Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Türkmen halky ynsanperwerlige, asylly ýörelgelere belent sarpa goýýar. Esasan hem, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip gelipdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi mynasyp ösdürilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam edýär. Şunda hemişelik Bitaraplyk syýasaty, dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklary uly many-mazmuna eýedir.
Pähimdar pederlerimiziň il-günüň asuda, parahat ýaşamagy ugrunda irginsiz alada edip, dünýäniň ýakyn-alys ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürendiklerini ençeme taryhy maglumatlar beýan edýär. Bu günki günde hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine daýanýan döwletimiziň agzybirligiň, parahatçylygyň nusgasyny dünýä ýaýyp gelmegi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu ýörelgeleriň giňden dabaralanýandygyny we uly meşhurlyga eýe bolýandygyny görkezýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýuny toýlarys. Munuň özi dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň, hoşniýetliligiň dabaralanmasydyr. Hemişelik Bitaraplyk — halkymyzyň aňyýetine, ruhy dünýäsine, ahlak gymmatlyklaryna ornaşan taglymat. Ol döwletimiziň, halkymyzyň abraý-mertebesini tutuş äleme ýaýdy, ynamly ädimler bilen öňe gitmäge ýardam etdi, asudalykda, agzybirlikde ýaşamaga giň ýol açyp, ynsanperwerlik, parahatçylyk ýörelgelerimizi dünýäde giňden dabaralandyrdy.
Mälim bolşy ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda 185 döwletiň biragyzdan goldamagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» Kararnamasy kabul edildi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» Kararnamasy 193 döwletiň biragyzdan goldamagynda ikinji gezek kabul edildi. Bu Kararnamalaryň döwletimiziň, halkymyzyň parahatçylyk, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dünýä nusgalyk hökmünde ykrar edilendigini görkezýändigini, geçen 30 ýyla golaý döwrüň içinde ýurdumyzyň hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege sarpa goýup, dünýäniň ähli döwletleri bilen asylly ýörelgelere esaslanýan Bitaraplyk syýasatyny alyp barýandygyny, Birleşen Milletler Guramasynyň möhüm Konwensiýalaryna we resminamalaryna goşulmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirip gelýändigini buýsanç bilen aýdyp bileris. Bu bolsa ýurdumyzyň beýik başlangyçlarynyň dünýäde ykrar edilýändigini aýdyň beýan edýär.
Dünýäniň bu belent ynamy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň, beýik başlangyçlarynyň esasynda has-da pugtalandyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly beýik taglymaty dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhüm ugry bolup durýar. Hut şonuň üçin hem ýurdumyz hoşniýetli parahatçylyk söýüjilikli ýoly bilen dünýäde belent mertebä eýe bolýar, hemişelik Bitaraplyk syýasatyny ýöredýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde Türkmenistan dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň mekany hökmünde ykrar edilýär.
Perman SAPAROW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty
baradaky komitetiniň baş hünärmeni.