Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
04.12.2024

GELJEK ÝYLYŇ DÖWLET BÝUJETI: OÝLANYŞYKLY ÇÖZGÜTLER, MÖHÜM WEZIPELER

 

30-­njy no­ýab­rda Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­siniň VII ça­gy­ry­ly­şy­nyň ýe­din­ji mas­la­ha­tyn­da de­pu­tat­lar ýur­du­my­zyň esa­sy ma­li­ýe res­mina­ma­sy bo­lan «Türk­me­nis­ta­nyň 2025-­nji ýyl üçin Döw­let býu­je­ti ha­kyn­da» Türk­me­nis­tanyň Ka­nu­ny­nyň tas­la­ma­sy­ny ara alyp mas­lahat­laş­dy­lar hem­-de bi­ra­gyz­dan ka­bul et­di­ler. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu mö­hüm res­mi­nama gol çek­di. Hal­ky­my­zyň ­aba­dan,­ bo­l e­lin ­dur­muş­da­ ýaşamagy,­ iş­le­me­gi,­ dynç­ al­ma­gy­ üçin­ amatly­ şert­le­ri­ dö­ret­mek­de­ wa­jyp­ orun­ eýe­le­ýän,­ döw­le­ti­mi­ziň ­mö­hüm­ we­zi­pe­le­ri­ni ­ber­jaý­ et­megi­ň ­gu­ra­ly­ bo­lan­ Türk­me­nis­ta­nyň­ 2025-­nji­ ýyl üçin ­Döw­let ­býu­je­ti ­ha­kyn­da­ Türkme­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň ­de­pu­tat­la­ry ­bi­len­ taý­ýar­lan ­söh­betdeş­li­gi­mi­zi­ oky­jy­la­ra ­ýe­tir­ýä­ris.

 —­ «Türk­me­nis­ta­nyň­ 2025-­nji­ ýyl­ üçin Döw­let­ býu­je­ti ­ha­kyn­da» Türk­me­nis­tanyň­ Ka­nu­ny­nyň­ Hal­ka­ra­ pa­ra­hat­çy­lyk we­ yna­nyş­mak­ ýylyn­da­ hem ­dün­ýä­niň dost ­do­gan­lyk,­ yla­laş­dy­ry­jy­lyk ­mer­kezi­ bo­lan­ paý­tag­ty­my­zy­ ös­dür­mek­dä­ki or­nu­na,­ Aş­ga­bat­ şä­he­ri­niň­ býu­je­ti­ne syn ber­se­ňiz! 

Sa­par­my­rat­ OW­GA­NOW, Türk­me­nis­ta­nyň ­Mej­li­si­niň­­ deputaty, Türk­me­nis­ta­nyň­­ Se­na­gat­çy­lar­ we­ te­le­ke­çi­ler­­ par­ti­ýa­sy­nyň­ Mer­ke­zi­­ geňe­şi­niň ­baş­ly­gy­­ (Aş­ga­bat ­şä­he­rinden): 

— Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetinde düýpli ösüşler gazanylýar. Durnukly ösüş maksatlarynyň wajyp görkezijilerini ýerine ýetirmek boýunça işler «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda sazlaşykly alnyp barylýar. «Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda geljek ýylda hem paýtagtymyzy ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Aşgabat şäheriniň býujeti 2025-nji ýyl üçin göz öňünde tutulan syýasy, ykdysady, medeni çärelerden, döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan wezipelerden ugur alnyp taýýarlanyldy. Aşgabady has-da ösdürmek boýunça ýylyň-ýylyna giň gerimli işler ýerine ýetirilýär. Geljek ýylda 5000 orunlyk Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň döwrebap binalar toplumynyň, Stomatologiýa merkeziniň, Wirusologiýa, bakteriologiýa we epidemiologiýa ylmy-önümçilik merkeziniň, 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň, 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň hem-de ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklary alnyp barlar. Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer syýasatyna laýyklykda, paýtagtymyzda ýaşaýyş jaýyna aýratyn mätäçligi bolan raýatlarymyza ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin serişdeler 2025-nji ýylda hem göz öňünde tutulan. Paýtagtymyzda ýerasty suwlaryň derejesini peseltmek, lagym we ýagyn suwlaryny akdyryjy ýerasty zeýkeş örtüklerini gurmak, şeýle hem Aşgabat şäherini özgertmek boýunça beýleki desgalaryň gurluşyklary amala aşyrylar. Aşgabat şäheriniň 2025-nji ýyl üçin býujeti 2 739,6 mln. manat möçberinde meýilleşdirilip, bu görkeziji, 2024-nji ýylyň tassyklanan meýilnamasy bilen deňeşdirilende, 12% ýokarydyr. Çykdajylaryň 84,1%-i jemgyýetçilik we durmuş hyzmatlaryny maliýeleşdirmäge gönükdirilendir, şol sanda 47,9%-ni bilime, 8,7%-ni saglygy goraýşa, 1,7%-ni medeniýete, 41,5%-ni ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyna gönükdirmek meýilleşdirilen. 2025-nji ýyl üçin Aşgabat şäheriniň býujetiniň görkezijileri onuň durmuş-ykdysady ösüşiniň ugruny görkezýär we dünýäniň iň owadan şäherleriniň biri hökmündäki derejesini has-da berkitmäge mümkinçilik berer. 

—­ «Ar­ka­dag­ şä­he­ri­ni­ 2024­-2052­-nji ýyl­lar­da­ ös­dür­me­giň­ Konsepsi­ýa­synyň»­ tas­syk­lan­ma­gy ­döw­let­ äh­mi­ýet­li şä­he­riň­ äh­li­ ulgamla­ry­ny­ saz­la­şyk­ly we­ dur­nuk­ly­ ös­dür­mek,­ ila­tyň­ ýa­şama­gy­na,­ zähmet­ çek­me­gi­ne,­ dynç­ alma­gy­na­ gö­nük­di­ri­len ­amat­lyk­la­ry­ yzygi­der­li­ üp­jün­ et­mek­ bo­ýun­ça­ mö­hüm we­zi­pe­le­ri­ öň­de­ goý­ýar.­ Şu­lar­ bi­len baglylyk­da,­ Ar­ka­dag­ şä­he­ri­niň­ gel­jek ýyl ­üçin ­býu­je­tin­de­n nä­hi­li­ özgertme­ler göz ­öňün­de ­tu­tul­ýar? 

Aý­sol­tan­ ŞA­MY­RA­DO­WA, Türk­me­nis­ta­nyň­ Mej­li­si­niň­ deputa­ty­­ (Ar­ka­dag ­şä­he­rinden): 

— Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýadawsyz tagallalaryndan kemala gelen döwlet ähmiýetli Arkadag şäheri sanly, «ýaşyl» tehnologiýalaryň mümkinçiliklerine daýanýan «akylly» şäheriň nusgasydyr. Häzirki wagtda Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy batly depginlerde dowam etdirilýär. «Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanuny taýýarlanylanda, bu işleri 2026-njy ýylda dowam etdirmek we öz wagtynda tamamlamak boýunça çäreler göz öňünde tutuldy. Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda umumy bilim berýän orta mekdepleriň 5-siniň, çagalar baglarynyň 9-synyň, saglyk öýüniň, ýangyna garşy göreş gullugynyň, häkimligiň edara binasynyň, «Saglyk» seýilgähiniň, 2 gatly, 5 gatly, 7 gatly, 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 182-siniň, agyz suw, gaz, elektrik geçirijileriniň, aragatnaşyk ulgamlarynyň, awtomobil ýollarynyň, sil suwlaryny sowujy akabalaryň gurluşygy we beýlekiler amala aşyrylar. Täze önümçilik kärhanalary hem peýda bolar. Geljek ýylda Arkadag şäherinde bellenilen taslamalary, şeýle hem «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasynda» kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek üçin uly möçberde maýa goýumlary özleşdirmek göz öňünde tutulýar. 2025-nji ýyl üçin Arkadag şäheriniň býujeti 283,2 mln. manat möçberinde meýilleşdirilen. Şäheriň býujetiniň girdejileri doly geçirilýän salgytlaryň we tölegleriň, şeýle hem merkezleşdirilen býujete doly gelip gowuşýan umumy döwlet salgytlaryndan ýerli býujetlere geçirimleriň hasabyna emele getiriler. Çykdajylaryň 94,7%-ni durmuş-medeni ulgamy maliýeleşdirmäge gönükdirmek meýilleşdirilen. Şol serişdeleriň 30,8%-i bilimi, 45,2%-i saglygy goraýşy, 8,8%-i medeniýet ulgamlaryny, 14,9%-i ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyny maliýeleşdirmäge gönükdiriler. Býujetde şäheriň durmuş-ykdysady wezipelerini durmuşa geçirmäge zerur bolan serişdeler hem göz öňünde tutulan. 

