Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
05.11.2024

BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN MENZILLERI

 

Äh­li ugur­lar bo­ýun­ça gül­läp ös­ýän, ra­ýatla­ry bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ýan, dün­ýä­de aba­dançylygyň ro­waç­lan­ma­gy ug­run­da uly ta­gal­la­la­ry ed­ýän ber­ka­rar döw­le­ti­miz­de ga­zanyl­ýan üs­tün­lik­ler ata-ba­ba­la­ry­my­zyň ar­zy­ly ar­zuw­la­ry­nyň ha­syl bo­landy­gy­ny äş­gär ed­ýär. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň asyl­ly ýo­luny, döw­let­li ýörelgele­ri­ni has-da ro­waç­lan­dyr­ýan Ar­kadag­ly Gahryman Serdarymyzyň pa­rasat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan bu gün­ki gün ta­ry­hy ösüş­le­ri na­zar­la­ýar. Şeý­le aja­ýyp haky­ka­ta «Pä­him-paý­has umma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň şan­ly wa­kala­ry­nyň my­sa­lyn­da has hem aý­dyň göz ýe­tir­ýä­ris. 

Hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy­nyň ny­şa­ny bo­lan mu­kad­des Garaşsyzly­gy­my­zyň 33 ýyl­lyk baýra­my­nyň öňü­sy­ra­syn­da — 24-nji sent­ýabr­da ge­çi­ri­len Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň ta­ry­hy ähmiýet­li mej­li­sin­de äh­li ul­gam­lar­da ga­zany­lan üs­tün­lik­le­re ba­ha ber­lip, be­lent mak­sat­la­ra ýet­mek üçin tä­ze we­zi­pe­le­riň kes­git­le­nil­me­gi il-ulsumy­zy has-da je­bis­leş­di­rip, ýurt bi­na­myzyň bin­ýa­dy­ny ber­kit­di. Merda­na pe­der­le­ri­mi­ziň döw­le­ti we jem­gy­ýe­ti do­lan­dyr­mak­da top­lan baý tej­ri­be­si­ne esas­la­nyp, Esa­sy Ka­nu­ny­myz­da halk hä­ki­mi­ýet­li­li­gi­niň ýo­ka­ry we­kil­çi­lik­li eda­ra­sy hök­mün­de yk­rar edi­len Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty döw­let hä­ki­mi­ýe­ti­niň ýe­ke-täk gözba­şy ha­sap­lan­ýan hal­kyň öz hä­ki­mi­ýe­ti­ni ama­la aşyr­ma­ga bo­lan kons­ti­tu­sion hukuklarynyň ýurdu­myz­da nus­ga­lyk de­re­je­de üp­jün edil­ýän­di­gi­ni ýe­ne bir ýo­la aý­dyň tas­syk­la­dy. 

Umu­my­mil­li fo­ru­myň mej­li­si we onuň yzysü­re bel­le­ni­len mukaddes Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly to­ýu­nyň da­ba­ra­la­ry türk­men döwle­ti­niň ýe­ten sep­git­le­ri­ni bü­tin dün­ýä aýan et­di. Şanly wa­ka­lar Türkme­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler par­ti­ýa­sy­nyň hem-de birleş­me­si­niň ag­za­la­ry­nyň hem kal­by­na ga­nat ber­di. Hor­matly Prezidentimiz te­le­ke­çi­li­gi mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­gi, ki­çi we or­ta tele­ke­çi­li­ge gol­daw ber­me­gi döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugurlarynyň bi­ri hök­mün­de kes­git­le­ýär. Türk­me­nista­nyň Halk Maslahaty­nyň mej­li­sin­de öňe sür­len mö­hüm we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da 2030-njy ýy­la çen­li ma­li­ýe ba­za­ry­ny ös­dürme­giň Stra­te­gi­ýa­sy­nyň, ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­gi gol­da­ma­gyň Mil­li mak­sat­na­ma­sy­nyň ka­bul edil­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly baş­lan­gy­jyň hem bol­ma­gy ýur­du­my­zy ýo­ka­ry depgin­de ös­dür­me­giň tä­ze tap­gyryn­da hem hu­su­sy pu­da­ga äh­mi­ýet beril­jek­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär. 

