Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, halkymyzyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, raýatlaryň ömür dowamlylygyny uzaltmak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak maksady bilen, güneşli Diýarymyzda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, saglygy goraýyş ulgamy dünýä derejesinde yzygiderli ösdürilýär. Bu ugurda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen birnäçe ýyllaryň dowamynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar, ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler bolsa halkara derejede ykrar edilýär.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde halkymyza dünýä ülňülerine laýyk hyzmat edýän hassahanalar, bejeriş-dynç alyş, sagaldyş merkezleri, saglyk öýleri gurlup, olar döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi. Il saglygy ýurt baýlygyna deňelýän ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde milli lukmançylygymyzy düýpli kämilleşdirmäge gönükdirilen «Raýatlaryň saglygyny gorap saklamak hakynda», «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak we wagyz etmek hakynda», «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda», «Iýmit önümleriniň hili hem-de howpsuzlygy hakynda», «Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksi hakynda», «Şypahana işi hakynda», «Derman üpjünçiligi hakynda», «Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak hakynda», «Psihiatrik kömek hakynda», «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek hakynda», «Ýokanç keselleriň öňüni almak hakynda» we ýene-de birnäçe Kanunlaryň kabul edilmegi saglygy goraýşyň hukuk binýadyny berkitmekde uly ähmiýete eýe boldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz saglygy goraýyş ulgamynyň hemme taraplaýyn ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýärler. Ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berilmegi netijesinde Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, Germaniýanyň lukmançylyk maksatly iri kompaniýalary ýurdumyzda üstünlikli iş alyp barýarlar. Bu bolsa türkmen-german hyzmatdaşlygynyň uzak möhletleýin ýola goýlandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle halkara hyzmatdaşlyga mysal edip, ýurdumyzda döredilen «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasyny buýsanç bilen bellemelidiris.
Ýurdumyzda saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Aşgabatda Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezleri, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde buýan kökünden derman serişdesini — glisirrizin turşusyny öndürmäge niýetlenen döwrebap kärhana, Mary şäherinde bolsa welaýat hem-de şäher Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň täze edara binasy açylyp ulanmaga berildi. Ýakyn geljekde Balkan, Lebap, Mary welaýatlarynda halkara derejeli Onkologiýa merkezlerini, Daşoguz welaýatynda bolsa Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezini gurmak göz öňünde tutulýar. Bular halkyň saglygy ugrunda edilýän aladalaryň aýdyň mysallarydyr.
Jeren GYLYÇMYRADOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.