—­ Hor­mat­ly­ de­pu­tat­lar,­ döw­le­ti­mi­ziň gel­jek­ ýyl ­üçin ­esa­sy ­ma­li­ýe res­mi­nama­syn­da­ se­bit­ sy­ýa­sa­ty­na­ nä­hi­li­ üns ber­len­di­gi,­ ýur­du­my­zyň­ sena­gat­ we oba­ ho­ja­lyk ­ba­bat­da ösen­ se­bit­le­ri­niň bi­ri­ bo­lan­ Ahal­ welaýa­ty­nyň­ býu­je­ti ­hakyn­da ­söh­be­ti­mi­zi ­do­wam ­et­di­räý­sek! 

Ma­ýa ­HO­JY­ÝE­WA, Türk­me­nis­ta­nyň­ Mej­li­si­niň­ de­pu­ta­ty­­ (Ahal­ we­la­ýa­tyndan): 

— Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda», beýleki döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan wezipelerden ugur alnyp taýýarlanylan ýurdumyzyň esasy maliýe resminamasy hakynda, ýagny «Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi we onda sebit syýasatyna aýratyn üns berilmegi guwandyryjydyr. Ahal welaýaty ýurdumyzyň senagat we oba hojalyk babatda ösen sebitleriniň biri bolup, welaýatyň geografik ýerleşişi, tebigy baýlyklary, işçi güýjüniň mümkinçilikleri sebitde ykdysadyýetiň pudaklaryny sazlaşykly ösdürmäge mümkinçilik berýär. Sebitiň senagatynyň esasyny gaz, elektroenergetika, himiýa, ýeňil senagat, gurluşyk önümlerini öndürýän kärhanalar emele getirýär. Geljek ýylda gurluşyk materiallarynyň öndürilişiniň ösüş depginlerini ýokarlandyrmagyň, şeýle hem täze önümçilik desgalaryny işe girizmegiň hasabyna önümleriň görnüşlerini we sanawyny giňeltmek göz öňünde tutulýar. 2025-nji ýylda Ahal welaýatynda uly möçberde maýa goýumlary özleşdirmek meýilleşdirilen. Geljek ýylda welaýatyň çäginde durmuş maksatly binalaryň birnäçesiniň gurluşyklaryny amala aşyrmak göz öňünde tutulýar, olaryň hatarynda çagalar baglarynyň, umumybilim berýän orta mekdepleriň, «Arçman» şypahanasynda goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň gurluşygy bar. Welaýatyň önümçilik kuwwatlylygyny ösdürmek maksady bilen, senagat we önümçilik desgalarynyň gurluşyklary amala aşyrylar. Olaryň hatarynda Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň düzüminde karbamidli-formaldegid konsentratyny öndürýän desgany gurmak, Ak bugdaý etrabynda 11 gektar meýdanda Köpugurly dokma fabrigini gurmak, Gökdepe etrabynda çüýşe önümlerini öndürýän önümhanany we bakja ekinleri ýetişdirilýän ýyladyşhanalaryň gurluşyklaryny amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. 2025-nji ýyl üçin Ahal welaýatynyň býujeti 1 828,6 mln. manat möçberinde meýilleşdirilip, bu görkeziji, 2024-nji ýylyň tassyklanan meýilnamasy bilen deňeşdirilende, 10,2% ýokarydyr. Çykdajylaryň 88,6%-ni durmuş-medeni ulgamlary maliýeleşdirmäge gönükdirmek meýilleşdirilen. Şol serişdeleriň 68,9%-ni bilimi, 16,9%-ni saglygy goraýşy, 2,3%-ni medeniýeti, şeýle hem 11,7%-ni ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyny maliýeleşdirmäge gönükdirmek göz öňünde tutulýar. Döwlet syýasatynyň ynsanperwerlik ýörelgeleri esasynda welaýatda ýaşaýyş jaýyna aýratyn mätäçligi bolan raýatlarymyza ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin serişdeler hem göz öňünde tutulan. 

