Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
02.01.2025

ŞANLY ÝYLYŇ ŞÖHRATLY MENZILLERI

 

Tamamlanan 2024-nji ýyl Ahal we­la­ýa­ty­nyň dur­mu­şyn­da şat­lyk­ly wa­ka­la­ra, gu­wan­dy­ry­jy üs­tün­lik­lere baý bol­dy. Änew şä­he­ri­niň «Tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty» diý­lip yg­lan edi­len 2024-nji ýyl­da welaýaty­my­zyň ila­ty tä­ze des­ga­lar­dyr bi­na­la­ryň bir­nä­çe­si­niň açy­lyş daba­ra­la­ry­na şa­ýat bol­dy. 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gatnaş­ma­gyn­da Bä­her­den se­ment zawody­nyň ikin­ji tap­gy­ry­nyň hem-de Ýaş­lyk suw aras­sa­laý­jy desgasynyň toý ru­hun­da açy­lyp işe gi­ri­zil­megi şan­ly ýy­la şan go­şan buýsanç­ly wa­ka­lar hök­mün­de ta­ryh sa­hypa­la­ryn­da aý­ra­tyn orun alar. Şol iri des­ga­la­ryň açy­lyş da­ba­ra­la­rynyň çä­gin­de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serda­ry­my­zyň we­la­ýa­ty­my­zyň ila­ty­na döw­re­bap ýo­lag­çy awtobuslarynyň 200-e go­la­ýy­ny sow­gat et­me­gi adam hak­da­ky ala­da­nyň rowaç­lan­ýan­dy­gy­ny da­ba­ra­lan­dy­ran wa­ka­lar hök­mün­de ýat­da gal­dy. 

Şan­ly ýyl­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Änew şä­he­rin­de tä­ze metji­diň açy­lan­dy­gy­ny, Gah­ry­man ha­jy Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy we tek­li­bi esa­syn­da bu met­ji­diň «Seýit Jemaleddin metjidi» diýlip at­lan­dy­ry­lan­dy­gy­ny hem gu­wanç bilen bellemelidiris. 

Ak bug­daý hem-de Ba­ba­daý­han et­rap­la­ryn­da et­rap Po­li­si­ýa bölümle­ri­niň po­li­si­ýa­nyň ýol gö­zeg­çi­li­gi gul­lu­gy­nyň aw­tou­lag­la­ryň tehni­ki ýag­da­ýy­ny anyk­la­ýyş we ha­sa­ba alyş to­par­la­ry­nyň eda­ra binalarynyň, Gök­de­pe, Ak bug­daý, Ka­ka etrap­la­ryn­da kuw­wat­ly­gy degiş­li­lik­de bir gi­je-gün­diz­de 20; 15; 10 müň kub­met­re deň bo­lan la­gym su­wuny aras­sa­laý­jy des­ga­la­ryň, Te­jen et­ra­by­nyň Te­jen şä­he­rin­de kuwwat­ly­ly­gy bir gi­je-gün­diz­de 30 müň kub­metr bo­lan suw aras­sa­laý­jy des­ga­sy­nyň, Ak bug­daý et­ra­by­nyň çä­gin­de hu­su­sy pu­da­gyň we­kil­leri­ne de­giş­li bo­lan po­lat tur­ba­la­ry we pro­fil­le­ri ön­dür­ýän, ko­fe we ko­fe önümle­ri­ni ön­dür­ýän, şeý­le-de nah ýüp­lük ön­dür­ýän kär­ha­na­la­ryň açylyp ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi şan­ly wa­ka­la­ryň ha­ta­ryn­da ag­zal­ma­ga myna­syp­dyr. Şeý­le des­ga­la­ryň açyl­ma­gy bi­len we­la­ýa­ty­my­zyň ýaşlarynyň ýüz­ler­çe­si üçin döw­re­bap iş orunlary emele geldi. 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Kara­ry esa­syn­da Ak bug­daý et­raby­nyň Bo­kur­dak şä­her­çe­sin­de 1200 orun­lyk tä­ze, döw­re­bap or­ta mek­de­bi we 120 orun­lyk umu­my ýa­şa­ýyş ja­ýy gur­lup ula­nyl­maga be­ril­di. Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man ­Ser­da­ry­my­zyň Bi­lim­ler we ta­lyp ýaş­lar gü­nün­dä­ki bu sowgady di­ňe bir bu şä­her­çä­niň ila­ty­nyň däl, we­la­ýa­ty­my­zyň ag­zy­bir ýaşaý­jy­la­ry­nyň her bi­ri­niň göw­nü­ne ga­nat ber­di. Buý­san­dy­ran zat­la­ryň bi­ri-de 2024-2025-nji okuw ýy­lynyň ba­dal­ga alan şol toý gü­nün­de welaýa­ty­my­zyň ak mek­dep­le­ri­niň bosagasyndan ätlän 1-nji synp okuwçy­la­ry­nyň äh­li­si­ne hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň adyn­dan kompýuterle­riň sow­gat edil­me­gi­dir. 

We­la­ýa­ty­myz­da se­na­gat puda­gy­nyň dür­li ugur­la­ryn­da gaza­ny­lan üs­tün­lik­ler, oba ho­ja­lyk toplumynda ýetilen sepgitler hem guwandyryjydyr, buý­san­dy­ry­jy­dyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymgu­ly Py­ra­gy» ýy­ly şy­ga­ry as­tyn­da ge­çen şan­ly ýyl­da welaýatymy­zyň gal­la­çy daý­han­la­ry dä­ne ýe­tiş­di­rilen 195 müň gek­tar­dan ha­sy­lyň 400 müň ton­na­sy­ny alyp, bu ba­bat­da­ky tab­şy­ryk­la­ry­ny üstünlikli ber­jaý et­di­ler. We­la­ýa­ty­my­zyň «ak al­tyn» us­sat­la­ry go­wa­ça ýe­tiş­di­ri­len 135 müň gek­tar meý­da­nyň ha­sy­ly­ny soň­ky ha­na­sy­na çen­li ýyg­nap aldy­lar. Gök-bak­ja eke­ran­çy­la­ry­myz, mal­dar­la­ry­myz, ýüpekçileri­miz bol­sa şan­ly ýy­ly ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji­ler bilen jemlediler. 

Ge­çen ýy­lyň şan­ly wa­ka­la­ry, gu­wan­dy­ry­jy üs­tün­lik­le­ri tä­ze — 2025-nji ýy­ly ýag­şy ar­zuw­lar bi­len gar­şy­lap, tä­ze-tä­ze zäh­met ýeňişlerini ga­zan­ma­ga ruh­lan­dyrdy. Aja­ýyp pur­sat­dan peý­da­la­nyp, berka­rar Wa­ta­ny­my­zy, bag­ty­ýar ulus-ili­mi­zi be­dew bat­ly ösüş­le­riň ak ýo­lun­dan eş­ret­li gün­le­re alyp bar­ýan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň, Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň jan­la­rynyň sag, ömür­le­ri­niň uzak bolmagyny, döw­let­li tu­tum­la­ry­nyň mun­dan beý­läk-de ro­waç­lan­ma­gy­ny ar­zuw edýäris. 

 

Resul IŞANGULYÝEW, 

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň 

Ahal welaýat komitetiniň başlygy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty