Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
09.01.2025

RAÝATLARYŇ DURMUŞ TAÝDAN GORAGLYLYGY kämil hukuk binýadyna daýanýar

 

Ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan top­lum­la­ýyn öz­gert­me­ler halk hoja­ly­gy­nyň äh­li pu­dak­la­ryn­da dur­nuk­ly ösü­şi ga­zan­ma­ga, halkymyzyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­ma­ga gönük­di­ri­len­dir. Dür­li ul­gam­la­ra de­giş­li ka­bul edil­ýän maksatnamalar­da göz öňün­de tu­tu­lan çä­re­le­ri dur­mu­şa ge­çirmek, alnyp ba­ryl­ýan öz­gert­me­le­riň ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, Wa­ta­ny­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak mö­hüm we­zi­pe­le­riň bi­ri bolma­gyn­da gal­ýar. Şu nuk­daý­na­zar­dan, Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň ka­bul edýän res­mi­na­ma­la­ryn­da hem ila­tyň dur­muş go­rag­ly­ly­gy­ny berkit­mek, hal­kyň aba­dan dur­mu­şy­ny üp­jün et­mek me­se­le­le­ri­ne aýratyn üns be­ril­ýär. 

Her ýyl Döwlet býujeti işlenip düzülende, onuň serişdeleriniň uly bölegi durmuş ulgamyny pugtalandyrmaga gönükdirilýär. Geçen ýylyň noýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynda-da il-ýurt bähbitli kanunçylyk namalarynyň birnäçesi kabul edildi. Şolaryň hatarynda «Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanun hem bar. Bu hukuk resminamasynyň möhüm wezipesi halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakdan hem-de ähli pudaklary depginli ösdürmegiň we esasy serişdelere maýa goýmagyň, häzirki zaman bazar gurallaryny ornaşdyrmagyň hasabyna ykdysadyýetiň ýokary ösüş depginini üpjün etmekden ybaratdyr. Şo­ňa görä-de, şu ýylyň býujetinde pul serişdeleriniň esasy bölegi durmuş üpjünçilik ulgamyny, hususan-da, bilimi, saglygy goraýşy, medeniýeti, ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyny, umumy häsiýetli döwlet hyzmatlaryny ösdürmäge gönükdirildi. 

Adatça bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň baş maliýe resminamasy hem many-mazmuny boýunça giň gerimli döwlet maksatnamalarynda, şol sanda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynda berkidilen wezipeleri ýerine ýetirmegiň esasy guraly bolup durýar. Şonuň bilen bagly geljek ýyl üçin býujetde depginli durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmek, bazar ykdysadyýetiniň usullaryny ornaşdyrmak arkaly durmuş maksatly ykdysady syýasaty dowam etdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini hasda ýokarlandyrmak, maýa goýumlaryň möçberini artdyrmak, önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyny alyp barmak üçin ýeterlik maliýe serişdelerini bölüp bermek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, eksport edilýän harytlaryň möçberini artdyrmak ýaly möhüm meselelere aýratyn ähmiýet berilýär. Düýpli hasaplamalara esaslanýan, döwletiň hem-de jemgyýetiň serişde kuwwaty bilen berkidilen we halkyň bähbitlerine, onuň durmuş abadançylygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen bu resminama döwlet Baştutanymyzyň Watanymyzy durmuş-ykdysady hem-de demokratik özgertmeler ýoly bilen yzygiderli öňe ilerletmek boýunça öň­de goýan wezipelerini durmuşa geçirmäge ýardam eder. 

Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň ýedinji maslahatynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk boýunça bellenilen çäreleriň çäklerinde HZG tarapyndan dürli ugurlar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň zähmet kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça berlen maslahatlary göz öňünde tutup, şeýle-de zähmet kanunçylygyny döwrebaplaşdyrmak babatda ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň tekliplerini nazara alyp, Zähmet kodeksine degişli üýtgetmeler hem girizildi. «Notariat we notarial işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, hünärmenlik hyzmatlaryny amala aşyrýan hususy notariuslaryň işe başlamagy hem-de hünärmenlik hyzmatlaryny amala aşyrýan fiziki şahslary, şol sanda hususy notariuslary iş beriji fiziki şahs hökmünde ykrar etmek bilen baglylykda, kodeksiň zähmet depderçelerini resmileşdirmekde, olara maglumatlary girizmekde gatnaşyklary düzgünleşdirýän maddalaryna degişli üýtgetmeler girizildi. Zähmet kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmaga gatnaşmakda kärdeşler arkalaşyklary guramalarynyň we olaryň birleşikleriniň ygtyýarlyklary hem-de çaga zähmeti we mejbury zähmet bilen bagly kadalar halkara hukugyň kadalaryna laýyk getirildi. Göwrelilik we çaga dogurmak boýunça rugsat berlende, wagtlaýyn ýok işgäriň ýerine işleýän işgäre, şol döwürde göwrelilik we çaga dogurmak boýunça rugsat bermegiň düzgünleri mazmun taýdan aýdyň­laşdyryldy. 

Raýatlaryň bähbitlerini we hukuklaryny goramak, durmuş taýdan goraglylyk çygrynda kanunçylygyň dogry berjaý edilişini gazanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine-de goşmaça we üýtgetme girizildi. Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine laýyklykda, pensiýa bellemek barada arza bilen ýüz tutan adamyň atly hasabyndaky maglumatlary takyklamak zerurlygy ýüze çykan halatynda, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasynyň raýatdan, şeýle hem kärhanalardan, edaralardan, guramalardan ýa-da arhiwlerden goşmaça resminamalarydyr maglumatlary talap etmäge haklydygy, şol edara-kärhanalaryň bolsa kanunçylykda kesgitlenen möhletiň dowamynda talap edilýän resminamalary we maglumatlary bermäge borçludygy bellenen. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine girizilen üýtgetmä we goşmaça görä, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasynyň wekilleri raýatlara pensiýa bellemek üçin kärhanalardan, edaralardan, guramalardan ýa-da arhiwlerden goşmaça resminamalarydyr maglumatlary talap edip almagyň möhletiniň bozulandygy üçin administratiw temmi çärelerini belläp bilýärler. Bu resminamalardaky kadalaryň milli kanunçylygy kämilleşdirmekde we raýatlaryň hukuklaryny ýokary derejede üpjün etmekde ähmiýeti örän uludyr. 

Ýurdumyzda her bir raýatyň, maşgalanyň abadançylygyny, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny hemme zatdan ileri tutýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza alyp barýan döwletli tutumlarynda mundan beýläk-de uly rowaçlyklary arzuw edýäris. 

 

Gurbanmyrat AŞYROW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş 

syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.