ugurdaky jogapkärli wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň hem wajyp şertleriniň biridir. Çünki ösüşleri üpjün etmegiň, geljege tarap çalt hereket etmegiň ilerlediji güýji halkyň döwre we döwletiň, jemgyýetiň ösüş maksatlaryna çuňňur göz ýetirmegi, ol maksatlary öz durmuşynyň ýagdaýlary bilen pugta baglanyşykly kabul etmegi, öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli garamagy ýaly möhüm şertler bilen baglanyşyklydyr. Berkarar döwletiň ösüş ýolunyň bu şertleriniň kemala getirilmeginde, milli jemgyýetiň mizemez esasyna öwrülmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň täsirli ornunyň bardygyny ykrar etmek bilen, bu umumymilli forumyň işini özgertmekde, ony ähmiýetli milli demokratik institutlaryň birine öwürmekde Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň bitiren, bitirýän beýik taryhy hyzmatlarynyň ähmiýetine halkymyz oňat düşünýär.
Bitarap Türkmenistan Milletler Bileleşigine agza döwletleriň arasynda parahatçylykly ösüş ýoluny netijeli alyp barýan, ygtybarly hyzmatdaş ýurt hökmünde uly abraýdan peýdalanýar. Ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynyň maksatlaryny we many-mazmunyny, durmuş-ykdysady ösüş ýollarynyň guramaçylyk, hukuk ýörelgelerini halkara jemgyýetçilikde giňden wagyz etmekde hem Halk Maslahatynyň orny uludyr. Sebäbi bu umumymilli forum ösüşlerimiziň ähli ugurlaryny şöhlelendirýän, gazanylan netijelere we geljekki möhüm wezipelere içgin göz ýetirmäge mümkinçilik berýän döwletimiziň esasy milli demokratik ulgamy derejesinde öz ornuny pugtalandyryp gelýär.
Garaşsyzlyk eýýamynyň ähli taryhy ösüş pursatlaryna, berkarar döwlet gurmagyň derwaýys meselelerine, ilki bilen, Halk Maslahatynyň (käbir döwürde Ýaşulular maslahaty) mejlislerinde garalýar we döwlet, jemgyýetçilik durmuşyny ösdürmäge gönükdirilen Permanlardyr Kararlar, çözgütler şol mejlislerde jemgyýetçilik wekilleriniň makullamagynda kabul edilýär.
Hormatly Arkadagymyz milli demokratiýanyň täsirli syýasy-jemgyýetçilik edarasy hökmünde döwlet durmuşynda, türkmen halkynyň aň-düşünjesinde pugta orun alan Halk Maslahatynyň işi barada çuňňur garaýyşlary, paýhasly pikirleri halkymyzyň aňyna yzygiderli ýetirip gelýär. Halk Maslahatynyň birleşdiriji, ugrukdyryjy, ruhlandyryjy güýjüne çuňňur düşünýän Milli Liderimiz bu umumymilli forumyň jemgyýeti beýik geljege tarap ynamly alyp gitmekde, belent maksatlara ýetmekde ägirt uly ruhy, aňyýet güýjüniň ähmiýetine aýratyn üns berip, onuň halk paýhasynyň jemlenýän ýerine öwrülmegi babatda taryhy özgertmeler tapgyryny durmuşa geçirdi. Bu ugurda yzygiderli iş alyp barmak bilen, döwleti we jemgyýeti dolandyrmagyň netijeli ýoluny esaslandyrdy. Halkyň milli medeni, ruhy mirasynyň, durmuş ýörelgeleriniň, jemgyýetçilik garaýyşlarynyň esasynda, täze döwrüň şertlerine, wezipelerine laýyklykda ilerledilýän bu ösüş ýoly barada Gahryman Arkadagymyz şeýle diýýär: “Geçmişde diňe halalhon, ynsaply, adamkärçilige mahsus sypatlara eýe bolan adamlar iliň öňüne düşmegi başarypdyrlar. Şeýle adamlardan maslahat soralyp, olaryň pikiri durmuşda islendik ýagdaýda dogry, maksadalaýyk hereket etmäge dogry ýol görkezýän çelgi hasap edilipdir. Halk Maslahatynyň döredilmeginiň maksadynda hem ata-babalarymyzyň adalatly ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmeginiň mümkinçiliklerini ýokary derejede amala aşyrmak esasy orunda durýar”.
Türkmen döwletiniň binýatlaýyn esaslaryny has-da berkitmekde beýik işleri bitirýän Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Halk Maslahaty öz mazmuny boýunça ata-babalarymyzyň ýaşululardan maslahat sorap, akyldar, ylymdar, il bähbidini araýan geňeşdarlaryny ýygnap, karara gelmek ýörelgesi bilen umumy esasy aňladyp, syýasaty öwreniş ylmynyň nukdaýnazaryndan alnanda, demokratiýany durmuşa ornaşdyrmagyň bir ugrudyr. Sebäbi munuň özi halkyň wekiliniň döwleti dolandyryş işine gatnaşmagy babatda ýokary mümkinçiliklerini görkezýär. Hormatly Arkadagymyzyň şeýle çuň paýhasly pikirlerine esaslanyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň diňe bir döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüş maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam bermek bilen çäklenmän, eýsem, jemgyýetçilik aňyna oňyn täsir etmekde, ata-babalarymyzyň durmuş ýörelgelerini, terbiýeçilik ýoluny dowam etdirmekde hem aýratyn möhüm ornunyň bardygyny belläp bileris.