—­ Bal­kan­ we­la­ýa­ty­nyň­ 2025-­nji­ ýyl üçin­ býu­je­ti­niň­ gör­ke­zi­ji­le­ri,­ dur­muş yk­dy­sa­dy­ ug­ra­ gö­nük­di­ri­len­ se­riş­de­leri ­ha­kyn­da­ aý­daý­sa­ňyz! 

We­zir­gel­di­ AŞY­ROW, Türk­me­nis­ta­nyň ­Mej­li­si­niň ­de­pu­ta­ty­­ (Balkan­ we­la­ýa­tyndan): 

— Balkan welaýaty ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde möhüm orun eýeleýän sebitleriň biri bolmagynda galýar. Welaýatda ýangyç, energetika, himiýa toplumlarynyň, ýeňil we azyk senagatynyň önümçiliginiň yzygiderli artmagy ýurdumyzyň ykdysady ösüşine uly goşant goşýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda ýurdumyzda üstaşyr-ulag geçelgelerini döretmekde we netijeli peýdalanmakda Balkan welaýatynda giň mümkinçilikler döredilýär. Welaýatda durmuş ulgamyny ösdürmäge uly üns berilýär. Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde, 2025-nji ýylda durmuş maksatly binalaryň birnäçesiniň gurluşygy göz öňünde tutulýar. 2025-nji ýylda Balkan welaýatynda uly möçberde maýa goýumlary özleşdirmek meýilleşdirilýär. Balkan welaýaty boýunça maýa goýum taslamasyny ýerine ýetirmegiň çäginde durmuş maksatly binalaryň gurluşyklaryny amala aşyrmak göz öňünde tutulýar, olaryň hatarynda hassahanalaryň, umumybilim berýän orta mekdepleriň we medeniýet öýüniň gurluşyklary bar. Şeýle-de, Balkanabat şäherindäki Jebel menzilinde täze döwrebap binalary gurmak, kuwwatlylygy 1574 MWt bolan, utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Kenar sorujy bekediniň, deňiz suwuny süýjediji desgalaryň gurluşyklaryny dowam etdirmek, Jebel şäherçesinde sagatda 100 ýolagça hyzmat etjek howa menziliniň, «Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi» döwrebap awtomobil ýolunyň, suw we lagym geçirijileriň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklaryny amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. 2025-nji ýyl üçin Balkan welaýatynyň býujetinde aýratyn mätäçlik çekýän raýatlarymyza ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin serişdeler hem göz öňünde tutulan. Balkan welaýatynyň 2025-nji ýyl üçin býujeti 1 657,4 mln. manat möçberinde meýilleşdirilip, bu görkeziji, 2024-nji ýylyň tassyklanan meýilnamasy bilen deňeşdirilende, 7,7% ýokarydyr. Çykdajylaryň 87,8%-niň durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirilmegi aýratyn bellärliklidir. Bu çykdajylaryň 54,1%-i bilime, 17,2%-i saglygy goraýşa, 2,7%-i medeniýete, 25,6%-i ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyna gönükdiriler. 2025-nji ýyl üçin Balkan welaýatynyň býujetiniň görkezijileri onuň durmuş-ykdysady ugra gönükdirilendigini we munuň üçin zerur bolan serişdeleriň göz öňünde tutulandygyny görkezýär. 

—­ Da­şo­guz­ we­la­ýa­ty­nyň­ gel­jek­ ýyl üçin­ býu­je­ti­ nä­hi­li­ meýilleşdirilen,­ sebi­ti­ dur­muş­-yk­dy­sa­dy­ taý­dan­ ös­dürmek­de­ nä­hi­li­ taslama­lar­ dur­mu­şa­ geçi­ri­ler? 

Ýa­kup­ ATA­BA­ÝEW, Türk­me­nis­ta­nyň­ Mej­li­si­niň­ de­pu­ta­ty­­ (Daşoguz­ we­la­ýa­tyndan): 

— Daşoguz welaýatynyň ykdysady-önümçilik mümkinçilikleriniň esasyny senagat hem-de oba hojalyk pudaklary düzýär. Welaýatyň oba hojalygynda pagtaçylyk we däneçilik ileri tutulýan ugurlardyr. Welaýatyň agrosenagat toplumynda, şol sanda ekerançylykda, maldarçylykda täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga, suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga, bugdaýyň, pagtanyň, şalynyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga aýratyn üns berilýär. Daşoguz welaýatynyň 2025-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasy sebiti mundan beýläk hem durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilendir. Geljek ýylda welaýatda uly möçberde düýpli maýa goýumlary özleşdirmek meýilleşdirilen. Welaýatyň çäginde birnäçe durmuş maksatly binalaryň gurluşyklaryny amala aşyrmak göz öňünde tutulýar, olaryň içinde saglyk öýleriniň, çagalar baglarynyň, umumybilim berýän mekdepleriň, suw we lagym geçirijileriň, awtomobil ýollarynyň gurluşyklary bar. Geljek ýylda welaýatda ýaşaýyş jaýlaryň gurluşygy dowam etdiriler. Aýratyn mätäçlik çekýän raýatlarymyz üçin welaýatyň çäginde ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin serişdeler hem Döwlet býujetinde göz öňünde tutulan. Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabynda iri dokma toplumynyň, Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Köneürgenç etrabyndaky haly önümhanasynyň gurluşygy, Şasenem akabasynyň durkuny täzelemek hem-de umumy göwrümi 90 mln.m3 bolan suw howdanyny gurmak, Daşoguz şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezini bina etmek göz öňünde tutulýar. 2025-nji ýyl üçin Daşoguz welaýatynyň býujeti 2 780,2 mln. manat möçberinde meýilleşdirilip, bu görkeziji, 2024-nji ýylyň tassyklanan meýilnamasy bilen deňeşdirilende, 12,2% ýokarydyr. Welaýatyň býujetiniň girdejileri doly geçirilýän salgytlaryň we tölegleriň, şeýle hem merkezleşdirilen býujete doly gelip gowuşýan umumy döwlet salgytlaryndan ýerli býujetlere geçirimleriň hasabyna emele getiriler. Çykdajylaryň 91,5%-i durmuş-medeni maksatly ulgamy maliýeleşdirmäge gönükdiriler. Çykdajylaryň bu möçberinden 69,7%-i bili me, 17,7%-i saglygy goraýşa, 2%-i medeniýete we 10,3%-i ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyna gönükdiriler. 

—­Le­bap­ we­la­ýa­ty­nyň­ 2025-­nji­ ýyl­ üçin býu­je­ti­niň­ gör­ke­zi­ji­le­ri, gün­do­gar­ se­bitiň ­uly­ yk­dy­sa­dy­ müm­kin­çi­lik­le­ri­ne ­laýyk­lyk­da meýilleşdi­ri­len ­iş­ler ­ha­kyn­da gür­rüň ­be­räý­se­ňiz!­ 

Aman­gel­di­ HEZ­ZI­ÝEW, Türk­me­nis­ta­nyň­ Mej­li­si­niň ­de­pu­ta­ty­­ (Lebap­ we­la­ýa­tyndan):

 — Ýurdumyzyň gündogar sebitinde ägirt uly ykdysady mümkinçilikleriň bolmagy onuň ykdysady we durmuş taýdan ösmegine giň ýol açýar. Sebitiň gaz, nebit, energetika, himiýa senagatlary, oba hojalygy düýpli özgerýär. Ýangyç-energetika pudagy welaýatyň senagatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. 2025-nji ýylda Lebap welaýatynda uly möçberde düýpli maýa goýumlary özleşdirmek göz öňünde tutulýar. Geljek ýylda welaýatyň çäginde durmuş maksatly binalaryň birnäçesiniň gurluşyklary amala aşyrylar. Hassahana gurmak, durkuny täzelemek, çagalar baglarynyň, umumybilim berýän mekdepleriň we medeniýet öýüniň gurluşyklaryny amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Geljek ýyl welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy dowam etdiriler. Döwlet býujetinde aýratyn mätäçlik çekýän raýatlarymyz üçin welaýatyň çäginde ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin serişdeler hem göz öňünde tutuldy. Welaýatyň önümçilik kuwwatlylygyny artdyrmak üçin senagat we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyklary amala aşyrylar. Olaryň hatarynda Köýtendag nebit kärhanasynyň durkuny täzelemek we ony giňeltmek, Lebap Döwlet elektrik stansiýasynyň gaz turbina desgalaryny utgaşykly dolanyşyga geçirmek, «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» suw howdanynyň II nobatdakysynyň hem-de täze suw ýatagynyň gurluşygy, Saýat etrabynda täze tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen suwaryş, zeýkeş ulgamlaryny kämilleşdirmek, Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň haly önümhanasyny gurmak göz öňünde tutulýar. Lebap welaýatynyň 2025-nji ýyl üçin býujeti 3 084,3 mln. manat möçberinde meýilleşdirilip, bu görkeziji, 2024-nji ýylyň tassyklanan meýilnamasy bilen deňeşdirilende, 10,9% ýokarydyr. Welaýatyň býujetiniň girdejileri doly geçirilýän salgytlaryň we tölegleriň, şeýle hem merkezleşdirilen býujete doly gelip gowuşýan umumy döwlet salgytlaryndan ýerli býujetlere geçirimleriň hasabyna emele getiriler. Çykdajylaryň 92,2%-ni durmuş ulgamlaryny maliýeleşdirmäge gönükdirmek meýilleşdirilen. Şol çykdajylaryň 69,5%-i bilime, 18,4%-i saglygy goraýşa, 2,3%-i medeniýete, 9,5%-i ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyna gönükdiriler. 

—­ Türk­me­nis­ta­nyň­ 2025-nji­ ýyl­ üçin Döw­let­ býu­je­ti­niň­ Ma­ry­ wela­ýa­ty­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň­ mun­dan­ beý­läk­ hem dur­nuk­ly­ ös­me­gi­ne­ ýar­dam­ et­jek,­ il-ýurt­ bäh­bit­li ­iri ­tas­la­ma­la­ry ­ma­li­ýe­leşdir­jek­ se­riş­de­le­ri ha­kyn­da ­pi­kir­le­ri­ňi­zi paý­laşaý­sa­ňyz! 

