Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
15.08.2024

HALK HÄKIMIÝETINIŇ YGTYBARLY SÜTÜNI

 

Parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan halkymyz agzybirlikde ýene bir möhüm ähmiýetli syýasy çärä — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geljek aýda geçiriljek mejlisine sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Bagtyýarlyk döwrüniň taryhynda möhüm pursady alamatlandyrýan Halk Maslahatynyň mejlisleriniň yzygiderli geçirilmegi beýik taryhy we medeniýeti döreden pederlerimiziň köpasyrlyk parasatly we asylly däpleriniň, milli ýörelgelerimiziň häzirki döwürde-de ileri tutulýandygynyň, döwletiň we halkyň durmuşy bilen baglanyşykly möhüm meseleleri çözmekde il-güne maslahat salynýandygynyň, bu işlerde ýaşuly nesliň wekilleriniň baý durmuş tejribesine daýanylýandygynyň aýdyň beýanyna öwrülýär. 

Ýurdumyzda sylag-hormatdan, abraý-mertebeden paýly adamlaryň agzybirlik bilen il bähbitli, döwlet ähmiýetli meseleleri bilelikde ara alyp maslahatlaşmagy döwletlilikden nyşandyr. Çünki bilşimiz ýaly, bu milli forumyň mejlislerinde halkymyzyň, ýaş nesliň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler yzygiderli we aç-açanlyk ýagda da ara alnyp maslahatlaşylýar. Bu ähli halk işleri yzygiderli we sazlaşykly dowam etdirmekde Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary esasynda döredilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşi tarapyndan alnyp barylýan işleriň hem ähmiýeti uludyr. Sebäbi döwletimiziň daýanjy bolan watansöýüji, ýokary ahlak häsiýetli, edermen ýaşlary terbiýelemekde, olary beýik işlere ruhlandyrmakda paýhasly gojalarymyzyň göreldelerini nusga edinmek, olaryň wesýetlerine eýermek mukaddes ýörelgeleriň biridir. Halkyň durmuşy bilen baglanyşykly her bir işde kümüş saçly mährem enelerimiziň, dana gojalarymyzyň maslahatlaryna, tekliplerine daýanmak bolsa olaryň mertebesini belende götermek ýaly milli ýörelgelerimiziň täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyna şaýatlyk edýär. 

Halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Halk Maslahaty döredilen gününden bäri jemgyýetçilik wekilleri bilen ähli halk ýygnaklaryny geçirip, döwlet gurluşy we halkyň durmuşy bilen baglanyşykly wajyp syýasy, ykdysady, durmuş meselelerini çözmäge ýakyndan ýardam berýär. Şeýle hem halkymyzyň döwleti dolandyrmak boýunça asyrlaryň dowamynda döreden we kämilleşdirip gelýän nusgawy we şöhratly ýolunyň, döwleti berkarar we halky bagtyýar etmegiň baý tejribesiniň esasynda jemgyýetimizde halk häkimiýetiniň esaslarynyň pugtalandyrylmagy ýurdumyzyň uzak geljekde-de iň bagtly, bagtyýar adamlaryň ýaşaýan, kuwwatly, demokratik, hukuk döwleti boljakdygyna ynamymyzy berkidýär. 

Hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, şu günler etrabymyzda hem bu ählihalk çäresini ýokary guramaçylykly geçirmek maksady bilen Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap halk maslahatlarynyň agzalarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda maslahatlar geçirilýär. Maslahatlarda edilýän çykyşlarda bu ähli halk çäresine hödürleniljek meseleler, teklipler ara alnyp maslahatlaşylýar. Agzybirlikde dowam etdirilýän bu işler döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini üstünlikli çözmäge, milli demokratiýany mundan beýläk-de ösdürmäge, jemgyýetiň jebisligini pugtalandyrmaga halk wekilleriniň giňden gatnaşmagyny üpjün edýär. 

 

Merdan DOSMEDOW, 

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň 

Çärjew etrap komitetiniň partiýa guramaçysy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty