Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
06.12.2024

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY: ÝAŞLAR SYÝASATYNYŇ DABARALANMASY

 

Ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän asylly ýörelgä eýerip, baş baýramymyzyň öň ýanynda geçirilen, türkmen demokratiýasynyň özboluşly mekdebine öwrülen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisi ähli halkymyzy bir maksadyň daşyna jebisleşdirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çykyşyny diňlän ähli halkymyzda taryha buýsanç, şu güne guwanç, geljege beýik ynam döretdi. Gahryman Arkadagymyzyň: «Ýurdumyzyň her bir raýaty ata Watanymyza belent söýgüsi bilen ýaşaýar we yhlasly zähmet çekýär. Abadançylygyň, bagtyýarlygyň, gülläp ösüşiň hatyrasyna döwlet adama, adam bolsa döwlete gulluk edýär. Munuň özi «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymatymyzyň esasynda alyp barýan işlerimiziň rowaçlanýandygyny görkezýär» diýip, halkymyzyň zähmetine ýokary baha bermegi döwlet bilen halkyň jebisligini aýan etdi. 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda, ösüp gelýän ýaş nesillerimiz, ýaşlarymyz baradaky alada bir pursat hem ünsden düşürilmeýär. Kämil nesilleriň kemala gelmegi üçin maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamak, maşgalanyň abadançylygy üçin durmuş goraglylygynyň üpjün edilmegi, körpelerimiz üçin mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, umumybilim edaralarynyň, orta hünär okuw mekdepleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň döwrebap binalarynyň yzygiderli gurlup, ýylyň-ýylyna dabaraly ýagdaýda açylmagy röwşen geljegimiziň aladasydyr.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň birinji synpa kabul edilen okuwçylaryň 155 müň 641-sine hormatly Prezidentimiziň adyndan ýurdumyzda öndürilen kompýuterleriň sowgat hökmünde gowşurylandygy, «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» esasynda bilim işini halkara ölçeglerine laýyk kämilleşdirmeklige badalga berlendigi barada aýdanlary ýaş nesilleriň bilim derejesi babatda aýratyn alada edilýändiginiň güwäsi boldy.

 «Täze döwür amala aşyrylýan özgertmeleri has-da giňeldip, jemgyýetimiziň aň-bilim mümkinçiligini ýokarlandyrmagy talap edýär. Şoňa görä-de, şu ýylyň ahyryna çenli toplumlarda ylym, bilim, medeniýet ulgamlaryny kämilleşdirmek, ýaşlar barada döwlet syýasaty bilen bagly maslahatlary geçirmegi teklip edýärin» diýip, Gahryman Arkadagymyzyň beren gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, geljekde öňümizde goýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmekligi her birimiz mukaddes borç hökmünde kesgitlemelidiris. 

Halkymyzyň, döwletimiziň bähbidini ähli zatdan ileri görýän, ýaşlary beýik geljege ruhlandyrýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çuň manyly, maksatnamalaýyn çykyşy milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýerine ýetirilen işleri, şol sanda geljekde öňde durýan wezipeleri anyk kesgitledi. Hormatly Prezidentimiziň anyk maglumatlara esaslanýan, beýik geljegi nazarlaýan taryhy çykyşyny diňläniňde, türkmenligiňe buýsanýarsyň. Çünki her başlangyçda, ýerine ýetirilen her bir beýik işlerde, öňde durýan wezipelerde türkmen halkynyň, ata Watanymyzyň çuňňur bähbidini görmek, röwşen geljegine ynam etmek bolýar. 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň «2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmek boýunça çäreler hakynda», «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda», «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny tassyklamak hakynda», şeýle hem «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda» gol çeken Permanlary ähli halkymyzyň buýsanjyny artdyrdy. Çünki hormatly Prezidentimiziň kabul eden taryhy resminamalarynyň özenini uzak geljegi nazarlaýan aýdyň maksatlar, beýik işler, uly ösüşler, belent üstünlikler düzýär. Watan öňünde bitirilen işlere ýokary baha berlip, watandaşlarymyzyň ýüzlerçesiniň döwlet sylaglary bilen sylaglanmagy, hormatly atlaryň dakylmagy ýurdumyzda ynsan mertebesiniň sarpalanýandygynyň, çekilen göreldeli zähmete ýokary baha berilýändiginiň aýdyň güwäsidir. 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň: «Watan mukaddesdir, onuň hatyrasyna ýerine ýetirilýän işler hem mukaddesdir. Şoňa görä-de, berkarar Watanymyzyň abraý-mertebesine, bedew batly ösüşine dahylly her bir işe ýürekden ýapyşmalydyrys. Bilelikde yhlasly zähmet çekip, eziz Diýarymyzy has-da beýgeltjek tutumly işleri amala aşyrmalydyrys», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Biziň esasy maksadymyz eziz Watanymyzy beýik geljege tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr. Şoňa görä-de, ähli tagallalarymyzy Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge, merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirmelidiris» diýen ganatly jümleleri watansöýüjiligiň beýik mekdebini ündeýär, Watana ak ýürekden hyzmat etmegiň, beýik geljege ynamly garamagyň nusgasy hökmünde ähli halkymyzy, aýratyn hem, ýaşlarymyzy bir maksadyň daşyna jebisleşdirýär. 

Watanymyzyň berkararlygy, döwletimiziň mizemezligi, halkymyzyň röwşen geljegi, abadançylygy, asudalygy, ýaş nesilleriň bagtyýarlygy ugrunda uly tagallalary durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, mertebeleri belent bolsun! 

 

Bahar SEÝIDOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, 

medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky

 komitetiniň başlygy