Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Muhammetberdi GELDIMÄMMEDOW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy:
— «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly toýlardyr baýramlara, taryhy wakalara baý boldy. Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik ýörelgesini üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda uly ösüşler gazanylyp, belent sepgitlere ýetilýär. Garaşsyz Watanymyz özüniň hemişelik Bitaraplygynyň toýuny 29 ýyldan bäri uludan belleýär. Türkmen däplerine eýerilip, toý paýlaryny bermek, halat-serpaýlary ýapmak ýaly biziň gadymdan gelýän milli edim-gylymlarymyzyň, däp-dessurlarymyzyň häzirki bagtyýar zamanamyzda hem hormatly Prezidentimiz tarapyndan dowamat-dowam bolýandygyna buýsanýarsyň.
Gündogaryň beýik akyldary, dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän döwlet sylagy bilen sylaglanmak bagty maňa-da miýesser etdi. Bu meniň durmuşymda ýatdan çykmajak iň şatlykly günleriň biri boldy. Şeýle döwlet sylagy üçin hormatly Prezidentimize, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza tükeniksiz alkyş aýdýarys.