Halk Maslahaty ýaşulular bilen ýaş nesilleriň arasyndaky baglanyşygy has aýdyň ýüze çykarýar, ony türkmen halkynyň milli garaýyşlary esasynda döwrebap şertlerde, täzeçe çemeleşmeler arkaly has-da ösdürýär. Döwlet derejesinde halkyň ynamdar wekillerine, esasan-da, ýaşululara tutuş jemgyýetiň öňünde durýan wezipeler barada sala salynmagy, olaryň pikirleriniň, teklipleriniň diňlenilmegi halkyň aňyna düýpli täsir edýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanynda Ýaşulular geňeşleriniň döredilmegi, il sylagly ýaşulularyň ile-güne haýyrly, sahawatly işlerde Gahryman Arkadagymyzyň geňeşdarlary bolmagy watandaşlarymyzda döwletimiziň adalatly syýasatyna ynamy has artdyryp, uly goldawa mynasyp bolýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň halkyň agzybirligi baradaky paýhasly pikirleriniň durmuşda anyk beýanyny tapmagy babatda-da Halk Maslahatynyň möhüm orny bardyr. Ata-baba berk ýöredilip gelinýän, millet bolup ýaşamagyň esasy sütüni, üýtgewsiz düşünjesi hasaplanýan agzybirlik nesilbaşymyz Oguz hanyň, beýik Magtymgulynyň, taryhda yz goýan görnükli türkmen akyldarlarynyň, şahsyýetleriniň müňýyllyklaryň dowamynda ündäp gelen ýoludyr. Gahryman Arkadagymyz bu beýik ýoly dowam etdirmekde Halk Maslahatynyň mümkinçiliklerine uly orun berýär. Bu foruma ähli welaýatlardan, etrap-şäherlerden wekiller gatnaşýarlar. Dürli ýaşdaky, dürli kärdäki adamlaryň bir ýere ýygnanyp, Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň döwletiň ösüş ýollary, halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde göz öňünde tutulýan belent maksatlar hakyndaky pikir-garaýyşlaryny diňlemegi, döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň ugur-ýollaryna içgin göz ýetirmekleri, ýurdumyzyň ýyl ýazgysynda görnükli orun alýan tutumly işler bilen ýakyndan tanyşmaklary adamlaryň ruhy taýdan jebisleşmegine, millet derejesinde türkmeniň at-abraýynyň dünýäde belende galmagynda agzybirligiň, jebisligiň ähmiýetine has çuňňur düşünmegine ýardam berýär. Gahryman Arkadagymyz “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynda şeýle diýýär: “Agzybirlik — adalatlylygyň we döwletliligiň sütüni. Il-ulus agzybir bolanda döwlet kuwwatly, ýurt asudadyr. Agzybirlik bagtyň gönezligidir. Agzybirlik döwletli bolmagyň ilkinji hem birjik-de ünsden düşürilmesiz kadasydyr. Agzybirlik Watan galasydyr”.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi ýurdumyzda diňe bir parlamentarizmiň kanun çykaryjylyk işine däl-de, türkmen döwletiniň parahatçylykly ösüşe gönükdirilen içeri-daşary syýasatynyň täsirini has-da ýokarlandyrmaga, milli ösüş maksatnamalarynyň üstünlikli, netijeli ýerine ýetirilmegine ýardam bermek bilen, syýasy-jemgyýetçilik ulgamlarynyň tagallalaryny hem belent maksatlaryň daşynda jemleýär. Halk Maslahaty ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyny ösdürmek babatda uly işleriň durmuşa geçirilmeginde, bu ugurda möhüm başlangyçlaryň öňe sürülmeginde işjeň hereket edýär. Ol döwletiň dolandyryjy, ýerine ýetiriji, kanun çykaryjy düzümleri bilen utgaşykly hereket edip, ähli işlerde halkyň isleg-arzuwlarynyň, teklipleriniň, başlangyçlarynyň giňden şöhlelenmeginde möhüm orny eýeleýär.
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ata-babalarymyzdan miras galan milli durmuş ýörelgelerini ýaşaýşyň ruhy tugy derejesinde kalbynda göterip, ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli işlere goşant goşmakda tutanýerli zähmet çekýän, önümçilikde görelde görkezýän, döredijilikde halkyň ruhuny galkyndyrýan, dünýäniň öňdebaryjy ylmy-tehnologik gazananlaryny üstünlikli özleşdirýän, öz durmuşyny toý-baýramlar bilen bezemegi başarýan halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyny, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini täze taryhymyzyň şöhratly ösüş ýolunyň ýene bir altyn sahypasyna öwürmek üçin döwrümizi beýik zähmet ýeňişlerine besleýär. Raýatlarymyzyň durmuşy zähmet adamlarynyň, döredijilik äleminiň zehinli wekilleriniň, sport ussatlarynyň gazanýan üstünlikleri bilen has-da şöhratlanýar, beýgelýär. Munuň özi Garaşsyzlygyň şöhratly döwrüniň belent maksatlarynyň hasyl bolýandygynyň buýsançly alamatydyr.
Ata SERDAROW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy,
Mejlisiň deputaty.