Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Durnukly ösüşi ilerletmekde, sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakda zenanlaryň ornuny berkitmäge ygrarly bolan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynda 2024-nji ýylda Gyrgyz Respublikasy başlyklyk etdi. Ýörite taýýarlanan meýilnama laýyklykda, dostlukly döwletde maý we oktýabr aýlarynda dürli çäreler geçirilip, olarda kanun çykaryjylyk işinde, howanyň üýtgemeginiň täsirlerini peseltmekde, suw serişdelerini tygşytly ulanmakda, telekeçilikde, innowasiýalarda, ykdysady we beýleki ugurlarda zenanlaryň ornuny ýokarlandyrmaga degişli meseleleriň giň toplumyna garaldy. Ýakynda Bişkekde bu düzümiň jemleýji maslahaty guralyp, oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary hem gatnaşdylar.
Maslahatyň başynda oňa gatnaşyjylar «Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynda zenan innowatorlar durmuş-ykdysady ösüşiň tizleşdirijisi hökmünde» ady bilen guralan sergä aýlanyp görüp, zenanlaryň oýlap tapyşlarynyň netijesinde taýýarlanan işler bilen ýakyndan tanyşdylar. Şunda Gyrgyz Respublikasynyň geografik taýdan ýerleşiş aýratynlyklaryna laýyklykda, öz ýurdunda baý bolan çig mallary ylmy taýdan öwrenmek, gaýtadan işlemek bilen taýýarlanan, bu ugurda ilkinji ädimleri äden gyrgyz telekeçi gelin-gyzlarynyň başlangyçlary aýratyn gyzyklanma döretdi. Şolaryň arasynda goýun ýüňüni gaýtadan işläp alnan ekinleriň mör-möjeklerine garşy dermanlyk serişdeleri, diwar bezegleriniň täze görnüşleri, dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan çaýlar, kişde we kişmişler bilen baýlaşdyrylan lukumlaryň, ary balynyň görnüşleri, guradylan miwelerden taýýarlanan çipsiler, kir ýuwujy serişdeler we beýlekiler bar. Telekeçi zenanlar tarapyndan hödürlenen önümleriň ekologik taýdan arassadygy has-da guwandyryjydyr.
«Ala-Arça» döwlet kabulhanasynda geçirilen jemleýji maslahatda bolsa zenanlaryň başlangyçlaryna we telekeçiligine goldaw bermek boýunça milli tejribeler baradaky çykyşlar diňlenilip, bäş ýurduň bu ugurda ileri tutýan garaýyşlary beýan edildi. Türkmen tarapynyň wekilleri-de, öz gezeginde, ýurdumyzda alnyp barylýan gender syýasaty, zenanlaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligini artdyrmak, olaryň mümkinçiliklerini giňeltmek babatda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Mälim bolşy ýaly, Gazagystan Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Täjigistan Respublikasy, Türkmenistan hem-de Özbegistan Respublikasy tarapyndan, BMG-niň goldaw bermeginde 2020-nji ýylyň dekabrynda döredilen zenanlaryň dialogy Merkezi Aziýada şeýle görnüşdäki ilkinji düzümdir. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynda 2021-nji ýylda Özbegistan, 2022-nji ýylda Türkmenistan, 2023-nji ýylda Gazagystan, 2024-nji ýylda Gyrgyzystan başlyklyk etdi. 2025-nji ýylda bolsa bu wezipäni Täjigistan ýerine ýetirer. Şunda bu düzümde ýurdumyzyň başlyklyk etmeginiň çäginde netijeli işleriň alnyp barlandygyny aýratyn nygtamak gerek. Türkmenistan dialogyň çäginde oňa gatnaşyjy ýurtlar, halkara guramalar bilen gender deňligini, parahatçylygy we durnukly ösüşi, daşky gurşawy goramagy üpjün etmek, zenanlar telekeçiligini goldamak, kanun çykaryjylyk hem-de döwlet syýasaty derejesinde zenanlaryň durmuş goraglylygyny berkitmek ýaly ugurlar boýunça üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. 2021-nji ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guralan Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy bilen ugurdaşlykda zenanlaryň dialogynyň mejlisi hem geçirildi. 2022-nji ýylyň maýynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň zenanlarynyň dialogy-da bu ugurda tejribeleri baýlaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.
