Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
18.10.2024

PARLAMENT DIPLOMATIÝASY: BEÝIK BAŞLANGYÇLARYŇ AÝDYŇ DABARALANMASY

 

Mälim bolşy ýaly, ýakynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň parlament diplomatiýasy ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasy strategiýasyna laýyklykda alnyp barylýar. Ol daşary ýurt döwletleriniň parlamentleri bilen iki taraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda gatnaşyklary ýola goýmak, halkara parlament guramalarynyň we assambleýalaryň işine gatnaşmak, parlamentara dostluk toparlaryny döretmek, ýaş parlamentarileriň hyzmatdaşlygyny goldamak, zenan deputatlaryň işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça bilelikdäki parlament çärelerini guramak arkaly durmuşa geçirilýär. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň 7-nji çagyrylyşynyň dowamynda Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygynyň Türkmenistana amala aşyran sapary, Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýetiniň Seul şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň Parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň birinji duşuşygyna gatnaşmagy türkmen-koreý parlamentara hyzmatdaşlygyny berkitmäge mümkinçilikleri döretdi. Bu ýagdaý ikitaraplaýyn we sebitleýin derejede parlamentara hyzmatdaşlygynyň ösüşini nobatdaky gezek alamatlandyrýar.

Türkmenistanyň Mejlisinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň Parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygynyň «Parahatçylygyň, gülläp ösüşiň hem-de özara ynanyşmagyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly umumy mejlisinde parlament ýolbaşçylary sebitleýin we ählumumy hyzmatdaşlygyň çäklerinde syýasy, ykdysady, durmuş, tehnologik, ekologiýa, kanunçylyk taýdan ýurt, sebit we ählumumy derejedäki tagallalaryň ähmiýetini bellediler. 

Ekologiýa we howanyň üýtgemegi bilen bagly mesele Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň çägindäki işiniň üns merkezinde durýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda Türkmenistanyň Merkezi Aziýada daşky gurşaw meselelerine strategik taýdan çemeleşmekde möhüm ädim hökmünde ýöriteleşdirilen düzümi — BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek babatdaky işini dowam etdirjekdigi bellenildi.

Günüň ikinji ýarymynda duşuşygyň «Ykdysady hyzmatdaşlyk, sanly ykdysadyýet we senagat», «Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň arasynda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde howanyň üýtgemeginiň netijelerini gowşatmak ugrunda hyzmatdaşlyk» atly bölümleri işledi. 

Parlamentarileriň çykyşlarynda şu duşuşyga gatnaşýan döwletleriň milli parlamentleriniň arasynda netijeli özara gatnaşyklary has-da berkitmegiň möhümdigi nygtaldy. Munuň özi häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň deňagramly çözgütleriniň işlenip düzülmegine, ýurtlaryň we halklaryň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň, özara düşünişmegiň, ynanyşmagyň pugtalandyrylmagyna, ählumumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän köptaraply döwletara, sebit we sebitara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berer. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy duşuşygyň jemleýji mejlisini geçirdi. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy bilen Parlament ýolbaşçylarynyň ikitaraplaýyn duşuşyklary, türkmen-koreý ikinji geňeşme maslahaty, parlamentara dostluk toparlarynyň ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň «Parahatçylygyň, gülläp ösüşiň we özara ynanyşmagyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly tema boýunça ikinji duşuşygynyň Jarnamasy kabul edildi. 

Ýurdumyzy ähli ugurlar boýunça ösdürýän, milli gymmatlyklarymyzy dünýä çykarýan, milli kanunçylygy kämilleşdirmek ugrunda halkara we sebitleýin hyzmatdaşlyk babatynda giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, umumadamzat bähbitli döwletli tutumlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris. 

 

Kerimguly GELDIÝEW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy.