Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
12.09.2024

ULY TOÝA MYNASYP SOWGAT

 

Mundan 33 ýyla golaý wagt ozal dünýä kartasynda peýda bolan Türkmenistan döwletimizi bu gün dünýä tanaýar. Garaşsyzlygyň, özbaşdaklygyň aýdyň ýoluna düşen Türkmenistan döwletimiz syýasy, ykdysady-durmuş we medeni taýdan çalt depginlerde ösdi we özgerdi. Onuň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagynda aýgytly ädimler ädildi. Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara guramalarynyň agzasy bolmak bilen, ýurdumyzyň halkara abraýy ýokarlandy. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyllarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň taryhynda täze sahypa açyldy. Ýurdumyz syýasy, ykdysady-durmuş we medeni taýdan durnukly we sazlaşykly ösüşiň ak ýoluna düşdi. Öňdebaryjy tehnologiýaly önümçilik kuwwatlyklarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi, önümçilige täze tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň, sanly ykdysadyýetiň giňden ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň ykdysady-durmuş taýdan çalt depginlerde ösdürilmegine itergi berdi. Soňky ýyllarda medeni-durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň gurluşygy, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň döwrebap şäherçeleriň gurluşygy bilen utgaşdyryldy. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynda giň möçberli işler durmuşa geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň elektroenergetika, gaz senagaty pudagynda, saglygy goraýyş we bilim ulgamlarynda ägirt uly işler bitirilýär. Şeýle tutumly işler bolsa Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň gülläp ösmegine, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna mümkinçilik berýär. Bularyň hemmesiniň Beýik Garaşsyzlygymyzyň guwançly miweleridigini ýatlamak ýakymly. 

Şu günler türkmen ili baş baýramyna — Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň uly toýuna taýýarlyk görýär. Toý-baýrama sowgatly barmak bolsa, gadymy halkymyzyň asylly däbi. Şeýle däbe eýerýän türkmen halky uly toýa mynasyp sowgatly barýar. 

 

Çary GURBANMYRADOW. 

Mary etrap hassahanasynyň 2-nji çagalar bölüminiň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.