Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň abraýy hasda belende göterilýär, halkara derejede beýik başlangyçlar ykrar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen mynasyp ösdürilýär. Bu günki günde hemişelik Bitarap Türkmenistanyň umumadamzat bähbitli beýik başlangyçlary hem muny aýdyň beýan edýär. Mälim bolşy ýaly, ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýa—parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň hoşniýetlilik ýörelgeleri, parahatçylyk söýüjilik taglymaty çuňňur many-mazmun bilen baýlaşýar.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýol-ýörelgesiniň giň mümkinçiliklerini dabaralandyrmak, döwletimiziň dünýädäki ornuny mundan beýläkde berkitmek babatda ähmiýetli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň «Açyk gapylar» syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäde parahatçylygyň rowaçlanmagyna goşant goşýan döwlet hökmünde giňden tanalýar. Umumadamzat bähbitli şeýle beýik işler Garaşsyz ýurdumyzyň ösüşleriniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Munuň özi parahatçylyk döredijilikli ýokary wezipedir. Eziz Diýarymyzyň halkara derejesindäki abraýynyň artmagynda bitaraplyk syýasatynyň, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň ägirt uly ähmiýeti bar. Türkmenistanyň asylly başlangyjy bilen Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylyk, ynanyşmak, hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Munuň özi halklaryň arasyndaky gatnaşyklary hasda pugtalandyrýar, dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy rowaçlandyrýar. Şunda «Merkezi Aziýa—parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň aýratyn ornuny bellemek gerek. Bu bolsa Garaşsyz Türkmenistanyň hoşniýetli goňşuçylyk deňhukukly halkara gatnaşyklaryna hormat goýmak ýaly syýasy ýörelgelerine bildirilen uly ynamdyr. Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna Merkezi Aziýada we onuň çäklerinden daşarda döwletara gatnaşyklary ýola goýmagyň möhüm guraly, özara düşünişmegiň hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň netijeli usuly hökmünde iňňän ýokary baha berilýär.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýagdaýy diňe bir sebitde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmegiň we halkara guramalar bilen köpugurly özara gatnaşyklary giňeltmegiň möhüm, ygtybarly guraly bolmak bilen çäklenmeýär. Bu ilkibaşdan halkyň asuda, parahat durmuşynyň bähbidine gönükdirilen syýasatdyr. Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan—parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusynda parahatçylygyň belent waspyny beýan edýär. Türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilikli dostana gatnaşyklary ýola goýmakda örän uzak asyrlardan bäri tejribesi bar. Bu günki günde deňhukukly hyzmatdaşlyga, oňyn Bitaraplyga daýanýan döwlet syýasatymyz gözbaşyny uzak asyrlardan alyp gaýdýar.
Biziň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy dünýäniň syýasy tejribesinde oňyn ýörelgedir. Türkmenistan özüniň Bitaraplyk ýoluna eýermek bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy we onuň düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlygy giň gerimde ösdürýär. Şeýle-de bütindünýä ähmiýetli oňyn syýasy başlangyçlaryň, ykdysady bähbitli halkara taslamalaryň amal edilmegini gazanýar.
Perman SAPAROW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty
baradaky komitetiniň baş hünärmeni.