Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Watany söýmegiň, şan-şöhratyny belende galdyrmagyň nusgasyny görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi döwletimiziň berkararlygynyň, mähriban halkymyza täze üstünlikleriň garaşýandygynyň, belent sepgitlere ýetmegiň gözbaşynda bolsa il agzybirliginiň, ýurt parahatçylygynyň durandygynyň aýdyň mysaly boldy. Döwletli maslahatda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň eden taryhy çykyşlary her bir raýatyň öz iş ýerinde halal zähmet çekmek bilen, ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşmaga bolan hyjuwyny artdyrdy.
Taryhy mejlisiň tutuş dowamynda ýurdumyzyň ösüşdir özgerişlerine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyna, nurana ertirine dahylly, ajaýyp döwrümiziň iň bir möhüm ugurlaryna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Onda dürli ýaşdaky, dürli kärdäki bagtyýar adamlaryň pikir-garaýyşlary diňlenildi. Ýokary ruhubelentlikde geçen mejlis Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň mynasyp dowam etdirilýändigini, Arkadagly Serdarymyzyň ähli tagallalarynyň, aladalarynyň röwşen ykbally halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagyna gönükdirilýändigini ýene bir gezek subut etdi.
Hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesi bolan «Altyn Aý» altyn nyşanynyň gowşurylmagy bilen, Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy has-da guwandyryjy pursat boldy. Munuň özi bagtyýar halkymyzyň agzybirliginiň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, bir maksada gulluk edilýändiginiň aýdyň mysalydyr, halkymyzyň özboluşly milli demokratik ýörelgesiniň belent derejelere göterilýändiginiň güwäsidir.
Döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda şanly waka bolan Halk Maslahatynyň mejlisinde garalan meseleler we kabul edilen çözgütler, ilkinji nobatda, il-ýurt bähbidinden ugur alýandygy bilen has-da ähmiýetlidir. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, jemgyýetimizi demokratiýalaşdyrmak, milli kanunçylygy berkitmek bilen bir hatarda, energetika, senagat, oba hojalygy pudaklaryny, ulag-logistika, saglygy goraýyş, bilim, sport we medeniýet ulgamlaryny sazlaşykly ösdürmek bilen baglanyşykly amala aşyrylan we aşyrylmaly işler barada aýdanlary geljekki gazanylmaly ösüşlere badalga berýär. Şunda Arkadagly Serdarymyzyň ähli pudaklarda işleri döwrebap guramak bilen bagly her bir başlangyjy ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösmeginde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagynda örän uly ähmiýete eýedir. Halk Maslahatynyň mejlisinde garalan meseleler, kabul edilen çözgütler, öňde goýlan anyk wezipeler we aýdyň maksatlar ata Watanymyzyň mundan beýläk-de bedew batly ösüş-özgerişlere beslenjekdiginden habar berýär. Şeýle çözgütleriň geljegiň röwşen ýoluny aýdyň kesgitleýändigini bellemek gerek.
Annabagt Maýewa,
welaýat Baş bilim müdirliginiň esasy hünärmeni, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.