Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Halk arasynda täze ýyl nähili wakalar bilen başlansa, şonuň ýaly-da dowam edýär diýen düşünje bar. Biziň berkarar, asuda Watanymyzda bolsa her bir ýyl il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli ajaýyp wakalar bilen badalga alýar. Şeýdibem, ýyllarymyz beýik taryhy wakalar bilen şöhratlanýar. Türkmen halkynyň durmuşy toý-baýramlara, guwandyryjy üstünliklere, ösüş-özgerişlere beslenýär. Uly ynam bilen gadam goýlan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagynda-da çuňňur many bar. Çünki parahatçylyk, asudalyk, agzybirlik türkmen halkynyň durmuş, aňyýet, ruhy ýolunyň baş ýörelgesidir. Beýik Pyragynyň şygyrlarynyň paýhas binýadydyr. Eziz Watanymyzyň geljege uzaýan bagtyýarlyk ýoluna nur saçýan şamçyragdyr.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçen 2024-nji ýylyň şowly bolşy ýaly, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylan 2025-nji ýylda hem halkymyza uly-uly üstünlikler, möhüm wakalar garaşýar. Bu ýylda Türkmenistan Watanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynda iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny şanly baýram hökmünde giňden belläp geçer. Gahryman Arkadagymyzyň asylly ýol-ýörelgesini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly döwlet syýasaty bilen berkarar bolýan ajap eýýamyň şan-şöhratyny has-da beýgeltmek bilen bagly beýik işleriň üstünlikli dowam etdiriljekdigini ýylyň başyndan bäri bolup geçýän wakalar hem aýdyň subut edýär.
Bitarap Türkmenistan parahatçylygy gorap saklamak, howpsuzlygy üpjün etmek ýaly derwaýys meseleler boýunça umumadamzat bähbitlerinden ugur alýan garaýyşlary bilen çykyş edip gelýär. Şu syýasat häzirki döwürde durmuş, ykdysady, syýasy taýdan ýeňil bolmadyk dünýä ösüş hereketiniň çäklerinde iň zerur meseleleriň çözgüdini tapmagy başarýan ýurdumyzyň dünýädäki ornuny pugtalandyrýar. Häzirki çylşyrymly döwrüň iň wajyp ählumumy meselesi bolsa parahatçylygy üpjün etmekdir. Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda bu barada şeýle belleýär: «Durmuşda ähli zat biri-biri bilen bagly. Parahatçylyk, gülläp ösüş, asuda asman, abadan durmuş ýaly düşünjeler bolçulygyň, bagtyýar ýaşaýşyň açary hasaplanýar. Sebäbi bolçulyk üçin abadan durmuş, bagtyýar ýaşaýyş üçin bolsa parahatçylyk hem gülläp ösüş gerek. Biziň ýurdumyzda bularyň ikisi-de bar».
Elbetde, türkmen halky Garaşsyz döwletiň, asuda durmuşyň saýasynda bagtyýar ýaşaýar. Bu bagtyýarlygy hem-de ösüş-özgerişleri biz adaty ýagdaý hasap edýäris. Bolçulyk, üpjün durmuş, günlerimiziň asudalyk bilen, toý-baýramlara beslenip gelip-geçip durmagyna öz-özünden bolaýmaly ýagdaý diýip düşünýäris, ýöne Ýer ýüzünde bolup geçýän çylşyrymly, gapma-garşylykly wakalaryň çäginde, dünýäniň häli-şindi özgerip durýan şertlerinde halkymyzyň bu günki asuda, bagtyýar durmuşyny berkarar etmegiň asla ýeňil wezipe däldigine hemmämiz düşünmelidiris. Çünki hiç bir zat öz-özünden bolmaýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň, halkymyzyň bähbidine gijesini gündiz edip alyp barýan işleriniň netijesinde belent sepgitlere ýetilýär. Halkymyz muňa örän oňat düşünýär we her bir işde, her pursatda Milli Liderimizi, hormatly Prezidentimizi öz yhlasly zähmeti, watançylyk hereketleri bilen ýürekden goldaýar.
2025-nji ýyl halkara derejede ýene bir möhüm senäniň bellenilýän ýylydyr. Bu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagyna 80 ýyl dolýar. Bu hem dünýä taryhynyň ösüşine uly täsir eden wakadyr. Şu geçen döwrüň dowamynda döwletleriň arasynda, sebitleýin çäklerde dartgynly ýagdaýlar ýüze çykyp, dünýä jemgyýetçiliginiň ynjalygyny gaçyrýan wakalar bolup geçse-de, Birleşen Milletler Guramasy parahatçylyk ideýasyny ýaýratmakda esasy merkez bolup, ýüze çykýan çylşyrymly ýagdaýlaryň çözgüdini tapmakda her bir döwletiň öz sesi bilen çykyş etmegine mümkinçilik berýän täsirli münbere öwrüldi. BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş geçen ýylyň iýulynda ýurdumyza sapar bilen gelende, Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek işinde bu iri halkara guramanyň möhüm hyzmatdaşy bolup gelýändigini belläp, bu ugurda döwletimiziň bitirýän işlerine öz hoşallygyny bildirdi.
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň her ýylda geçirilýän sessiýalarynda dünýä ösüşi baradaky öz garaýyşlaryny hödürläp çykyş edýär. Parahatçylyk we howpsuzlyk; durnukly ösüş; howanyň üýtgemegi; ynsanperwer meseleler bolsa Baş Assambleýanyň geçen ýyl öz işine başlan 79-njy sessiýasynda wise-başlyklyk edýän ýurdumyzyň ileri tutýan ugurlary hökmünde öňe sürüldi. Şunda, esasan, öňüni alyş diplomatiýasynyň hereket gurallarynyň ornuny ýokarlandyrmagyň, «Parahatçylygyň täze gün tertibine» laýyklykda, parahatçylyk döredijilik işini has-da ösdürmegiň zerurlygy baradaky pikirlere aýratyn üns berilýär. Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat strategiýasyny halkara derejede amala aşyrmagyň möhüm ulgamlarynyň biri bolan, ştabkwartirasy Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi öz işini sebitdäki ýurtlaryň arasynda ynanyşmagy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, sebitde ýüze çykmagy mümkin hasaplanýan gapma-garşylyklaryň öňüni almak üçin diplomatik gepleşikleri geçirmek, şeýle-de ykdysady, durmuş we ekologik meseleleri ara alyp maslahatlaşmak ýaly ugurlara gönükdirýär. Merkeziň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça işiniň ugurlary Türkmenistanyň daşary syýasatynda-da ileri tutulýan wezipeleriň biridir.
Şu ýylyň dowamynda kesgitlenen şu we beýleki ugurlar boýunça hem-de «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamada göz öňünde tutulýan wezipeleri amala aşyrmakda möhüm başlangyçlar durmuşa geçiriler. Bu işlere işjeň gatnaşmak bilen, ählumumy parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna goşant goşmak biziň hemmämiziň watançylyk borjumyzdyr.
Ata SERDAROW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy,
Mejlisiň deputaty