Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Halka sala salmak, geňeşmek, ilatyň tekliplerini seljermek, şolaryň esasynda oňyn çözgütleri çykarmak ýaly asylly däpleriň kepili bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýlaryny kesgitleýän Konstitusion kanunyň kadalary aýanlyk, demokratiýa, kanunyň hökmürowanlygy, adalatlylyk, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmak bilen beýan edilýär.
Ata-babalarymyzdan bize miras galan döwletlilik ýörelgeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň milli kanunçylygy bilen berkidilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahaty halk häkimiýetiniň Konstitusiýamyza esaslanýan «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna laýyklykda hereket edýän ýokary wekilçilikli edarasydyr.
Halk Maslahaty milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň we jemgyýetdäki bähbitlerini sazlaşdyrmak bilen, döwlet derejesinde bilelikdäki hereketlendiriji güýç hökmünde çykyş edýär. Bu wekilçilikli edaranyň hemaýaty bilen her bir adamyň döredijilikli, halal zähmetiniň döwlet derejesinde goldanylýandygyny, ýokary baha mynasyp bolýandygyny görmek bolýar. Şeýle goldaw bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baý durmuş we syýasy tejribesi bilen halkymyzyň gurujylyk, döredijilik pähim-paýhasynyň bitewüliginiň netijesidir. «Döwlet adam üçindir!» diýýän Gahryman Arkadagymyzyň, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgeden ugur alýan hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy, halkymyzy beýgeltmek ugrunda edýän aladasynyň netijesinde bu gün Türkmenistanyň Halk Maslahaty jemgyýeti dolandyrmagyň iň kämil institutlarynyň birine öwrüldi.
Halk Maslahatynyň geçirilmegi ýaşulular bilen ýaş nesilleriň arasyndaky baglanyşygy has aýdyň ýüze çykarýar. Bu baglanyşyk türkmen halkynyň milli garaýyşlary esasynda döwrebap şertlerde, täzeçe çemeleşmeler arkaly, milli ýörelgelere daýanyp has-da berkeýär. Täze taryhy döwürde il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli meseleleriň, çözgütleriň gönüden-göni halk bilen maslahatlaşylyp çözülýändigini Halk Maslahatynda aýdyň görmek bolýar.
Halka daýanyp, halkyň hatyrasyna beýik işleri durmuşa geçirýän Türkmenistanyň Halk Maslahaty jemgyýet bilen döwletiň arasyndaky jebislik köprüsi bolup, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda milli döwletlilik ýörelgelerimizi barha giňden dabaralandyrýar. Konstitusiýasynda adamy jemgyýetiň iň gymmatly baýlygy hökmünde kesgitleýän häzirki taryhy döwür köp düşünjelere, garaýyşlara, hereketlere täze many-mazmun berýär, olara täzeçe röwüş çaýýar. Häzir ýurdumyzda raýatlaryň kanuny bähbitlerini, azatlyklaryny, zähmet çekmäge, eýeçilige, öz pikirini erkin beýan etmäge we goramaga bolan konstitusion hukuklaryny iş ýüzünde durmuşa geçirýän jemgyýetçilik gurluşy kemala gelýär. Jemgyýet ykdysady ösüşi gazanmak bilen, durmuş maksatnamalaryny giňeltmäge gönükdirilen başlangyçlara tarap ugur alýar.
Häzirki döwürde jemgyýetiň wekilleriniň başlangyçlaryna, pikirlerine ýokary derejede hormat goýulýar. 2024-nji ýylyň şygarynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede giňden dabaralandyrylýan Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň mertebesi, hut şonuň ýaly-da Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusy bilen bagly bolmagy buýsandyryjydyr.
Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde garaljak meseleler, kabul ediljek çözgütler halkymyzy bir maksada gönükdirer. Täze ýylyň dowamynda gazanylmaly zähmet ýeňişlerini, ýetilmeli menzilleri mertebeleýän üstünlikleriň belent maksatlar aýdyňlaşdyrylar. Türkmenistanyň Halk Maslahaty halkymyzyň agzybirlikde etmeli işlerini kesgitläp, adamlaryň döredijilik ukyplarynyň artmagyna täze esaslary döredýär.
Biziň her birimiz şeýle beýik döwürde ýaşaýandygymyza guwanmaga, buýsanmaga haklydyrys. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletiniň binýadyny pugtalandyryp, il-halkymyza bagtyýar durmuşy peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, ýurt, halk, umumadamzat bähbitli alyp barýan beýik işleri rowaç bolsun!
Nepes ROZYÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,
Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar
syýasaty baradaky komitetiniň agzasy