Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Ýazpolat KERIÝEW, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty:
— Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitabynda beýik şahyrymyz barada söz açyp: «Şahyryň berýän öwüt-ündewleri bilen özümizi we ýaş nesilleri belent ahlaklylykda terbiýeläp bilýäris. Ýaşlary pederlerimizden miras galan milli häsiýetler, watançylyk ruhy esasynda terbiýelemek, olaryň il-ýurda, halka, Watana bolan söýgüsini gazanmak üçin Magtymguly Pyragynyň öwüt-ündewlerine berk eýermelidiris» diýip belleýär. Hakykatdan-da, hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, beýik akyldaryň eserleri ýurdumyzyň her bir raýatynyň mähriban halkymyza, eziz Diýarymyza, berkarar döwletimize bolan söýgüsini, hormat-sarpasyny artdyrýar. Döwlet Baştutanymyzyň täze kitaby bolsa Magtymguly Pyraga, onuň baý we köptaraply döredijiligine düşünmekde, eserleriniň manysyna çuňňur akyl ýetirmekde ähli halkymyz, aýratyn-da, ýaşlar üçin gymmatly gollanmadyr.
Hakyky watançy, ilhalar ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek beýik eždatlarymyzyň wesýetlerine eýerip, miras goýan gymmatlyklaryna, şöhratly ýoluna mynasyp bolmakdyr. Bu babatda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplarynyň, şeýle-de olaryň özboluşly dowamy bolan «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze eseriniň ähmiýeti örän uludyr. Olar ýaşlary watansöýüjilige, beýik işlere, belent maksatlara ruhlandyrýan ýolgörkeziji şamçyragdyr. Çünki bu kitaplarda şöhratly taryhymyzyň, bagtyýar şu günümiziň we röwşen geljegimiziň bir bitewi baglanyşygy, milli gymmatlyklarymyzyň aýratynlyklary, döwletli ýörelgelerimiz, beýik maksatlarymyz giňden we çeper beýan edilýär.
Hormatly Prezidentimiziň täze kitaby özüniň ajaýyp eserleri bilen türkmen paýhasyny dünýä ýaýan akyldar şahyrymyza, onuň umumadamzat ähmiýetli baý döredijiligine bagyşlanyp, halkymyzda mukaddeslik saýylýan keremli söze goýulýan belent hormatyň aýdyň güwäsidir. Munuň özi kitabyň gymmatyny has artdyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu çeper we ylmy-filosofik eseri watandaşlarymyzyň her biri üçin durmuşda we döredijilikde şamçyragdyr. Şeýle eserler ýaş nesilleri watançylyk, arassa ahlaklylyk, belent ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde gymmatly hazynadyr.
«Hakykat birdir, emma oňa eltýän ýollar dürlidürlüdir» diýen düşünje bar. Magtymguly — özboluşly bir dünýä. Magtymguly — barlygyň bir ummany. Magtymgulynyň hakykatyna göz ýetirmek üçinem biziň şol düşünjä görä hereket etmegimiz akyla laýyk bolardy» diýýän döwlet Baştutanymyz bu günki gün türkmen edebiýatynyň ruhy sütüni, dünýäniň akyldary Magtymguly Pyragynyň gymmatly edebi mirasyny çuňňur öwrenmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär.
Hormatly Prezidentimiziň döwet galamynyň ýiti, çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan, ýaşlara watansöýüjiligi ündeýän şeýle ajaýyp eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny arzuw edýäris.