Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda bu guramanyň ýurtlary bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklary ilerletmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
Soňky ýyllarda bu gurama bilen dürli taslamalaryň, bilelikdäki maksatnamalaryň ençemesi üstünlikli amala aşyryldy. «Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi» bilelikdäki komitetiniň, parlamentara dialogynyň, adam hukuklary boýunça dialogynyň, daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky geňeşmeleriň çäklerinde yzygiderli duşuşyklar guralýar. Golaýda Brýussel şäherinde ýerleşýän Ýewropa Parlamentiniň binasynda geçirilen Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň 7-nji parlamentara duşuşygy hem özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmakda netijeli meýdança öwrüldi. Ýurdumyzyň parlament wekiliýetiniň düzümi Mejlisiň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar, Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, Kada-kanunçylyk, Ykdysady meseleler, Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetleriniň ýolbaşçylaryndan hem-de agzalaryndan ybarat boldy. Ýewropa Parlamentiniň degişli toparyna bolsa ÝB-niň Merkezi Aziýa we Mongoliýa bilen gatnaşyklar boýunça wekiliýetiniň başlygy Juzi Prinçi ýolbaşçylyk etdi.
Duşuşykda Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak we söwda-maýa goýum gatnaşyklaryny giňeltmek ugrundaky tagallalaryna aýratyn üns berildi. Türkmen tarapynyň wekilleri öz çykyşlarynda adam hukuklaryny goramak we durmuş kepilliklerini berkitmek babatda Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýetini belläp, ýurdumyzda raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça gazanylan üstünlikler barada durup geçdiler. Şunda ýurdumyzyň bu abraýly düzüm bilen gepleşiklere açykdygy mälim edildi. Hususan-da, Mejlisiň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň agzasy S.Arazow Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklar, bazar amallary, bilim ulgamy ýaly ugurlarda alnyp barylýan özara hereketlere ünsi çekdi. Çünki Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi hasaplanýan ýurdumyz Ýewropanyň we Aziýanyň çatrygynda geoykdysady taýdan amatly çäkde ýerleşip, bu sebitleriň arasynda uzak möhletleýin söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde ägirt uly mümkinçiliklere eýedir. Türkmenistan tebigy gaz gorlary boýunça dünýäde öňdäki ýurtlaryň hataryna girýär. Şoňa görä, gepleşikleriň dowamynda türkmen tarapynyň milli nebitgaz senagatyny ösdürmegiň degişli maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreleri durmuşa geçirmek üçin mawy ýangyjy diwersifikasiýa ýoly bilen daşary ýurt bazarlaryna çykarmaga, bu ugurda Ýewropa Bileleşigi bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändigi aýdyldy. Şeýle-de taraplar özara arabaglanyşygy güýçlendirmek maksady bilen ozaldan hereket edýän we meýilleşdirilýän sebitleýin ulag başlangyçlarynyň ähmiýetini nygtap, ulag-infrastruktura pudagyndaky hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy B.Myradowa, öz gezeginde, döwletimiziň daşky gurşawy goramak hem-de ekologiýa syýasatynyň mazmuny, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak we netijeli dolandyrmak babatda alnyp barylýan işler hakynda giňişleýin çykyş etdi. Sebäbi häzirki zaman şertlerinde hut şu ugurlar «Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa» formatyndaky hyzmatdaşlygyň gün tertibinde-de möhüm orny eýeleýär. Ýeri gelende, ýurdumyzda Ýewropa Bileleşiginiň maliýeleşdirmeginde, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) ýerine ýetirmeginde «Ýewropa Bileleşigi «ýaşyl» Türkmenistan üçin: 2024 — 2028-nji ýyllarda howa boýunça hereketleriň syýasy dialogy» atly taslamanyň işe girizilendigini bellemek gerek. Bu taslamanyň maksady Türkmenistanyň Howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýasynyň amala aşyrylmagyny goldamakdan hem-de energetika, daşky gurşawy goramak çygyrlarynda ÝB bilen netijeli syýasy dialogy ýola goýmakdan ybaratdyr.
Adam hukuklaryna, kanunyň hökmürowanlygyna, durmuş syýasatyna üns bermek bilen, Türkmenistanda raýat jemgyýetçilik guramalaryny güýçlendirmek we esasy hukuklar, bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri bolsa Mejlisiň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agzasy B.Seýilowyň çykyşynyň esasy mazmunyny düzdi. Şunda adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýän Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklaryny, azatlyklaryny kepillendirýän konwensiýalarynyň onlarçasyna goşulyp, olaryň kadalarynyň milli kanunçylygymyza yzygiderli ornaşdyrylýandygy aýratyn nygtaldy. Hususan-da, Ýewropa Parlamentiniň wekilleri ýurdumyzda Zähmet gatnaşyklarynyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek üçin Halkara Zähmet Guramasy bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk, gender deňligi, ilaty durmuş taýdan goramak, ýokary hilli bilime elýeterliligi üpjün etmek babatda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn işler bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Çykyşlar tamamlanandan soňra, Ýewropa Parlamentiniň Merkezi Aziýa we Mongoliýa toparynyň agzalary özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlendiler.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar geljegi uly ugurlarda bilelikdäki oňyn hereketleri dowam etdirmegiň, akademiki alyşmalaryň, sebitara hyzmatdaşlygyň ilerledilmeginiň zerurdygyny tassykladylar. Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa we Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň bilim ministrleriniň, şeýle-de ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygyny geçirmek baradaky teklibi hem goldady. Şeýle-de Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň 8-nji parlamentara duşuşygyny Türkmenistanda geçirmek hakynda ylalaşyk gazanyldy.
«Ýewropanyň paýtagtynda» geçirilen nobatdaky parlament duşuşygynyň Ýewropa ýurtlary bilen gyzyklanma bildirilýän ugurlarda özara gatnaşyklaryň gerimini has-da giňeltmäge, Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine oňyn täsirini ýetirjekdigine berk ynanýarys.
Ýusupguly EŞŞÄÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygy