Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen täze özgertmelere beslenýän döwrebap durmuş gurşawy halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny şertlendirýär, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny berkidýär. Halk bilen jebislik, sazlaşyk, bitewi güýje, sarsmaz sütüne öwrülmek bilen, döwlet hem jemgyýetçilik durmuşynda agzybirligiň pugtalandyrylmagyny, ösüşleriň berkidilmegini üpjün edýär. Ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesi bu günki gün her bir belent tutumyň esasy ýörelgesine öwrülýär. Olaryň parasatly wesýetlerine eýerilip, döwletiň we jemgyýetiň durmuşyna dahylly meseleleri çözmäge ilatymyzyň wekilleriniň giňden gatnaşmagy milli demokratiýany ösdürmek babatdaky belent başlangyçlaryň doly amala aşýandygyny açyp görkezýär. Ýurdumyzyň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahaty işjeň hereket etmek bilen, berkararlygymyzyň ýörelgelerine esaslanyp gazanylan üstünlikleri has-da berkitmekde, halkymyzyň bähbidine gönükdirilen meseleleri maslahatlaşyp çözmekde, bu babatda anyk wezipeleri kesgitlemekde möhüm ähmiýete eýedir.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmek bellenildi. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegi we strategik taýdan özgertmegi, türkmen jemgyýetinde agzybirligi we jebisligi hasda pugtalandyrmagy öz işiniň esasy ugry hasaplaýan Halk Maslahatynyň taryhy mejlislerinde kabul edilýän çözgütler döwletiň hem halkyň durmuşynda möhüm gymmatlyk bolup, halk tarapyndan gyzgyn goldaw tapýar. Olaryň durmuşa geçirilmegi bolsa Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy dünýäde iň bagtly adamlaryň ýaşaýan mekanyna öwürmek baradaky belent maksatlarynyň doly amala aşýandygyny açyp görkezýär.
Milli jebisligiň we demokratik özgertmeleriň düýp mazmunyna düşünmek jemgyýetçilik aň-pikiriniň ösmegine, raýatlaryň döwrebap başlangyçlara işjeň goşulyşmak hyjuwynyň artmagyna uly esas bolýar. Muny Halk Maslahatynyň taryhy mejlisine görülýän taýýarlygyň çäklerinde geçirilen duşuşyklaryň, maslahatlaryň mysallary-da anyk görkezýär. Döwlet bilen halkyň, jemgyýet bilen raýatyň arasyndaky jebisligiň bitewi häsiýete eýe bolup, sarsmaz güýje öwrülendigini köpçülikleýin çäreler doly açyp görkezýär. Halk köpçüligi ýokary wekilçilikli edaranyň öz durmuşlaryndaky ähmiýetine we gymmatyna çuňňur düşünip, onuň ýokary netijelerine berk ynanýar.
Nesip bolsa, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýunyň dabaralandyrylýan günlerinde Halk Maslahatynyň taryhy ýylymyzdaky mejlisi ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriler. Onuň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyljak meseleler, anyk wezipeler, kabul ediljek çözgütler Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly ýörelgeleriniň hemişe durmuş hakykatyna eýe bolýandygynyň ýene bir aýdyň güwäsine öwrüler.
Arazmyrat HANGELDIÝEW,
Daşoguz şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna
garşy göreşmek gullugynyň başlygy