Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
21.01.2025

ŞAHYRYŇ SARPASYNY DÜNÝÄDE DABARALANDYRAN ESER

                                                                     

Hor­mat­ly­ Pre­zi­den­ti­mizSer­dar Berdimuhamedowyň­ «Magtymgu­ly­ —­ dün­ýä­niňakyl­da­ry»­ at­ly­ tä­ze­ ki­ta­bypä­him-paýha­sa­ ýug­ru­landür­dä­ne­ eser­le­ri­ umu­madam­zat­ gym­mat­ly­gy­na­ öwrü­len­ akyldar­ şa­hy­ry­my­zasöz­den­ di­ki­len­ heý­kel­ bolup,­ ol­ söz­ us­sa­dy­nyň dünýä­ de­re­je­sin­dä­ki­ ab­raý-merte­be­si­ni­ has-da­ beý­gelt­di.­ Uly­ ruhubelentlik,­ röw­şen gel­je­ge­ syn­maz­ ynam ­bi­lenga­dam­ basylan­ täze­ ýy­lyňil­kin­ji­ gün­le­rin­den­ bä­ri­ bu aja­ýyp­ ki­ta­byň­ tanyş­dy­rylyş­ dabaralary­ giň­ ge­rim­de we­ yzy­gi­der­li­ geçirilýär.­ Şugün­ler­ ýurdumyzyň­ we­laýat­la­ryn­da­ şeý­le­ da­ba­ra­lar ýo­ka­ry ruhu­be­lent­lik­de guralýar.­ Döw­let­ Baş­tu­ta­ny­my­zyň­ tä­ze­ kita­by­nyň­ Bal­kan­ we­la­ýa­tyn­da ge­çi­ri­len­ ta­nyş­dy­ry­lyş­ da­ba­ra­sy­na hem­ iş­jeň hä­si­ýet­ mah­sus ­bol­dy. Onda ­hal­ky­my­za­ aja­ýyp ­sow­gat bo­lan ­bu­ kita­byň­ ma­ny-maz­mun­ aýratyn­lyk­la­ry ­we­ äh­mi­ýe­ti hakyn­da­ giňişle­ýin ­hem-de­ buý­sanç­ly söhbet­le­re­ uly­ orun ­be­ril­di.­ 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabynyň iki ýylyň, ýagny «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyllarynyň sepgidinde halkymyza gowuşmagynyň özi çuňňur mana eýedir. Çünki parahatçylyk söýüjilik, birek-birege sarpa goýmak, agzybirlik ýaly döwletli ýörelgeleri ündeýän kämil pikir-garaýyşlar beýik şahyrymyzyň eserlerinden eriş-argaç bolup geçýär. Tamamlanan ýylyň dowamynda nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili, umumadamzat şahyry hökmünde ykrar edilen beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dünýäniň çar künjünde baý mazmunly, halkara derejeli çäreler biri-birine ulaşdy. Halkara jemgyýetçiligiň uly goldawy we gyzyklanmasy bilen gurşalyp, tutuş bir ýylyň bezegine öwrülen şol çäreler Gündogaryň beýik akyldarynyň dünýä dolan şan-şöhratyny, abraý-mertebesini ähli aýdyňlygy bilen görkezdi. Sebäbi Magtymguly Pyragy tutuş adamzat üçin hiç wagt gymmatyny ýitirmejek, watansöýüjiligi, belent ahlak gymmatlyklaryny, dost-doganlyk, birek-birege hormat-sarpa goýmak, goldaw-hemaýat etmek ýaly ynsanperwer ýörelgeleri wagyz-ündew edýän kämil şygyrlary miras goýdy. Beýik söz ussadynyň edebi mirasy döwürleriň hem-de siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygyny üpjün edýän, halklary we döwletleri jebisleşdirýän, dost-doganlygy, birek-birege ynanyşmagy berkidýän edebi köpri hökmünde dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginde hemişe uly gyzyklanma döredip gelýär. 

Akyldar şahyryň tutuş döredijiliginiň özenini düzýän ynsanperwer ýörelgeler bu günki gün onuň arzuwlan berkarar döwletiniň — Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parasatly içeri we daşary syýasatynyň esasynda durýar. Bu dünýäde ykrar edilen hakykatdyr. Ýurdumyzyň dünýäniň iri halkara guramasy bolan BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygynyň düýp many-mazmuny, türkmen döwletiniň sebit we dünýä derejesinde alyp barýan belent ynsanperwer işleri muňa aýdyň mysaldyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitabynda şeýle aýdyň hakykatlar täzeçe many-mazmunda açylýar. Kitaby okap, olara has aýdyň, has giňişleýin göz ýetirýärsiň. Nesip bolsa, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň döwletli tutumlarynyň ata-babalarymyzdan gelýän asylly, ynsanperwer ýörelgeleri has-da pugtalandyryp, ýurdumyzyň her bir gününi täze rowaçlyklara beslejekdigine ynamyň artýar. 

Hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» kitabynda Pyragynyň edebi mirasynyň gymmaty, pähim-paýhasa ýugrulan döredijiliginiň dünýä edebiýatyna, medeniýetine goşan ägirt uly goşandy, Ýer ýüzünde parahatçylygy, abadançylygy, dostdoganlygy pugtalandyrmakdaky, hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmekdäki möhüm ähmiýeti barada söz açýan kämil pikir-garaýyşlar bilen birlikde, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileý senesi mynasybetli 2024-nji ýylda geçirilen çäreler hem giňden beýan edilýär. Islendik okyja düşnükli, sada dilde we çeper beýan edilmegi şahyryň gymmatly edebi mirasynyň taryhy hyzmatlaryna mynasyp baha bermekde täze eseriň ähmiýetini artdyrýar. Kitapda getirilýän anyk maglumatlar, delillerdir mysallar okyjynyň öňünde türkmeniň akyldar şahyrynyň taryhy, jemgyýetçilik-syýasy, şeýle-de durmuşy we dörediji şahsyýet keşbini örboýuna galdyrýar. Şol bir wagtda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň giň okyjylar köpçüligine niýetlenen täze eseriniň tutuş mazmunynda ruhy seždegähimiz Magtymguly Pyragynyň ynsanlaryň kalbyna melhem bolýan şygyrlarynyň asyrlar boýy türkmen jemgyýetiniň ruhy sagdynlygynyň, ahlak kämilliginiň gözbaşy, sarsmaz binýady bolup gelendigi nygtalýar. Hormatly Prezidentimiz akyldaryň gymmatly edebi mirasynyň häzirki döwürde dünýä jemgyýetçiliginiň ruhy-ahlak ösüşiniň ýokary göterilmegindäki mynasyp ornunyň barha giňelýändigine ünsi çekýär. Bulardan başga-da, sekiz bölümden ybarat täze eseri okanyňda, nusgawy şahyrymyzyň kämil şygyrlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ruhy joşgunynyň ylham çeşmesidigine, döwletli tutumlaryň üstünliklere beslenmeginiň ruhlandyryjysydygyna, ýurduň nurana geljegi, Watanyň daýanjy hasaplanýan ýaş nesiller üçin görelde mekdebidigine ýene bir ýola göz ýetirip, buýsanjyň has-da artýar. 

Dür söz bilen dünýä özüni tanadan, sözleriň uzuna, dana paýhasa eýe bolan şygyrlary arkaly tutuş adamzady ýagşylyga, hoşniýetli gatnaşyklara, dostlukly hyzmatdaşlyga çagyran şahyryň edebi mirasynyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň taryhy tutumlarynda hem, asyl-ha, ähli döwürlerde-de halkymyzyň taýsyz ruhlandyryjy güýji boljakdygy mizemez hakykatdyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şeýle buýsançly hakykaty nygtaýan täze eseri Magtymguly Pyragynyň belent hormat-sarpasynyň, gymmatly edebi mirasynyň dünýä derejesinde dabaralanmasydyr. Bu ajaýyp kitap agzybirligiň ündewçisi, parahatçylygyň şahyry bolan beýik söz ussadynyň türkmen paýhasyny özünde jemleýän kämil eserleriniň, ynsanperwer pikir-garaýyşlara ýugrulan çagyryşlarynyň täze taryhy döwürde Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen dünýä ýaýylýandygyna-da tassyknamadyr. Ol Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny ylmy taýdan içgin öwrenmekde, Watana wepaly, ylymly-bilimli, maksada okgunly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde bahasyna ýetip bolmajak ruhy hazynadyr. Şeýle ajaýyp kitaplary halkymyza peşgeş berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, dürdäne eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris. 

 

Gu­wanç­ ÇEN­DI­ROW, ­

Türk­me­nis­ta­nyňMag­tym­gu­ly­ adyndaky

Ýaş­lar­ gu­ra­ma­sy­nyň­ Bal­kan we­la­ýat­ ge­ňe­şi­niň ­baş­ly­gy,­ 

Mej­li­siň ­de­pu­ta­ty.