Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyllarynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmekde giň möçberli işleriň bady artýar. Ýurt Baştutanymyzyň kabul eden Maksatnamalarynda bellenilen wajyp wezipeleri durmuşa geçirmekde uly üstünlikler gazanylýar. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň durnukly ösdürilmeginde döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan maliýe syýasatynyň ähmiýeti örän uludyr. Sebäbi, hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde eden çykyşynda belleýşi ýaly, döwlet býujeti ykdysadyýetimizi maliýeleşdirmegiň möhüm guraly bolmak bilen, şu ýyl ýurdumyzyò baş maliýe meýilnamasyndan bilimi, saglygy goraýyşy, medeniýeti ösdürmäge önümçilik, durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyna köp möçberde serişdeler goýberildi.
Garaşsyz döwletimizde bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, milli manadymyzyň hümmetini saklamak boýunça durmuşa geçirilen özgertmeler durnukly pul dolanyşygyny hem-de ykdysady ösüşi üpjün etdi. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň bank edaralary tarapyndan bank hyzmatlarynyň hili ýokarlandyrylyp, görnüşleri artdyrylýar. Munuň özi müşderilere täze we has amatly mümkinçilikleri açýar. Bu ugurda bank edaralarynyň işiniň sanlylaşdyrylmagam möhüm ähmiýete eýe bolýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oýlanyşykly maliýe syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiz ösüşli döwri başdan geçirýär. Halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň hususyýetçiligiň banklar tarapyndan amatly şertlerde karzlaşdyrylmagy önümçiligiň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Şol bir wagtda ilata edilýän bank hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlandyrylmagy il-günümiziň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga bähbitli mümkinçiliklere ýol açýar.
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda ähli tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolup, il-ýurt bähbitli işleri rowaç alsyn!
Begenç GURBANGELDIÝEW.
Türkmenistanyň “Halk bank” paýdarlar täjirçilik bankynyň Tagtabazar etrap şahamçasynyň dolandyryjysynyň wezipesini ýerine ýetirijisi, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty