Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
06.10.2023

DÖWLET SYLAGY — BELENTLIKLERE BADALGA

Hormatly Prezidentimiziň umumydöwlet we ählihalk bähbitleriniň ileri tutulmagyna gönükdirilen parasatly syýasaty milli kanunçylygy kämilleşdirmek babatyndaky işleriň aýdyň ýol görkezijisidir. Hukuk döwletimizde hereket edýän milli kanunçylygymyz Esasy Kanunymyza daýanmak bilen, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagynda, jemgyýetimiziň has-da jebisleşmeginde ygtybarly esas bolup çykyş edýär. 

Täze taryhy eýýamymyzda kanunçylyk ulgamyny döwrebap kämilleşdirmek, olary halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda baýlaşdyrmak döwlet işiniň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň üçünji maslahaty geçirildi. Bu maslahatda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenilip taýýarlanylan birnäçe Kanunlaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kadalaryndan, hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň öňünde goýan wezipelerinden we gymmatly maslahatlaryndan ugur alnyp, şeýle hem degişli edaralardan gelen teklipler seljerilip, Mejlisiň bu maslahatynda «Türkmenistanyň «Arkadag» medalyny döretmek hakynda», «Türkmenistanyň döwlet sylaglary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda», «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, teklipler bilen başga-da birnäçe Kanunlaryň taslamalary hödürlenildi hem-de deputatlaryň biragyzdan goldap, ses bermegi netijesinde kabul edildi. 

Güneşli diýarymyzda adamyň bähbitlerini ileri tutmak arkaly durmuş goraglylygyny üpjün etmek, ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk ýörelgelerine laýyklykda, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ynsanperwer başlangyçlaryny goldamak hem-de bu ugurda uly hyzmatlary bitiren raýatlary sylaglamak maksady bilen, «Türkmenistanyň «Arkadag» medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi aýratyn bellärliklidir. 

Alym Arkadagymyzyň uly ähmiýetli syýasy, ylmy, döredijilik işleri halkara derejesinde ykrar edilip, ençeme abraýly halkara guramalaryň we dünýä döwletleriniň sylaglaryna mynasyp boldy. Dünýäde ykrar edilen Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň watansöýüjiligi, parasatlylygy, öňdengörüjiligi, akýürekliligi, zehini, pespälliligi, zähmetsöýerliligi bütin türkmen halkyna, dünýä jemgyýetçiligine we geljekki nesillere görelde alarlykdyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň «Arkadag» medalynyň döredilmegi örän ýerliklidir. 

Bu ýokary döwlet sylagy bilen çagalaryň we ýaşlaryň iň gowy bähbitleriniň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde döwletiň we jemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlary, bu işleriň halkara derejede ykrar edilmegine goşan goşantlary üçin ýokary ynsanperwer, adamkärçilikli, kärine, halkymyza, Garaşsyz hem Bitarap Watanymyza wepaly bolan lukmanlar, mugallymlar, terbiýeçiler, ylmy, döredijilik, döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, şeýle hem ýurdumyzyň beýleki raýatlarynyň sylaglanylmagy döredijilikli zähmetiň has-da dabaralanmagyna ýardam eder. Ak ýürekli, döredijilikli zähmeti bilen halklaryň arasynda dost-doganlygy, ynsanperwerligi ilerletmäge ýardam eden daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň göreldeli zähmeti üçin hem bu sylaga mynasyp bolup bilýändigi onuň ähmiýetini has-da ýokarlandyrýar. 

Türkmenistanyň «Arkadag» medalyna mynasyp bolanlaryň Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan sylaglanýandygy hemde bu medala mynasyp bolan adama Türkmenistanyň «Arkadag» medaly we şahadatnamasy, onuň ýany bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, hormatly Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň nyşany ýerleşdirilen ýörite sowgadyň hem dabaraly ýagdaýda gowşurylýandygy ony aýratyn tapawutlandyrýar. 

Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz bilen hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! 

 

Meňli DIWANOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Adam hukuklaryny 

we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiň agzasy