Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
24.01.2025

«Ömrüň manysy Watanyň parahatçylygynda»

 

Parahatçylyk ynanyşmakdan, agzybirlikden, hoşniýetli ýylgyryşlardan başlanýar. Ynsanyň uzak ömür sürmegi, sagdyn ýaşamagy üçin tämiz howanyň, arassa suwuň, ter önümleriň gerek bolşy ýaly, parahatçylyk hem zerurdyr. Çünki parahatçylyk bolan ýerde ýaşaýyş bar, gülleýiş bar. Şonuň üçin-de parahat durmuşy wagyz etmek her bir ynsanyň borjudyr. Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagyny we ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny ilat arasynda wagyz etmek maksady bilen 15-16-njy ýanwarda Ahal welaýatynyň Bäherden, Gökdepe, Kaka, Ak bugdaý, Babadaýhan, Tejen we Sarahs etraplarynda wagyz-nesihat duşuşyklary geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işleşmek baradaky komitetiniň başlygy Maksatberdi Gurbanow, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň başlygy Maral Açilowa, «Edebiýat we sungat» gazetiniň baş redaktory Ogulmaýsa Allaberdiýewa, şeýle-de il sylagly ýaşulular, mährem eneler, edara-kärhanalaryň işgärleri, daýhanlar we işjeň ýaşlar gatnaşdylar. Biz hem wagyz-nesihat duşuşyklarynda çykyş eden ildeşlerimiziň käbiriniň çykyşlaryny okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Maksatberdi GURBANOW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işleşmek baradaky komitetiniň başlygy: 

— Gahryman Arkadagymyz «Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr» atly kitabynda: «Bütin dünýäde ilkinji gezek Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmek hormatyna mynasyp bolan Türkmen Bitaraplygy, hakykatdan hem, gudratdyr» diýip belleýär. 2025-nji ýylyň şygarynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek, döwletleriň arasynda özara ynanyşmagy berkitmek, dünýä ýurtlaryny we halklaryny dost-doganlyga çagyryş baradaky asylly maksatlary öz beýanyny tapýar. Konstitusiýamyzda: «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy onuň içeri we daşary syýasatynyň esasy bolup durýar» diýip beýan edilmegi, «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Türkmenistanyň konstitusion kanunynyň kabul edilmegi, «Bitaraplyk» ordeniniň, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan», «Bitarap Türkmenistanyň 25 ýyllygyna» atly ýubileý medallarynyň döredilmegi bu syýasatyň wajyp ähmiýetinden habar berýär. 

Bitaraplyk syýasaty hormatly Prezidentimiziň üçünji müňýyllygyň möhüm maksatlaryna — deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak esasynda ählumumy parahatçylyga we durnukly ösüşe, syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, medeniýetleriň sazlaşykly utgaşmagyny gazanmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň binýatlaýyn esaslarydyr. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyz bolsa bu ugurdan amala aşyrylýan işlere täze badalga berer. Çünki parahatçylyk — tutuş dünýä ynsanlarynyň ymtylýan gymmatlygy. Ynanyşmak bolsa şol gymmatlygyň hemme ynsanlaryň durmuşyna ornaşmagyna barýan ýolda şamçyraga öwrüler. 

Halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik tutumlary üstünliklere beslensin.