Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
06.09.2024

DEMOKRATIÝANYŇ BELENT NUSGASY

 

Agzybirlik we jebislik biziň jemgyýetimiziň esasy gymmatlyklary, döwlet berkararlygymyzyň synmaz sütünleri bolup, ýurdumyzda uly ösüşleriň gazanylmagynda, halkymyzyň bähbitlerine, röwşen geljegine gönükdirilen ägirt uly özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Döwletimiziň binýatlaýyn esaslaryny has-da berkitmekde beýik işleri bitirýän Gahryman Arkadagymyzyň tagallalarynyň netijesinde ýurdumyz durnukly ösüşe eýe bolup, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu ugurdaky işler üstünlikli dowam etdirilýär.

Bil­şi­miz ýaly, şu ýylyň 12-nji iýulyndaky Ministrler Kabinetiniň gi­ňişleýin mejlisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini guramaçylykly geçirmegi möhüm wezipeleriň hatarynda belledi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna gol çekdi. Oňa laýyklykda, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi. 

Gahryman Arkadagymyzyň: «Şöhratly pederlerimiziň halk häkimiýeti baradaky däplerine, hakyky halk demokratiýasyna daýanyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretdik» diýen sözlerinde bu wekilçilikli edaranyň döredilmeginiň esasy maksady şöhlelenýär. Halkymyzyň döwlet gurluşy babatda köpasyrlyk taryhynda toplan tejribesinden, iň wajyp meseleleri çözmek baradaky asylly däplerinden ugur alnyp, umumy ykrar edilen demokratik ýörelgelere eýerilip, ilatyň giň gatlaklarynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Konstitusion kanun kabul edildi. Kanunyň 1-nji maddasynda kesgitlenilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, şu Konstitusion kanuna laýyklykda hereket edýän we Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaradyr. Şunda döwlet ähmiýetli meseleleri çözmäge, ýurdumyzda alnyp barylýan özgertmeleriň, durmuş-ykdysady maksatnamalaryň amala aşyrylmagyna halk köpçüligini giň­den çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak, maslahatlary bermek, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, abadançylygyny berkitmäge, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň täze döwürde beýik özgerişler ýoly bilen depginli ösmegine, has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek, hyzmat etmek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleri bolup durýar. 

Ýeri gelende bellesek, şu ýyl meýilnama laýyklykda, Halk Maslahatynyň kanun çykaryjylyk başlangyjyna bolan hukugy esasynda kanunçylygy kämilleşdirmek işleri guramaçylykly dowam etdirilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe süren başlangyçlaryny, tabşyryklaryny hem-de kabul eden çözgütlerini kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça çäreler görülýär. Kanun çykaryjylyk işiniň nazary we amaly meseleleri boýunça alymlaryň, hünärmenleriň, bilermenleriň Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary bilen duşuşyklary guralýar. Halk Maslahatynyň geçen mejlisinde kabul edilen çözgütleriň, berlen tabşyryklaryň, döwlet Baştutanymyzyň 2024-nji ýylda ýurdumyzy ösdürmegiň esasy ugurlaryna degişli kabul eden Kararlarynyň, tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, ýurdumyzy ösdürmegiň orta we uzak möhletli maksatnamalarynyň belent maksatlary, ileri tutulýan ugurlary barada maslahatlar geçirilýär. 

Türkmenistanyň Halk Maslahaty halk demokratiýasynyň belent nusgasydyr. Onda ýurduň ýakyn we uzak geljegini nazarlaýan dürli meseleleriň oňyn çözgüdi ara alnyp maslahatlaşylýar. Mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde geçiriljek döwletli ge­ňeşde hem Watanymyzyň dürli kärdäki, hünärdäki raýatlarynyň, jemgyýetçiligiň dürli ugurlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda il-günüň bähbitlerine gönükdirilen, durnukly ösüşiň ähli ugurlaryny öz içine alýan, milletiň ykbalyna oňyn täsir edýän wajyp çözgütler kabul ediler. 

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlarynyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetini pudaklaýyn döwrebaplaşdyrmak, häzirki zaman şertlerine kybapdaş senagatlaşdyrmak, ykdysady ösüşiň köpugurlylygyny üpjün etmek babatda netijeli işler alnyp barylýar, düýpli öňegidişlikler gazanylýar. Täze taryhy döwürde ýurdumyzda giň­den ýaýbaň­landyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemekde we demokratik başlangyçlary mundan beýläk-de ösdürmekde bu taryhy maslahatyň ägirt uly ähmiýetiniň boljakdygyna berk ynanýarys. 

 

Baýrammyrat HAJYMÄMMEDOW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş 

syýasaty baradaky komitetiniň agzasy