Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
20.12.2024

BAGTYÝAR DURMUŞYŇ BINÝADY

 

Şu ýylyň 30-njy noýabrynda «Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» atly ynsanperwer şygaryny giňden dabaralandyrdy. Şeýle hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda gazanylan üstünlikleri we ýetilmeli aýdyň sepgitleri kesgitledi. Munuň özi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmäge, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, ählumumy parahatçylygyň bähbidine ykdysady hyzmatdaşlygy, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalaryň esasynda milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga we senagatlaşdyrmaga bolan ähmiýetiniň barha ýokarlanýandygyny görkezýär. 

Döwlet býujetiniň ýurdumyzyň ösüşi üçin örän uly ähmiýeti bar. Bu diňe bir ýylyň esasy maliýe meýilnamasy bolman, eýsem, tutuş maliýe ulgamynyň geljek döwürde esasy hereketleriniň çuňňur oýlanyşykly, dürli hasaplamalara daýanýan, merkezleşdirilen guralydyr. Döwlet derejesinde onuň esasy wezipesi, maliýe çeşmeleriniň kömegi bilen ýurduň ykdysadyýetiniň we sebitleriniň netijeli, deňagramly ösüşini üpjün etmekdir. Döwlet býujeti tutuş halkyň bähbidine gönükdirilen döwlet gaznalarynyň emele gelmegini we zerur bolan çykdajylaryny kadalaşdyrýar. Şu nukdaýnazardan, Döwlet býujeti hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanýar. Ykdysadyýetiň ähli pudaklary we ýurduň sebitleri boýunça Döwlet býujetini düzmek çuňňur hasaplamalara hem-de düýpli seljermelere daýanýan işdir. Muňa ähli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de häkimlikler gatnaşýar we ol birnäçe aý dowam edýär. 

Makroykdysady durnuklylygy saklamak, ykdysadyýetiň pudaklaryny, sebitlerini mundan beýläk-de okgunly ösdürmek, maýa goýumlaryň esasy bölegini önümçiligi düýpli döwrebaplaşdyrmaga gönükdirmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak üçin düzülýän degişli maliýe resminamasy bu ugurdaky geljekki esasy wezipeleri kesgitleýär. 

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022—2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş şertlerini hem-de durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 12-nji iýulynda çykaran «Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda» Permanyna laýyklykda, geljek ýylyň Döwlet býujetiniň taslamasynda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň, döwlet kömek pullarynyň we beýleki durmuş tölegleriniň möçberiniň 10 göterim ýokarlanmagy göz öňünde tutulandyr. 

Döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň berk bolmagy ugrunda döwrebap şertleri döredýän hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin.

 

Leýli NURMYRADOWA,

 Türkmenistanyň Mejlisiniň Ykdysady 

meseleler baradaky komitetiniň hünärmeni.