Gül­läp ösüş­le­riň, aba­dan hem bagty­ýar dur­mu­şyň hö­küm sür­me­gi üçin esa­sy şer­tiň pa­ra­hat­çy­lyk­dy­gy­ny adam­zat ta­ry­hy­nyň müň­ýyl­lyk­la­ra uza­ýan tej­ri­be­si su­but ed­ýär. Şo­ňa gö­rä-de, eziz Wa­ta­ny­myz­da parahatçylyk sö­ýü­ji­lik tag­ly­ma­ty­na döw­le­ti­mi­ziň ama­la aşyr­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň bin­ýa­dyn­da dur­ýan esa­sy gym­mat­lyk­la­ryň bi­ri hök­mün­de ga­ral­ýar. BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň çöz­gü­di esa­synda Türkmenista­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­nyň giň­den bellenil­ýän 2025-nji ýy­lyň «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» diý­lip yg­lan edil­me­gi hem-de «Mer­ke­zi Azi­ýa — pa­ra­hat­çy­lyk, ynanyşmak we hyz­mat­daş­lyk zo­la­gy» at­ly Ka­rar­na­ma­nyň ka­bul edilmegi şol tag­ly­ma­tyň bü­tin dün­ýä­de da­ba­ra­lan­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Bu gün­ki gün Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan di­ňe bir se­bit­de däl, eý­sem, Ýer ýüzün­de pa­rahat­çy­ly­gy, yla­la­şy­gy, öza­ra dü­şü­niş­me­gi ber­kitmä­ge hyzmat ed­ýän mö­hüm mer­kez hök­mün­de yk­rar edil­ýär. 11-nji okt­ýabr­da paý­tag­ty­myz­da Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nyp, ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ri­len «Dö­wür­le­riň we si­wi­li­za­si­ýa­la­ryň öza­ra ara­bagla­ny­şy­gy — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we ösü­şiň bin­ýa­dy» at­ly halkara fo­rum bu ha­ky­ka­tyň no­bat­da­ky tassyk­na­ma­sy­na öw­rül­di. Be­ýik akyl­da­ryň dün­ýä do­lan pä­him-paý­ha­sy dost-do­gan­la­ry bir sup­ranyň başy­na jem­läp, ösü­şiň we pa­ra­hat­çy­ly­gyň mak­sat­la­ry­ny da­ba­ra­lan­dyr­dy. Hal­ka­ra fo­ru­ma gat­na­şan ýo­ka­ry de­re­je­li myh­man­la­ryň çy­kyşla­ryn­da be­ýan edi­len pi­kir­ler Gün­do­ga­ryň be­ýik akyl­da­ry­nyň dö­re­di­ji­lik mirasyn­da jem­len­ýän gym­mat­lyk­la­ryň dün­ýä­niň gel­je­gi­ni na­zar­la­ýan be­ýik iş­ler üçin ýö­rel­ge bol­ma­ga my­na­syp­dy­gyny tas­syk­la­dy. 

Be­ýik akyl­da­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­lyk ýu­bi­le­ýi­niň giň­den bel­le­nil­ýän ýy­lyn­da ba­şy baş­la­nan umumadamzat äh­mi­ýet­li asyl­ly iş­ler eziz Wa­ta­ny­my­zyň he­mi­şe­lik Bitarap­ly­gy­nyň 30 ýyl­lyk baý­ra­my­ny da­ba­ra­lan­dyr­jak 2025-nji — Halka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da hem do­wa­mat-do­wam bolar. Şeý­le ro­waç­lyk­lar türk­men döw­let­li­li­gi­niň tag­lym­la­ry­nyň mil­li çäk­le­ri aşyp, dün­ýä ýaý­ra­ýandy­gy­nyň, tu­tuş adam­za­dyň bäh­bi­di­ne hyzmat edýän­di­gi­niň ny­şa­ny­na öw­rü­ler. Şan­ly ýyl­da hal­ka­ra de­re­je­de ge­çi­ril­jek çä­re­le­re hä­zir­den uly taý­ýar­lyk gör­mek, he­mi­şe­lik Bitaraplygy­my­zyň baý­ra­my­ny uly üs­tün­lik­ler bi­len gar­şy­la­mak mö­hüm we­zi­pedir. Üs­tün­lik­ler­dir be­lent sep­git­ler, il­kin­ji no­bat­da, hal­kyň bo­le­lin dur­mu­şy­nyň üp­jün edil­me­gin­de we yk­dy­sa­dy­ýe­tiň pu­dak­la­ry­nyň sazlaşyk­ly ös­me­ginde şöh­le­len­ýär. Çün­ki yk­dy­sa­dy­ýe­tiň kuw­wa­ty we hal­kyň je­bis­li­gi is­len­dik döw­le­tiň özyg­ty­ýar­ly­lygy­ny, ber­ka­rar­ly­gy­ny kes­git­le­ýän esa­sy şert­le­riň iň esa­sy­la­ry­dyr. Gül­läp ösüş­ler ha­kyn­da pi­kir ýö­re­di­len­de, halk ho­ja­ly­gy­nyň mö­hüm pu­dak­lary bo­lan se­na­gat, telekeçi­lik aý­ra­tyn nyg­tal­ma­ga my­na­syp­dyr. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň asyl­ly baş­lan­gyç­la­ry esa­syn­da dö­re­di­len Türk­me­nista­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si gys­ga dö­wür­de uly üs­tün­lik­le­ri ga­zan­mak arkaly, öz öňün­de goý­lan we­zi­pe­le­ri bir­kem­siz ber­jaý edip gel­ýär. Häzir­ki dö­wür­de hu­su­sy pu­da­gyň we­kil­le­ri oba ho­ja­ly­gy, azyk se­na­ga­ty, gur­lu­şyk we gur­lu­şyk önüm­çi­li­gi ýa­ly ugur­lar­da uly öňegi­diş­lik­le­ri gaza­nyp, di­ňe bir ýur­du­myz­da däl, eý­sem, dün­ýä ba­zar­la­ryn­da-da ýokary is­le­ge eýe bo­lan önüm­le­ri ön­dür­ýär­ler. Ki­çi we or­ta te­leke­çi­lik mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi uzak­möh­let­le­ýin esas­da ös­dür­me­giň ile­ri tutulýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup, ýur­du­my­zyň eks­port kuw­wa­ty­ny artdyrmak­da, tä­ze önüm­çi­lik­le­ri ýo­la goý­mak­da, ba­zar bol­çu­ly­gy­ny döret­mek­de, iş üp­jün­çi­li­gin­de wa­jyp we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li çöz­mä­ge uly go­şant goş­ýar. «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da ra­ýat­la­ryň te­le­ke­çi­lik baş­lan­gyç­la­ry­ny gol­dap, ma­ýa go­ýum iş­jeň­li­gi­ni hö­wes­len­dir­mek, döw­let eýe­çi­li­gi­ni hu­su­sy­laş­dyr­mak we paý­darlar jemgy­ýet­le­ri­ni dö­ret­mek, ba­zar gat­na­şyk­la­ry şert­le­rin­de yl­my taý­dan esas­lan­dy­ry­lan yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­ty alyp bar­mak, içer­ki ba­za­ry ýurdumyz­da ön­dü­ri­len önüm­ler bi­len do­ly üp­jün et­mek ýa­ly mö­hüm işler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şu ýy­lyň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da Se­na­gat­çy­lar we tele­ke­çi­ler bir­leş­me­si bo­ýun­ça oba ho­ja­lyk we azyk önüm­le­ri­niň önümçi­li­gi­niň ösü­şi­niň 112,1 gö­te­ri­me, se­na­gat önümçi­li­gi­niň bol­sa 103,2 gö­te­ri­me ba­ra­bar bol­ma­gy ama­la aşy­ryl­ýan iş­le­riň aý­dyň ne­ti­je ber­ýän­di­gi­ne gü­wä geç­ýär. 

