Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
17.08.2024

MILLI DEMOKRATIÝANYŇ ÝOLY BILEN

 

Ata Watanymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny uly üstünliklere besläp, mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk şanly baýramyna barýar. Bu uly toýuň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Onda il-ýurt bähbitli möhüm meselelere garalar, ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni ösüşde ýeten belent derejeleri barada gürrüň ediler, öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar. 

Demokratik ýörelgeleri durmuşa ornaşdyrmakda, berkitmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatyna uly orun degişlidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri: «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan halk häkimiýeti berkarar edilen döwletdir. Häzirki döwürde şöhratly pederlerimiziň halk häkimiýeti baradaky däpleri mynasyp dowam etdirilýär» diýip belleýär. 

Halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy — Türkmenistanyň Halk Maslahaty demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizi ösdürmek, beýgeltmek maksady bilen döredilendir. Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, milli agzybirligimiz, kanunlaryň hökmürowanlygy, häkimiýet edaralarynyň, dolandyryş ulgamynyň netijeli bolmagy, jemgyýetçilik pikiriniň ileri tutulmagy biziň saýlap alan ýolumyzyň kesgitleýji aýratynlygydyr. Şunda gadymdan gelýän demokratik garaýyşlarymyza, ynsanperwer ýol-ýörelgelerimize, döwlet bilen halkyň bitewüligi baradaky taglymatymyza laýyklykda, ýurdumyzy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň özara baglanyşygy üpjün edilýär, jemgyýetçilik-syýasy, kanunçylyk-hukuk taýdan ähli mümkinçilikler döredilýär. Munuň özi döwlet we jemgyýetçilik gurluşynyň oýlanyşykly, sazlaşykly dolandyrylmagyna, giň gerimli özgertmelerimiziň işjeň­leşmegine ýardam edýär. 

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň gi­ňişleýin mejlisinde Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigini aýtdy, ony geçirmäge düýpli taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtady. 20-nji iýulda bolsa Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Karary kabul edilip, bu umumymilli forumy şu ýylyň 24-nji sentýabrynda çagyrmak we Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi. 

Gahryman Arkadagymyz «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary öňe sürdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Watan di­ňe halky bilen Watandyr! Döwlet di­ňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly sözi bu ýörelgäniň ösüşiň täze döwründe özboluşly ýaň­lanmasydyr. Bu sözlerde döwletiň adam hakyndaky aladasy, demokratik kada-kanunlaryň düýp mazmuny jemlenendir. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli pudaklar depginli ösýär. Munuň özi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň kuwwatynyň barha artýandygynyň güwäsidir. Şeýle ösüşleri gazanmakda, ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş hem medeni taýdan durnukly ösdürmekde adam hukuklarynyň üpjün edilmegine möhüm ornuň degişlidigidir. Türkmenistan Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynda berkidilen esasy demokratik hukuklary we azatlyklary ykrar edýär, hormatlaýar. Döwletimiz tarapyndan adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy, şahsyýetiň erkin ösmegi üçin ähli şertler döredilýär we olar barha gi­ňeldilýär. Hut şu esaslarda ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigini hem aýtmak gerek. Esasy Kanunymyz milli döwletliligiň, ýurdumyzy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny, öňdebaryjy dünýä tejribesini nazara almak bilen, jemgyýetiň kadalaşdyryjy hukuk esaslaryny kämilleşdirmegiň ygtybarly binýadyna öwrülendir. Konstitusiýamyzy has-da kämilleşdirmek, ony barha täzelenýän, öňe barýan döwrüň talaplaryna laýyk getirmek, halkymyzyň bagtyýar, abadan ýaşaýşyny kepillendirmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir ýyly şöhratly wakalara örän baý. Türkmen halkynyň guwanjy, Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede baýram edilýän ýyly hem taryhy wakalardyr üstünliklere beslenýär. Şunda döwrüň möhüm wezipelerinden ugur alnyp durmuşa geçirilýän ähli işler döwletimiziň we jemgyýetimiziň depginli ösüşiniň üpjün edilmegine, halk häkimiýetliligini berkitmäge, milli demokratik institutlary has-da kämilleşdirmäge, ruhy-medeni gymmatlyklarymyzy goramaga hem-de ösdürmäge, halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine gönükdirilendir. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», beýleki möhüm maksatnamalarda bellenilen wezipeleriň abraý bilen ýerine ýetirilmegi ýurdumyzyň depginli ösüşini üpjün edýär. Kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmekde ylmyň gazananlaryny, täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga, ähli ulgamlarda zähmet çekýän adamlaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Örän möhüm gurluşyklaryň amala aşyrylmagy, şol sanda täze şäherdir obalaryň, kärhanalaryň gurulmagy, önümçilikleriň döredilmegi gülläp ösüşlerimiziň aýdyň subutnamalarydyr. Sebitde ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheri halkymyzyň guwanjyna hem buýsanjyna öwrüldi. Şunuň bilen baglanyşyklylykda, ýurdumyzy ösdürmegiň maksatnamalarynda durmuş syýasatyna aýratyn ornuň degişlidigi has-da buýsandyrýar. Saglyk, bilim, sport, medeniýet ulgamlaryny ösdürmek, täze iş ýerlerini döretmek, köp çagaly maşgalalara we döwletiň kömegine mätäçlere hemaýat bermek döwlet syýasatynyň wajyp ugurlarydyr. 

Agzybir halkymyz Milli Liderimiz, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň parasadyna uýup, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna berk jebisleşip, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň baş baýramyna barýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde gazanylan üstünlikleriň, ýerine ýetirilen işleriň jeminiň jemlenmeginiň, täze taryhy döwürde öňümizde durýan möhüm wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň mundan beýläkki ösüşlerimiziň, bagtly geljegimiziň berk binýadyny döretjekdigine şek-şübhe ýokdur. 

 

Hatyja MUSTAKOWA,

 Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we 

azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agzasy.