Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
19.09.2024

BAKY BERKARARLYGYŇ BAGTY

 

Garaşsyzlyk güni özygtyýarly ösüşiň täze taryhy döwründe ýurdumyzyň geçen şöhratly ýoluny äşgär edýän beýik baýramçylykdyr. Gahryman Arkadagymyzyň sargyt edişi ýaly, biz geçen taryhy ýolumyza buýsanmaga doly haklydyrys. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda amala aşyrylýan işler hem-de gazanylýan üstünlikler ulus-ilimiziň kalbynda öz halkyna we ajaýyp Watanyna buýsanç duýgularyny döredýär. 

Peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasaty netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz dünýäniň kuwwatly, hemmetaraplaýyn ösýän döwletleriniň birine öwrülýär we syýasy, ykdysady, medeni ulgamlarda ägirt uly üstünliklere eýe bolýar. Garaşsyz döwletimiziň ösüşiniň häzirki döwründe ata Watanymyzyň beýik geljeginiň şanyna tutumly işler durmuşa geçirilýär, ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen döwletli ýörelgesine hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatyna laýyklykda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet we syýahatçylyk ulgamlarynda giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. 

Döwlet Baştutanymyzyň halklaryň arasynda dostluk gatnaşyklaryny, özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek, Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, tutuş adamzadyň bähbitleriniň goraglylygyny üpjün etmek boýunça öňe sürýän täzeçil başlangyçlary ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi boýunça möhüm meseleleri çözmekde öňe sürýän asylly başlangyçlary giň goldaw tapýar. Güneşli Diýarymyz Merkezi Aziýada durnuklylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýar hem-de dünýä giňişliginde uly abraýdan peýdalanýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanylan syýasy, ykdysady ösüşler, medeni-durmuş özgertmeleri halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrdy, gurýan we özgerýän döwletimiziň güýç-kuwwatyny artdyryp, berkararlygyny pugtalandyrdy. 

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk biziň şöhratly geçmişimizdir, bagtyýar şu günümizdir, beýik geljegimizdir. Garaşsyzlyk biziň dünýä dolan belent at-abraýymyzdyr hem-de şan-şöhratymyzdyr. Şoňa göräde, biziň mukaddes Garaşsyzlygymyza bolan hormatymyz, söýgimiz, wepalylygymyz ebedidir we egsilmezdir. 

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygynyň ýurdumyzda we halkara derejesinde giňden bellenilýän Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen utgaşmagy halkymyzyň watansöýüjilik duýgusyny, döredijilik hyjuwyny, zähmet joşgunyny has belende göterýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda» ýurdumyzyň ähli sebitleri bilen birlikde welaýatymyzda Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň, önümçilik we medeni-durmuş maksatly ajaýyp binalaryň birnäçesiniň ulanmaga berilmegi Garaşsyzlyk baýramyna gaýtalanmajak öwüşgin çaýýar hem-de kalbymyzda eziz Watanymyza bolan buýsanjy artdyrýar. 

 

Züleýha JORAÝEWA, 

Çärjew etrap hassahanasynyň baş şepagat uýasy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.