Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
21.11.2024

BAGY-BOSSANLY DIÝARYMYZ

 

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen türkmen topragynyň tebigatyny goramakda, daşky gurşawyň ýagdaýyny sagdynlaşdyrmakda giň möçberli işlere badalga berilýär. Bu ulgamyň kanunçylyk-hukuk binýady kämilleşdirilip, bu babatda öňde durýan meseleleriň oňyn çözgütlerine giň ýol açyldy. Hakykatdanam, gözel tebigatymyz öýümiz bolany üçin onuň baý we gaýtalanmajak haýwanat we ösümlik dünýäsini aýawly saklamaga çalyşmalydyrys. 

Bu wezipe juda derwaýys bolany üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyz şu meseläni hemişe üns merkezinde saklaýar. Onsoňam, tebigatymyzy aýawly saklamakda her birimiziň saldamly goşandymyz bolmalydyr. Sebäbi, gözel ülkämiziň haýwanat we ösümlik dünýäsiniň köpdürlüligini saklap, ony geljekki nesillere ýetirmek şu günki nesliň, derwaýys wezipesidir. Tebigatymyza söýgüni, oňa örän aýawly çemeleşmegi terbiýelemek hem wajyp wezipe bolmagynda galýar. Şol bir wagtda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek bilen bagly döwletimiz boýunça geçirilýän çäreleriňem ähmiýeti uludyr. Tebigaty goramak her birimiziň jana-jan borjumyz bolany üçin bu işden hiç birimiz çetde galmaly däldiris. 

Türkmen topragy ýylyň hemme paslynda-da özüne çekiji gözelligi bilen tapawutlanýar. Ýöne pasyllaryň şasy hasaplanýan ýaz paslynda welin, tebigatymyzyň gözelligini görmäge göz, taryplamaga söz gerek. Baharda sähralarymyzyň gül-gülälekli ýaýlalary nepis halyny ýadyňa salyp, ony synladygyňça synlasyň gelýär. Baýyrlaryň gözüň ýagyny iýip gelýän diýilýän gyzyl gülälege bürenen ýapylaryny, çigildemleriň buýsançly başlaryny baharyň jana şypaly şemalyna başlaryny yrap oturyşlaryny synlamak kalbyňda gözel tebigatymyza buýsanjy, guwanjy döredýär. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bag ekmek dabarasy asylly däbe öwrüldi. Indi bag ekmek dabaralary zähmet baýramçylygy görnüşinde geçirilip, il-günümizde gyzgyn goldaw tapýar. 

 

Çary GURBANMYRADOW.

Mary etrap hassahanasynyň 2-nji 

çagalar bölüminiň müdiri, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty