Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyzyň dünýä döwletleri bilen alyp barýan hoşniýetli goňşuçylyga, parahatsöýüjilige esaslanýan daşary syýasaty täze many-mazmuna eýe bolýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 23-24-nji oktýabrynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherinde geçirilen «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky BRICS sammitine hormatly myhman hökmünde ilkinji gezek gatnaşmagy şeýle buýsançly hakykatyň nobatdaky subutnamasy bolup dünýä doldy. Döwlet Baştutanymyzyň sammitde eden çuň mazmunly çykyşy berkarar Diýarymyzyň abraý mertebesini, şan-şöhratyny has belent derejelere göterdi. Munuň özi ýurdumyzyň dünýä döwletleri hem-de abraýly halkara guramalar bilen alyp barýan hoşniýetli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy ileri tutýandygyny tassyklaýar. Şol bir wagtyň özünde hem özara bähbitli ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde, dost-doganlygy berkitmekde, dünýä halklaryny birek-birege ýakynlaşdyrmakda döwletimiziň alyp barýan oňyn daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändigini alamatlandyrýar.
Ata Watanymyzyň halkara derejede gazanýan şeýle üstünlikleriniň, eýeleýän belent sepgitleriniň binýadynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Rezolýusiýalary esasynda ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzdan gelip çykýan giň mümkinçilikleriň durandygyny nygtamak gerek. Hormatly Prezidentimiziň sammitde eden taryhy çykyşynda: «Häzirki ýagdaýlarda Bitaraplygyň esasy ýörelgeleriniň örän zerurdygyna hem-de dünýä jemgyýetçiliginiň goldamagynda ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek işinde anyk peýda getirmäge ukyplydygyna ynanýarys. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň alyp barýan işiniň aýratyn ähmiýetini we netijeliligini bellemek gerek. Bu merkeziň ştab kwartirasy Aşgabatda ýerleşýär» diýip, aýratyn nygtamagy aýdylanlary doly tassyklaýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu öňdengörüjilikli garaýyşlary hemişelik Bitaraplygymyzyň häsiýetli aýratynlygyny açyp görkezýär. Çünki bu hukuk derejesi diňe bir milli bähbitlerimize hyzmat etmek bilen çäklenmän, eýsem, dünýä halklarynyň bähbitleri bilen hem aýrylmaz baglanyşyklydyr. Durnukly ösüşi gazanmakda, sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmakda ýurdumyzyň giň gerimli tagallalary muňa aýdyň güwänama bolup durýar. Bitaraplygymyzyň giň mümkinçiliklerini goldanmak arkaly üstünlikli amala aşyrylýan döwletli tutumlar mähriban Watanymyza ählumumy bähbitlere gönükdirilen oňyn başlangyçlary öňe sürmäge itergi berýär. Şeýle hem dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen birlikde, ýaş nesilleri watansöýüjilik, belent ahlaklylyk ruhunda terbiýelemäge hem mümkinçilik döredýär. Hemişelik Bitaraplygymyzyň parahatsöýüjilikli taglymatlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu iş saparynyň çäginde BMG-niň Baş sekretary bilen bolan duşuşygynyň mazmunynda aýratyn öz beýanyny tapdy.
Bulardan başga-da, üstünlikli geçen iş saparynyň dowamynda hormatly Prezidentimize Tatarystan Respublikasynyň «Duslyk» ordeniniň gowşurylmagy sebitleriň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň gülläp ösýändiginiň dabaralanmasyna öwrüldi. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň sebitara dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda bitiren aýratyn hyzmatlarynyň, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, durmuş-medeni gatnaşyklary ösdürmäge goşan uly goşandynyň ýene bir aýdyň subutnamasy bolup durýar. Dünýä döwletleri bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek bolsa hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiziň aýratyn ileri tutulýan wezipeleriniň biridir.
Şu ýerde ýene bir möhüm ähmiýetli pursata üns bermek gerek. Ýagny hormatly Prezidentimiziň şol gezekki iş saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşdylar. Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzyň zehinli ýaşlarynyň sekiz müňden gowragy Tatarystanda bilim alýar. Duşuşyga gatnaşan talyplara Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli neşir edilen goşgular ýygyndysynyň sowgat berilmegi çuňňur mana eýe boldy. Sebäbi beýik söz ussadynyň gymmatly edebi mirasy hemişe halkymyz üçin mynasyp nesilleri terbiýelemegiň bahasyz mekdebi bolup gelýär. Şeýle-de, dünýä halklarynyň şahyry hökmünde ykrar edilen dana Pyragynyň elmydama parahatçylyga, dostluga we ylalaşyga çagyrýan döredijilik we filosofik mirasy baky Bitarap Diýarymyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy ugrunyň hem esasyny düzýär.
Şunuň ýaly buýsançly durmuş hakykatlary her birimiziň hemişelik Bitaraplygymyza, ähli tagallalarynda bu hukuk derejämiziň ynsanperwer ýörelgelerini naýbaşy orunda goýýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza bolan buýsanjymyzy has-da belende göterýär.
Guwanç ÇENDIROW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň
başlygy, Mejlisiň deputaty.