Hu­su­sy pu­da­gyň we­kil­le­ri ta­ra­pyn­dan döwrü­mi­ziň buý­san­jy­na we ok­gun­ly ösüş­le­ri­mi­ziň ny­şa­ny­na de­ňel­ýän Ar­ka­dag şä­he­ri­niň gurluşygynyň ikin­ji tap­gy­ryn­da ama­la aşy­ryl­ýan iş­ler, ýur­du­my­zyň sebit­le­rin­de iň kä­mil teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan döw­re­bap dur­muş des­ga­lary­nyň, önüm­çi­lik top­lum­la­ry­nyň bi­na edil­me­gi guwandy­ry­jy ha­ky­kat­dyr. Şan­ly wa­ka­la­ra bes­len­ýän «Pä­him-paý­has umma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da hu­su­sy pu­da­gyň we­kil­le­ri tarapyn­dan gur­lan des­ga­la­ryň ýe­ne bir­nä­çe­si­niň açy­lyp ulanma­ga berilme­gi Wa­ta­ny­my­zyň ok­gun­ly ösüş­le­ri­ne tä­ze­çil iter­gi be­rer. Mil­li ösüş mak­sat­na­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mä­ge iş­jeň gat­naş­ýan Türkmenista­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler par­ti­ýa­sy­nyň ag­za­la­ry Garaş­syz döw­le­ti­mi­ziň ama­la aşyr­ýan içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­ny, ýurdu­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan öz­gert­me­le­ri, ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­le­ri wagyz et­mek bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­le­ri alyp bar­ýar. Ösüş-öz­ge­riş­le­riň röw­şen şug­la­sy il­deş­le­ri­mi­ziň kal­by­na bag­ty­ýar­lyk paý­la­ýar. 

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Döw­let adam üçindir!», Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň «Wa­tan di­ňe hal­ky bi­len Wa­tan­dyr! Döw­let diňe hal­ky bi­len döw­let­dir!» di­ýen be­lent şy­gar­la­ryn­dan ruh­lan­ýan halky­my­zyň yh­las­ly zäh­me­ti, röw­şen gel­je­ge sarsmaz yna­my, gazanylýan ösüş­ler, ýe­til­ýän sep­git­ler eziz Di­ýa­ry­my­zyň dün­ýä­dä­ki abraý-mer­te­be­si­niň has-da be­len­de gal­ma­gy­ny şert­len­dir­ýär. Il-ulsumyzyň asu­da, aba­dan dur­mu­şy ug­run­da ýa­daw­syz ala­da­la­ry edip,Wa­ta­ny­my­zy ösüş­le­riň röw­şen ýo­ly bi­len ynam­ly öňe alyp bar­ýan Mil­li Li­de­ri­miziň hem-de hor­mat­ly Preziden­ti­mi­ziň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak bol­sun! 

 

Saparmyrat OWGANOW, 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler 

partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, 

Mejlisiň deputaty.