Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
03.01.2025

EŞRETLI ÝAŞAÝŞYŇ GÖZBAŞY

 

Ýurdumyzda zähmeti guramagyň hem-de goramagyň hukuk esaslaryny döretmek we kämilleşdirmek arkaly zähmet kanunçylygyny emele getirmegiň we ösdürmegiň ýolunda amal edilýän işler her bir raýatyň mynasyp, öndürijilikli zähmet çekmegine ýardam edýär. 2024-nji ýylyň 30-njy noýabrynda «Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» atly döwlet ideologiýasynyň durmuş hakykatyny nobatdaky gezek dabaralandyrdy. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident Maksatnamasynda ilatyň iş bilen üpjünçiligi, durmuş üpjünçiligi çygrynda kanunçylygyň kämilleşdirilmegi, ilaty durmuş taýdan goramagyň ulgamyna täze usullaryň girizilmegi göz öňünde tutulýar. 

Zähmet çekmäge bolan hukugyň esasy Adam hukuklarynyň Ählumumy Jarnamasynda, soňra Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar barada halkara Ylalaşygynda ykrar edildi. Şunlukda, bu hukuk esaslar Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilip, Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde, «Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda, şeýle hem beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda giňeldilýär we üpjün edilýär. 

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça çäreleriň 2023-nji ýyl üçin «Ýol kartasynyň» çäklerinde geçirilen gözegçilik işleriniň netijesinde, guramanyň taýýarlan netijenamasyndaky teklipler esasynda, 2024-nji ýylyň 30-njy noýabrynda «Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. 

Hususan-da, şu Kodeksiň mejbury hem-de hökmany zähmetiň gadagan edilmegini beýan edýän 8-nji maddasynyň üçünji böleginiň 2-nji bendinde «raýatlaryň adaty raýat borçlarynyň bir bölegi bolup durýan islendik iş (gulluk)» we 7-nji bendinde «ownuk jemgyýetçilik işleri, ýagny zähmetkeşler köpçüliginiň agzalary tarapyndan şol zähmetkeşler köpçüliginiň göni peýdasy üçin ýerine ýetirilýän we şoňa görä-de zähmetkeşler köpçüliginiň agzalarynyň adaty raýatlyk borçlary hasap edilip bilinjek işler» diýen görnüşde beýan edilen kadalaryň raýatlaryň mejbury zähmete çekilmegine mümkinçilik döredip biljekdigi nazara alnyp, ady agzalan bentler güýjüni ýitiren diýlip ykrar edildi. Munuň özi şol kadalarda agzalýan «ownuk jemgyýetçilik işleri», «adaty raýatlyk borçlary hasap edilip bilinjek işler» diýlip işiň haýsy görnüşlerini göz öňünde tutup bolar, «zähmetkeşler köpçüliginiň agzalary» diýip kimleri degişli edip bolar diýen düşünişmezlikleriň ýüze çykmasyny aradan aýrar. 

Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň mejbury hem-de hökmany zähmetiň gadagan edilmegini beýan edýän 8-nji maddasynyň üçünji böleginiň 2-nji we 7-nji bentleriniň Kodeksden aýrylmagy teklip edilýär. 

Zähmet kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmaga gatnaşmakda kärdeşler arkalaşyklary guramalarynyň we olaryň birleşikleriniň ygtyýarlyklary bilen bagly degişli üýtgetmeler girizildi. Has takygy, Halkara Zähmet Guramasynyň mejbury we çaga zähmetiniň öňüni almak boýunça beren tekliplerini göz öňünde tutup, Kodeksiň 8-nji we 23-nji maddalaryna hem-de kärdeşler arkalaşyklary guramalarynyň we olaryň birleşikleriniň ygtyýarlyklary bilen bagly 406-njy maddanyň üçünji, dördünji böleginde beýan edilen kadalara «Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmak üçin kärdeşler arkalaşyklary guramalary we olaryň birleşikleri kärdeşler arkalaşyklary guramalarynyň zähmet baradaky tehniki we hukuk gulluklaryny döredýärler, olara bolsa Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklary guramalarynyň Milli merkezi tarapyndan tassyklanylýan düzgünnamalarda göz öňünde tutulan ygtyýarlar berilýär» diýen kada degişli üýtgetmeler girizildi. Has takygy, halkara tejribesinde kärdeşler arkalaşyklary guramalarynyň zähmet kanunçylygyna döwlet tarapyndan gözegçiligini amala aşyrýan gurama bolup bilmeýändigi, olar öz ygtyýarlyklaryny özbaşdak kesgitleýändigi bellenilýär. Şu nukdaýnazardan, bu beýan edilýän kadanyň mazmunyna «Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmaga gatnaşmak üçin kärdeşler arkalaşyklary guramalary we olaryň birleşikleri kärdeşler arkalaşyklary guramalarynyň zähmet baradaky tehniki we hukuk gulluklaryny döredýärler. Türkmenistanyň welaýatlarynda, etraplarynda we şäherlerinde hereket edýän kärdeşler arkalaşyklary guramalarynyň çäk birleşikleri kärdeşler arkalaşyklary guramalarynyň zähmet baradaky tehniki we hukuk gulluklaryny döredýärler» diýen görnüşde üýtgetmeler girizildi. 

«Notariat we notarial işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, hünärmenlik hyzmatlaryny amala aşyrýan hususy notariuslaryň işe başlamagy hem-de Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 12-nji maddasyna 2024-nji ýylyň 13-nji iýulynda girizilen üýtgetmä laýyklykda, hünärmenlik hyzmatlaryny amala aşyrýan fiziki şahslaryň, şol sanda hususy notariuslaryň iş beriji fiziki şahs hökmünde ykrar edilmegi, olaryň zähmet depderçelerini resmileşdirmek, maglumatlary girizmek bilen bagly Kodeksiň 30-njy we 293-nji maddalaryna degişli üýtgetmeleriň girizilmegi maksadalaýyk hasaplandy. 

Zähmet gatnaşyklaryny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, Kodeksiň 241-nji maddasynyň 5-nji we 6-njy bentlerine girizilen üýtgetme bolsa, göwrelilik we çaga dogurmak boýunça rugsat berlip, wagtlaýyn ýok işgäriň ýerine işleýän işgäre şol döwürde göwrelilik we çaga dogurmak boýunça rugsat bermek bilen bagly kadalary kämilleşdirmegi maksat edinýär. Şunda esasy işgär işe çykanda, onuň ýerine işleýän wagtlaýyn işgär göwrelilik we çaga dogurmak boýunça rugsatda (112 gün wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk döwründe) bolsa, birinjiden, bir wezipe birliginde iki işgäriň saklanmagy nädogry bolýar, ikinjiden, bir wezipe birligi üçin iki işgäre şol bir wagtda töleg etmeli bolýar we bu ýagdaý iş berijä maliýe kynçylygyny döredýär (iş tejribesinde bu ýagdaý işgärleriň köp böleginiň aýal maşgalalar bolup durýan kärhanalarynda (dokma fabriklerinde we ş.m) yzygiderli ýüze çykyp durýar). 

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň milli kanunçylygyny kämilleşdirmek we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmek barada berýän tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisinde «Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanunyň kabul edilmegi ýurdumyzyň häzirki zaman hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegine uly goşant bolar.

 

Merjen BORJAKOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty 

baradaky komitetiniň hünärmeni