Bu günki gün ýurdumyzda döredilýän mümkinçilikleriň netijesinde türkmenistanly zenanlar jemgyýetiň doly hukukly agzalary hökmünde döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji, kazyýet edaralarynda we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda giňden wekilçilik edýärler. Zenanlaryň ykdysadyýetiň hususy bölegindäki işjeňligi hem barha artýar. Olaryň jemgyýetçilik durmuşyndaky, ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekdäki orny has-da ýokarlanýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasy, «Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynda zenanlardyr erkekleriň öz raýatlyk işjeňligini ösdürmäge bolan hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirýär. Ýurdumyzda 2021 — 2025-nji ýyllarda gender deňligi boýunça Hereketleriň milli meýilnamasy hereket edýär. Aýallara we erkeklere zähmet çekmäge deň mümkinçilikler, hünäri erkin saýlap almak, telekeçilik işini amala aşyrmak, zähmet işini ene-ata borçlary bilen utgaşdyrmak, zähmetiň howpsuz şertlerine deň hukuklar, deň derejeli zähmet üçin deň hak almak döwlet tarapyndan kepillendirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda zenanlardyr ýaşlaryň ylmy barlaglary alyp barmaklary, oýlap tapyşlarynyň netijelerini milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ornaşdyrmaklary üçin amatly şertler döredilýär. Zenanlaryň telekeçilik işi bilen meşgullanmaklarynyň döwlet tarapyndan goldanylmagyna uly ähmiýet berilýär, olara ýeňillikli şertlerde ýer bölekleri, uzak möhletleýin karzlar berilýär. Bular Garaşsyz döwletimiziň halkara resminamalara laýyklykda öz üstüne alan borçnamalaryny doly berjaý edýändigini aýdyň görkezýän mysallaryň käbiridir. Syýasy ulgamyň kämilleşmegi, ösdürilmegi, ýurdumyzda gender deňligini gazanmakda häkimiýetiň we jemgyýetçilik guramalarynyň ysnyşykly hyzmatdaşlygyny göz öňünde tutýan jemgyýetiň döredilmegi bilen, gender syýasatynyň ähmiýeti barha artýar. Çünki gender deňligini üpjün etmek durmuş adalatlylygynyň talaby, demokratiýanyň zerur bölegi bolup durýar. Türkmenistanyň 2018 — 2022-nji ýyllar üçin BMG-niň Zenanlaryň ýagdaýy boýunça komissiýasyna, 2022 — 2024-nji ýyllarda BMG-niň Gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmegi meseleleri boýunça düzüminiň (BMG — Zenanlar) Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanylmagy bu ugurda amala aşyrylýan işleriň netijeli häsiýete eýedigine, döwletimiz tarapyndan amala aşyrylýan gender syýasatynyň giň goldawa mynasyp bolýandygyna şaýatlyk edýär. Ýurdumyz hukuklary durmuşa geçirmek üçin deň mümkinçilikleriň döredilmegini göz öňünde tutýan BMG-niň zenanlar babatda kemsitmeleriň ähli görnüşlerini aradan aýyrmak baradaky konwensiýalarynyň birnäçesine goşuldy. Olarda ileri tutulýan ugurlar Esasy Kanunymyzyň kadalary bilen hem sazlaşykly utgaşýar. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy bolsa sebit döwletleriniň bu möhüm ugurda gazananlary, geljekki meýilnamalary hakyndaky maglumatlar bilen tanyşmak, umumy bähbitlere kybap gelýän sebit gatnaşyklaryny has-da ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin oňat mümkinçilik bolup durýar. Sebäbi hemmeler üçin adam hukuklaryny amala aşyrmak, gender deňligini üpjün etmek, zenanlardyr gyzlaryň hukuklaryny giňeltmek meselesi 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde-de esasy şertleriň biri hasaplanýar.
Gyrgyzystanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynda başlyklyk etmeginiň çäginde geçirilen jemleýji maslahatda hem, ine, şu meselelere aýratyn üns çekilip, dostlukly ýurt tarapyndan ýylyň dowamynda alnyp barlan işlere syn berildi. Öňe sürlen tekliplerdir başlangyçlar bolsa Jemleýji resminamada öz beýanyny tapdy. Şeýle çäreler ykrar edilen sebit meýdançalarynyň çäginde zenanlaryň innowasion mümkinçiliklerini giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, birek-biregiň tejribeleri bilen tanyşmak, şol sanda biziň ýurdumyzyň gender syýasatynyň many-mazmunyny hem giňden açyp görkezmek üçin örän amatly mümkinçilikdir.
Bahar SEÝIDOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet
we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy.