Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
10.10.2024

«ÝIGITLIK BIR GYZYL GÜLDÜR»

 

Şygyrlary pähim-paýhas ummanyna deňelýän akyldar şahyrymyzyň edebi mirasy täze taryhy eýýamyň bagtyýar ýaşlary üçin durmuş mekdebidir. Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň ýaşlyk, ýigitlik hakyndaky pikir-garaýyşlary häzirki döwrüň kämil, giň dünýä garaýyşly nesillerini terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Akyldar şahyrymyz: «Ýigitlik bir gyzyl güldür» diýmek bilen, durmuşyň ýaşlyk bilen — ýigitlik bilen gözeldigini ündeýär. 

Magtymguly Pyragynyň eserlerinde ýigitlik düşünjesi ýaşlyk düşünjesi bilen manydaş şekilde ulanylýar. Muny şahyryň «Gidiji bolma» goşgusyndaky: 

Ýigitlik bostandyr, garrylyk hazan, 

Bostany hazana satyjy bolma! — 

diýen setirlerinde aýdyň görmek bolýar. Ýigitligi bossana deňän şahyryň döredijiligi köp taraply. Akyldar şahyryň gymmatly eserlerinde «ýigitlik, ýigit» ýaly sözleriň dürli manylarda ulanylyşyna gabat gelinýär. 

Türkmen ýigidiniň merdanalyk sypatlary, ahlak häsiýetleri, durmuşdaky orny barada Magtymguly atamyzyň goşgularynda giňden beýan edilýär. Şahyryň «Gerekdir» atly goşgusynda:

Ýigit öler ýurt üstünde,

Janyn berip ar üstünde.

Goç ýigitler il üstünde,

Namys bilen ar gerekdir — 

diýlip, türkmen ýigidiniň mertlik, gahrymançylyk ýaly ahlak sypatlary wasp edilýär. Bilşimiz ýaly, geçmişde türkmen ýigidiniň keşbi mertlikde, gahrymançylykda we batyrlykda äleme belli bolupdyr. Taryha ser salsak, Oguz han, Görogly, Alp Arslan, Mälik şa, Jelaletdin Meňburun ýaly gerçek türkmen ýigitleriniň gahrymançylygy hakynda gyzykly maglumatlara duşmak bolýar. Dürli ýurtlarda we ülkelerde mertligi, gaýduwsyzlygy bilen tanalýan türkmen ýigidiniň keşbi dana şahyryň eserlerinde täsirli suratlandyrylýar. Akyldar şahyrymyzyň mertlikde ile özüni tanadan gerçeklere bagyşlan «Çowdur han üçin», «Döwletalynyň» ýaly goşgularynda edermen türkmen ýigitleriniň çeper keşbini görmek bolýar. 

Mert ýigitde jemlenen häsiýetler baradaky pikirlere beýik söz ussadynyň pähim-paýhasa baý eserlerinde ýygy-ýygydan duşmak bolýar. Şahyryň «Otur-turuşyn görüň» atly goşgusyndaky: 

Namart ýörer mydam ölümden gaçyp, 

Öýüne gelende, zährini saçyp, 

Mert ýigit myhmana göwsüni açyp, 

Namardyň meýdana baryşyn görüň — 

ýa-da: 

Goç ýigidiň işi söhbet-saz bolar,

Köňli gyş bolmaýan, daýym ýaz bolar, 

Ýagşynyň köňlünde kine az bolar, 

Ýamanyň günde bir uruşyn görüň — 

diýen setirlerde mert ýigidiň häsiýetleri suratlandyrylýar. Myhmana güler ýüz bermek, oňa söwüş etmek merdiň işi hasaplanypdyr. Şahyryň: «Mert çykar myhmana güler ýüz bilen» diýen ýaly nakyla öwrülen gymmatly jümleleri türkmen ýigidiniň durmuş ýörelgesine öwrüldi. 

Akyldar şahyryň mertlik, ýigitlik, ýaşlyk baradaky garaýyşlary häzirki döwrüň kämil neslini terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredilýän giň mümkinçilikler ýaşlaryň ata-baba ýol-ýörelgelerine berk eýerip, ylymly, bilimli, hünärli bolmagyna mümkinçilik berýär. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda akyldar şahyryň pikir-garaýyşlary wysalyna gowuşýar. 

 

Magsat OTUZOW, 

TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy, 

Mejlisiň deputaty.