Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
12.09.2024

BELENT SEPGITLERE BADALGA BOLAR

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyllarynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde halk häkimiýetini amala aşyrmakda, ýurdumyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini, halkyň bagtyýar, abadan durmuşyny üpjün etmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi örän uly ähmiýete eýe bolup durýar. Sebäbi, Türkmenistanyň Halk Maslahaty jemgyýetçilik gurluşynyň gadymy däplerini döwrebap dowam etdirýän türkmen halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaradyr. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 12-nji iýulynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň toýlanyljak günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçiriljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň kabul eden kararyna laýyklykda giň wekilçilikli bu forumy çagyrmak we guramaçylykly geçirmek bilen bagly möhüm wezipeler bellenildi. Şu günler Garaşsyz döwletimizde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ykjam taýýarlyk görülýär. Şeýle çäreleriň maksady bolsa, jemgyýetimiziň durmuşyndaky möhüm wakany guramaçylykly geçirmekdir. Bu babatda etrabymyzda taýýarlyk işleri talaba laýyk ýola goýulýar. Umumymilli forumyň maksadyny we ähmiýetini ilatyň arasynda wagyz-nesihat etmek häzirki wagtda wajyp wezipelerimiziň biridir. Biz öňde durýan meseleleriň çözgüdine jogapkärli çemeleşip, möhüm işe saldamly goşant goşmaga çalyşýarys. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň taryhy wakasy boljakdygy guwanjymyza guwanç goşýar. 

 

Arslan ÇARYÝEW. 

Türkmenistanyň “Türkmenistan” DTB-niň 

Pendi şahamçasynyň sanly bank tehnologiýasy 

we awtomatizasiýa bölüminiň esasy hünärmeni, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty