Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Garaşsyzlyk ýyllary içinde halkymyzyň aň-düşünjesinde, medeni we ruhy durmuşynda, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde ägirt uly özgerişlikler bolup geçdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň mukaddes Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini bütin dünýä görýär we ykrar edýär. Mähriban halkymyz sebitde we dünýäde parahatçylygyň hem abadançylygyň pugtalanmagyna ýardam berýän mukaddes ýol-ýörelgeleri saýlap, dünýewi, hukuk, demokratik döwletiň syýasy, ykdysady, ruhy binýadyny goýdy. Ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik, agzybirlik, ynanyşmak, milli demokratik ýol-ýörelgeleri döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup, bu belent ýol-ýörelgeler dünýäniň ähli döwletleri tarapyndan gyzgyn goldanyldy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bilimiň, ylmyň we medeniýetiň hakyky ojagyna, parahat we abadan durmuşyň gülleýän ýurduna öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylyň 12-nji iýulynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde şu ýylyň alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Hormatly Prezidentimiziň geljekki meýilnamalara ünsi çekip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň hem geçiriljekdigini, onda berkarar döwletimiziň ösüşinde gazanylan ýeňişleriň, üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň jemleriniň jemlenilip, öňde duran möhüm wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny bellemegi täze taryhy eýýamda jemgyýeti dolandyrmakda ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilýändigine şaýatlyk edýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz sentýabr aýynda ýurdumyzyň durmuşynda taryhy ähmiýeti bolan şanly wakalara baýdygyny belläp, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň medeni maksatnamasyna we baýramçylyk mynasybetli geçiriljek çärelere, aýratyn-da, Türkmenistanyň Halk Maslahatyna gowy taýýarlyk görülmelidigini belledi.
Ýurdumyzda ygtyýarly jemgyýetçilik wekilleri bilen bilelikde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmek we syýasy, ykdysady we durmuş ugurlaryna degişli taryhy ähmiýetli meseleleri çözmek asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň döreden dünýä nusgalyk ýagşy dessurlarynyň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.
Mähriban halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny üpjün etmek maksady bilen kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» we beýleki maksatnamalarymyzda göz öňünde tutulan wezipeler üstünlikli ýerine ýetirilýär. Şunda döwlet ähmiýetli meseleleri çözmek, teklipleri işläp taýýarlamak, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, abadançylygyny berkitmäge, Watanymyzyň has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginde Halk Maslahatynyň wajyp orny bar. Çünki ata-babalarymyzdan gelýän milli däplere eýerip, bu ählumumy Maslahaty geçirmek türkmeniň döwletlilik ýolunyň dowamat dowam bolýandygynyň özboluşly subutnamasydyr.
Ýurdumyzda gazanylan belent üstünlikleriň netijeleri her bir raýatyň durmuşynda öz beýanyny tapýar. 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde wajyp meseleler jemgyýetçilik wekilleri bilen bilelikde ara alnyp maslahatlaşylyp, döwletli çözgütler kabul ediler. Bu bolsa eziz Diýarymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary göterilmegine özüniň oňyn şertlerini döreder.
Ýeňiş MOLLABERDIÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agzasy