Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Mundan 33 ýyl ozal dünýäniň kartasynda Garaşsyz Türkmenistanyň ady ýazylypdy. Geçen döwrüň içinde döwletimiziň diňe bir ady däl, eýsem, şan-şöhraty, abraý-mertebesi-de dünýä doldy. Parasatly pederlerimiziň hasyl bolan arzuwy — mukaddes Garaşsyzlyk halkymyzyň ählumumy ösüşleriniň binýady, nesilleriň geljeginiň ýagty şamçyragy boldy. Bu gün milliligi şöhlelendirýän öwüşgini bilen belentde parlaýan ýaşyl Tugumyzyň astynda ildeşlerimiz döwrüň eşretlerinden peýdalanyp, Garaşsyzlygyň miwelerine buýsanyp, bagtyýar durmuşda erkana ýaşaýar. Ähli ulgamlarda gazanylýan üstünlikler bolsa, Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde uly ösüşlere eýe bolýar. Ol ulgamlarda döredilýän amatly şertlerden peýdalanýan ildeşlerimiz tutanýerli zähmet çekýärler.
Ýurdumyzda şanly Garaşsyzlygymyzyň toýunyň dabaralary uludan tutulýar. Bagtyýar halkymyz gözel Diýarymyzyň beýik geljeginiň hatyrasyna döredýär we gurýar. Garaşsyzlygyň peşgeş beren egsilmez bagtyna buýsanyp ýaşaýar, toý-baýramlarymyzy agzybirlikde, jebislikde, ýokary ruhubelentlikde toýlaýar.
Garaşsyzlyk — bu bereketli toprakda el-ele berip, agzybir ýaşaýan halkymyzyň durmuşynda iňňän möhüm ähmiýetli syýasy wakadyr. Türkmenistan döwletimiz Garaşsyzlygyna eýe bolmak bilen, ýurdumyz, ilkinji nobatda, içeri we daşary syýasatyny hem-de döwletliligiň milli ýörelgelerini özbaşdak işläp düzmäge, ynamly ösdürmäge, demokratik, hukuk we dünýewi döwletini we raýat jemgyýetini esaslandyrmaga doly hukuk gazandy. Garaşsyzlyk berkarar döwletimiziň synmaz binýady, bagtyýar durmuşymyzyň mizemez esasydyr. Döretmäge we gurmaga güýç kuwwat berýän hem-de milletimizi beýik maksatlara birleşdirýän mukaddes düşünjedir.
Goý, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gözel Diýarymyzy ösdürmek, halkymyzy abadan durmuşda ýaşatmak maksatly alyp barýan işleri rowaç bolsun!
Ali RAHMEDOW.
Ýolöten etrap häkimliginiň bölüm müdiri,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.