Şi­rin­ BAÝ­MY­RA­DO­WA, Türk­me­nis­ta­nyň­ Mej­li­si­niň­ deputaty­­ (Ma­ry ­we­la­ýa­tyndan): 

— Mary welaýaty Türkmenistanyň tebigy baýlyklara baý senagat agrar sebiti bolmak bilen, elektroenergetika, gaz, himiýa, ýeňil we azyk senagatynyň kärhanalary onuň ykdysadyýetiniň esasy bölegini düzýär. 2025-nji ýylda Mary welaýatyny mundan beýläk hem ösdürmek üçin uly möçberde maýa goýumlary özleşdirmek göz öňünde tutulýar. Geljek ýylda welaýatyň çäginde birnäçe durmuş maksatly binalaryň gurluşyklary amala aşyrylar. Olaryň hatarynda hassahanalaryň we saglyk merkezleriniň, çagalar baglarynyň, umumybilim berýän mekdepleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, suw hem-de lagym geçirijileriň, awtomobil ýollarynyň gurluşyklary bar. 2025-nji ýylda welaýatyň çäginde birnäçe iri möçberli taslamalar boýunça düýpli maýa goýumlar göz öňünde tutulýar. Olaryň hatarynda «Galkynyş» gaz käniniň tapgyrlaryny özleşdirmek, Baýramaly şäherindäki menzilde täze döwrebap binalary, Mary — Maşat aralygynda güýjenmesi 500 — 400 kW bolan elektrik geçiriji ulgamy we bekedi, Mary şäherinde lukmançylyk orta okuw mekdebiniň binalar toplumyny gurmak meýilleşdirilýär. Şeýle-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy we beýleki birnäçe gurluşyklar dowam etdiriler. Geljek ýylda welaýatyň çäginde durmuş maksatly binalaryň birnäçesiniň gurluşyklary bilen bir hatarda aýratyn mätäçligi bolan raýatlarymyz üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga serişdeler bölünip berilýär. Mary welaýatynyň 2025-nji ýyl üçin býujeti 2 933,7 mln. manat möçberinde meýilleşdirilip, bu görkeziji, 2024-nji ýylyň tassyklanan meýilnamasy bilen deňeşdirilende, 12% ýokarydyr. Çykdajylaryň 91,9%-i durmuş hyzmatlaryny maliýeleşdirmäge, şol sanda 65,3%-i bilime, 19,1%-i saglygy goraýşa, 2,8%-i medeniýete, 12,4%-i ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyna gönükdiriler. Döwlet býujetinde göz öňünde tutulýan şeýle giň gerimli ösüş-özgertmeleriň başynda duran hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli ähli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris. 

—­ Hor­mat­ly­ de­pu­tat­lar,­ yk­dy­sa­dy­ýe­ti re­je­le­me­giň­ mö­hüm­ döw­let­ gu­ra­ly­ —­ Türk­me­nis­ta­nyň ­2025­-nji­ ýyl­ üçin­ Döwlet­ býu­je­ti­ ha­kyn­da­ beren­ gi­ňiş­le­ýin we­ gy­zyk­ly ­gür­rüň­le­ri­ňiz ­üçin ­köp ­sag bo­luň!­ Ýurdumy­zyň­ hu­kuk­ bin­ýa­dy­ny ber­kit­mek,­ mil­li­ ka­nun­çy­lyk ­ul­ga­my­ny döw­rüň­ ta­lap­la­ry­na­ la­ýyk­lyk­da­ yzy­gider­li­ kä­mil­leş­dir­mek,­ döw­let­ syýasaty­ny­ we­ mak­sat­na­ma­la­ýyn­ öz­gert­mele­riň­ äh­mi­ýe­ti­ni­ giň­den­ wagyz­ et­mek,­ ka­bul­ edi­len ­ka­nun­la­ryň ­ma­ny­ maz­muny­ny­ halk­ köpçüligi­ne­ dü­şün­dir­mek bo­ýun­ça­ iş­le­ri­ňiz­de­ gel­jek­de­ hem­ uly üstünlikle­ri ­ar­zuw­ ed­ýä­ris.