Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
24.10.2024

AGZYBIR HALKYŇ GELJEGI BEÝIK

 

«Gurmak — gurplulyk, öndürmek — ösüş» diýen ata-babalarymyzyň döwletlilik ýörelgesiniň mynasyp dowam etdirilýän döwründe hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün etmekde giň gerimli işleri durmuşa geçirýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäde syýasy taýdan durnukly, ykdysady taýdan kuwwatly döwlet hökmünde uly abraýdan peýdalanýar, halkymyzyň halkara jemgyýetçilikdäki mertebesi barha beýgelýär. Täze taryhy döwrümizde döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň döwrebap ösüşi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýdyň maksatlaryndan, tutumly başlangyçlaryndan ugur alýar. Milli demokratiýanyň ýoly bilen röwşen geljegi nazarlaýan döwletimizde amala aşyrylýan işler jemgyýetimiziň gülläp ösmegine, tutuş halkymyzyň, häzirki hem-de geljekki nesillerimiziň bagtyýar durmuşynyň binýadyny berkitmäge gönükdirilýär. 

Ýurdumyzda halkyň döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydygy, döwlet özygtyýarlylygynyň halk tarapyndan amala aşyrylýandygy kanuna esaslanýan aýdyň ýörelgedir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda Gahryman Arkadagymyz: «Raýatlarymyzyň watansöýüjiligi, häkimiýet bilen halkyň mizemez bitewüligi bolsa döwlet durmuşynyň binýady, kämil jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň esasy bolup durýar» diýip belläp geçmek bilen, bu bitewüligi döwrüň aňyýetini ösdürmegiň esasynda goýup, ýurdumyzda häkimiýet bilen halkyň, döwlet bilen jemgyýetiň arabaglanyşygyny has-da pugtalandyrmak babatda ähli tagallalaryň edilýändigine ünsi çekdi. Şonuň üçin hem berkarar Diýarymyzda demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň esaslary pugtalanyp, ynsanperwer, adalatly jemgyýet has-da berkeýär. Adam hukuklaryny, azatlyklaryny, bähbitlerini mundan beýläk-de üpjün etmek, goramak babatdaky işler barha kämilleşýär. 

Döwlet ähmiýetli meseleleri çözmekde, ýurdumyzda durmuş-ykdysady maksatlaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine halk köpçüligini çekmekde, jemgyýetimiziň agzybirligini, bitewüligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmekde uly ähmiýete eýe bolan ýokary wekilçilikli edaranyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işi ata-babalarymyzyň döwletlilik ýörelgelerinden, agzybirlik taglymatyndan gözbaş alýar. Agzybirlik bolsa ösüşi gazanmagyň iň ygtybarly ýoludyr. Gahryman Arkadagymyzyň: «Agzybirlik, asudalyk, zähmetsöýerlik eziz Diýarymyzyň rowaçlyklarynyň binýadydyr. Şeýle halky bolan döwletiň geljegi aýdyňdyr hem-de beýikdir» diýen çuň manyly sözleri bolsa, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwletlilik syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmakda halkymyzyň döredijilikli zähmetine ruhlandyryjy güýç, täze maksatlaryna badalga bolýar. 

Döwletimizde tutuş adamzadyň ykbalyna täsir edýän ruhy galkynyşy kemala getirip, parahatçylyk, ynanyşmak ýoly bilen dost-doganlyk köprülerini berkitmekde, köňülleriň birligini gazanmakda, ählumumy maksatlary bitewüleşdirmekde nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Agzybirlikden döwlet tapýan halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, özara düşünişmek, ynanyşmak, dost-doganlyk gatnaşyklaryna ygrarly bolmak, ynsany mertebelemek ýaly milli ýörelgelerine esaslanýan häsiýetleri döwletimiziň nusgalyk içeri we daşary syýasatynda mynasyp orun alýar. Döwletimiz tarapyndan öňe sürülýän teklipleriň we başlangyçlaryň halkara guramalar hem-de dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylmagy ýurdumyzyň daşary syýasatynyň uly ykrarnama eýediginiň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bolsa döwletimiziň Ýer ýüzündäki at-abraýynyň has-da beýgelmegini üpjün etdi. 

Bitaraplygyň türkmen nusgasyny giňden dabaralandyrýan, dünýäniň abadançylygynyň, halklaryň bagtyýar geljeginiň hatyrasyna umumadamzat bähbitli işleri durmuşa geçirýän, türkmeniň döwletlilik ýörelgesini mynasyp dowam etdirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, alyp barýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin! 

 

Annabagt Ma­ýewa, 

welaýat Baş bilim müdirliginiň mekdebe 

çenli terbiýe, bilim we mekdepden daşary

edaralar bölüminiň başlygy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.