Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mizemez ýörelge edinýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ugurlarynda giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Bu bolsa agzybir halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün etmek bilen birlikde, ählumumy parahatçylygy, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi ata Watanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ynsanperwer ýörelgelerine gyşarnyksyz eýerýänligi bilen berk baglanyşyklydyr.
Şu ýyl ýurdumyzda Bitaraplyk hukuk derejämiziň 30 ýyllyk taryhy senesi çawy dünýä doljak dürli derejeli dabaralar arkaly giňden bellenilip geçiler. Şanly senäniň hormatyna 2025-nji ýyl — «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Agzybir halkymyzyň ýürek arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen bu taryhy çözgüdiň Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän, baky Bitaraplyk hukuk derejämiziň çuňňur mazmunyny, parahatçylygyň, dost-doganlygyň ähmiýetini şahyrana dilde beýan edýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusy, şeýle-de Milli Liderimiziň gymmatly maslahatlary esasynda kabul edilmegi her birimiziň buýsançly başymyzy has-da belende göterýär. Munuň özi ýubileý ýylyň şygarynda hem-de nyşanynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň, abadançylygynyň şöhlelenmegini, okgunly ösüşlerimiziň, ynsanperwer içeri we daşary syýasatymyzyň öz mynasyp beýanyny tapmagyny üpjün edýär. Şeýle hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nobatdaky ýylynyň çuň mazmunly şygarynyň ýurdumyzyň şöhratly taryhy ýolunyň özboluşly beýany bolup durýandygyny nygtamak gerek. Geçilen taryhy menziller bolsa mähriban Watanymyzyň saýlap alan Bitaraplyk syýasatynyň dogrudygyny, onuň halkymyzyň, şol sanda hem umumadamzat bähbitlerine, ýurduň syýasy we durmuş-ykdysady ösüşiniň uzak möhletleýin wezipelerine, dünýä döwletleri hem-de halklary bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň maksatlaryna laýyk gelýändigini tassyklaýar. Halkara hukuk derejämiziň 30 ýyllyk taryhy senesiniň hormatyna ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hem muňa doly şaýatlyk edýär.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparyny döretmek hakynda Permana gol çekmegi aýratyn buýsançly ýagdaýdyr. Bu resminama Türkmenistanyň ygtybarly we netijeli hyzmatdaşlary bolan dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen bilelikde ýylyň dowamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän möhüm halkara forumlary, maslahatlary, duşuşyklary, beýleki dabaralary we çäreleri ýokary derejede ýaýbaňlandyrmak maksadyndan ugur alýar.
Hemişelik Bitaraplygymyzyň mukaddes Garaşsyzlygymyzy we onuň gazananlaryny pugtalandyrmakda, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk ýörelgelerini öňe sürýän Diýarymyzyň dünýäniň syýasy giňişligindäki at-abraýyny, şan-şöhratyny yzygiderli berkitmäge giň mümkinçilikleri döredýändigini buýsanç bilen bellemelidiris. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda şanly senesi uludan toýlanjak hemişelik Bitaraplygymyzyň giň mümkinçiliklerini şunuň ýaly döwletli tutumlar bilen dabaralandyrýan Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, dünýä ähmiýetli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Guwanç ÇENDIROW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşiniň başlygy,
Mejlisiň deputaty.