Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Berkarar Watanymyzyň egsilmez kuwwaty bolan ýaş nesiller hakyndaky alada ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýaşlaryň bagtyýarlygyny, nurana geljegini üpjün etmek babatda edilýän işleri durmuşa geçirilýän taryhy tutumlaryň ählisinde hem görmek bolýar. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys» diýip, ýaşlara uly ynam bildirýär.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan iri taslamalar halkymyzyň, aýratyn-da, ýaş nesilleriň buýsanjyny goşalandyrýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmegiň tamamlaýjy tapgyry bolan Balkan — Daşoguz ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisi hem-de elektrik beketleri açylyp ulanmaga berildi. Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň, Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesindäki Halkara howa menziliniň, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde iki sany gury ýük gämisiniň ýokary depginlerde alnyp barylýan gurluşyk işleri munuň buýsançly subutnamalarydyr. Şunuň ýaly häzirki zaman önümçilik desgalarynda hem-de alnyp barylýan gurluşyklarda ýaşlaryň yhlasly zähmet çekýändikleri bolsa diýseň guwandyryjydyr.
Watansöýüji, ukyp-başarnykly, beden taýdan sagdyn ýaş nesilleri kemala getirmek Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiziň üstünlikli dowam etdirýän ösüş strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan ýylyň-ýylyna ýurdumyzyň zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanýan ýaşlaryna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylmagy uly ähmiýete eýedir.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Watanymyzyň geljegi ýaşlarymyz bilendir. Olar ata Watanymyza, halkymyza wepaly, ata-babalarymyzyň döwletlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, zähmetsöýer, watansöýüji, päk ahlakly ýaşlar bolmalydyr. Şeýle belent adamkärçilik sypatlary bilen Watanymyzyň, türkmen halkymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende götermelidirler» diýip belleýär. Munuň özi ýurdumyzyň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň çuňňur mazmunyny açyp görkezýär.
Ata Watanymyzyň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty dünýä jemgyýetçiliginde uly goldawa eýe bolýar. Geçen ýyl Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi munuň aýdyň beýanydyr. Bu bolsa ýurdumyzda halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, şeýle hem ýaş nesliň ruhy-ahlak, medeni, aň-paýhas we beden taýdan sazlaşykly ösmegini üpjün etmek babatda ägirt uly işleriň alnyp barylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Ajaýyp zamanamyzyň päk göwünli, arassa ahlakly, maksatlary aýdyň bagtyýar nesillerini terbiýeläp ýetişdirmekde zerur bolan ähli mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Guwanç ÇENDIROW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşiniň
başlygy, Mejlisiň deputaty.